DÜÝN men öz ýazyjy-kärdeşim Ikse duşdum, onuň görnüşi biçak işli adama meňzeýärdi. — Hä maestro, näme pişeleýärsiň? — Ol maňa göz ýumup-açasy salym nazar saldy. Onuň nazary öçügsidi. Soňra bolsa edil ukudan açylan ýaly: — Hä, dostum, asyl senmidiň? Gadyrdan dostum, men näme pişe eder öýdýäň? Öžüň görüp dursuň-a, döredijilik kakyny-da...—diýip, Iks söz açdy. — Näme, bir zat ýazýamyň? — Hawa... Nowella ýazýan... Biraz salym ýoldaş bolmaga wagtyňyz bolmazmyka? Ol meniň golumdan tutdy we biz ýanaşyp ýöräp ugradyk. — Gadyrdan dostum — diýip, kärdeşim sözüni dowam etdirdi. — Men uly bir zat ýazmakçy bolýan... Güýçli... Şu ýerik bir minutlyjak girip çykaýsak nädýär, sen garşy bolmarsyň-a? Ol uniwersal magaziniň öňünde aýak çekdi, biz ýokaryk çykdyk we ol bir bölümiň ýanyna bardy: — Maňa rumyn halysy gerek-le — diýip, ol satyja ýüzlendi. Ol satyjy birnäçe haly getirdi. Meniň dostum olara seredişdirip gördi-de, onsoň menden maslahat sorady: — Sen bularyň haýsysyny has gowy görýäň? Men özgöwnümdäkini aýtdym. — Hawa, seňki dogry. Ol halyny aldy. Biz bir etaž aşak düşdük. Meniň dostum öý gap-gaçlary satylýan ýerde saklandy. — Ýoldaş satyjy, maňa bäş-üç sany tabakdyr oba golçajyklary gerek-le?.. Bu meni gyzyklandyrdy... — Sen näme, dostum, oba gitjek bolýarmyň? Ol köp manyly ýylgyrdy: — Ony soň aýdaryn. Biz ýene bir etaž aşak düşdük. Bu ýerde ol kiçijik stol we birnäçe taburetka aldy. Onuň ýüzi ýagtylandy. — Eziz dostum, bu zatlaryň saňa nämä geregi bar?—diýip, men köçä çykanymyzdan soň ondan soradym. Ol ýene-de meniň golumdan tutdy. — Men uly bir zat ýazmak isleýärin. Men öňem aýtdym ahyryn. Hawa! Oba durmuşyndan powest ýazmakçy. — Ýerionsoň? — O nähili, ýeri onsoň? A materiallar, adamlar, atmosfera gerek dälmi? — Oba gidýärmiň? Ol gaharlandy. —Sen nähili beýle düşünmeýärsiň. Şonuň üçin men oba süýrenip gider öýdýärmiň. Obany men öz ýanyma getirin. Otagy edil daýhanlaryňky ýaly edip gurnaşdyrýaryn. Bilýärmiň, baga çykylýan otagy-da. Eýýäm birentek guş bilen kapasa-da satyn alyp goýdum, ine saňa atmosfera! Sen paýhas edip görýärmiň? Ýeri, obada men näçe wagtlap takat edip bilerin? Zor aýakdan iki-üç hepde bolaryn-da! A otagy şeýdip düzetsem welin, edil oba baran ýaly öýüme gelýärin. Öýüm oba. Obada ýatýan, obada nahar iýýärin, obada ýazýan, neneň görýäň? Meniň bagtyma, ol meniň golumdan tutup durdy. Biraz salymdan soň, men özümi dürsäp, pikirimi jemledim-de: — Ýeri, bolýar-da... a hany adamlar? — diýip soradym. Ol has-da gyzdy: —Men ony hem göz öňünde tutdum. Buharestiň eteginde bir obada meniň garryja daýym bar... — Diýmek, sen her hili-de bolsa, oba gidýärsiňdä? — O näme üçin! Ony men öýüme çagyrdym. Düşdüňmi? Men nowella ýazýarkam, ol şu ýerde meniňkide ýaşar. Men saňa aýtdym ahyryn. Men uly bir zat ýazmak isleýärin... Men bu ýerde saklanyp bilmedim. — Näme diýsene, sen bir topar zatlary hakydaňa-da getirmänsiň... — Ýeri nämäni? — Sen, gardaş, daýhanlaryň elde dokalan balagyny hem edin, özüňem ony hökman geý. Egniň halatly oba durmuşy hakynda ýazmagy hyýalyňa-da getirme! Hatda synanyşjagam bolmagyn! Şundan hatyrjem bol! Ol pikire çümdi. Men ony şonda ýeke galdyrdym. Meniň öz işimem bardy. Men bir hepdeden soň oňa duşdum. Bir çete sowlup, men ondan sypjak boldum, emma ol meni göräýdi. — Näme pişeleýärsiň? Nirä alňasaýarsyň? Meniň saňa gürrüň ediberen powestimi bilýärsiňmi, meniň şonym örän şowly barýar. A sen hiç zat ýazaňokmy? Meniň kellämde şelaýyn bir pikir aýlanyp başlady. — Hä, elbetde, ýazýaryn... Roman ýazýaryn. — Dogrudanmy? Berekella. Neneň özi, gowumy? — Wagty geler, göreris.., ýazýan romanym industrial temadan. Emma bir zat welin heläk edýär... — O nähili beýle, gardaş? — Men saňa aýtmadymmy näme? Men industrial roman ýazýaryn ahyryn! Materiallar, atmosfera, adam... —Ýeri onsoň ol heläk edýän näme? — O nähili näme? Özüme bir domna peji alynjak bolup, tutuş iki günläp garabaşagaý bolup kaňkadym, görsene, tutuş Buharestden ýekejesinem tapmasam nädersiň!