18-nji maýda ýurduň ähli künjeklerinde milli senenamanyň ähmiýetli senesi bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli baýramçylyk dabaralary geçirildi. Ir säher bilen Konstitusiýa binasynyň öňünde ýaşyl tuglar pasyrdaýar, bu ýere ýygnanan adamlaryň ruhubelentligi we şadyýan keşpleri ajaýyp gülleriň dürli öwüşginlerine beslenýär. Konstitusiýa binasyna gül goýmak dabarasy tamamlanandan soň, wakalar türkmen paýtagtynyň taryhy merkezinde ýerleşýän Magtymguly seýilgähinde dowam etdi. Bu ýerde suw çüwdürimleriniň arasyndan beýik Pyragynyň hormatyna daşdan oýulyp ýasalan ýadygärligi howalanýar. Magtymgulynyň ýadygärliklerine gül goýmak dabaralary, şeýle hem ählumumy baýramçylyk mynasybetli aýdym-sazly şygryýet dabaralary we konsertler diňe ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň merkezleriniň baş meýdançalarynda däl-de, eýsem, daşary ýurtlaryň-da köpüsinde geçirildi. Elbetde, bu baýramçylyk agşamynda bagşy-sazandalaryň ençemesi öz çykyşlaryny türkmen şygryýetiniň beýik ussady Magtymgula bagyşladylar. Onuň döredijilik mirasy we Türkmenistanyň Konstitusiýasy biziň halkymyzyň bir bitewi gymmatlyklaryny beýan edýär diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. http://turkmenportal.com

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir