«Munyň jyrk etmedi-le?!» Suratçy Pökgi Meredow obadan gelen ýaşuly agasy Atda aganyň suratyny almaga başlapdyr. Sagat ýarymlap gymyldaman oturan ýaşuly ahyrsoňy çydaman: —Beh, Pökgi jan, munyň jyrk etmedi-le?!—diýip, ýerinden turupdyr. «Şunuň ýaly çüý gerek» Obaly Şyhberdi aga şäherli tanşyna jaň edýär. Saglyk-amanlyk soraşylandan soň, özüne gurluşyk üçin çüý gerekdigini aýdýar. Aňyrdan «Nähili çüý?» diýlen ses eşidilýär. Ýaşuly trubkany egni bilen çekgesine gysyp, ylla diýersiň, söhbetdeşi görýän ýaly, başam barmagy bilen orta barmagynyň arasyny açyp: —Ine, şunuň ýaly çüý gerek— ar. «Depen bolanlygynda» Ependi köçeden geçip barýarka, birdenkä bir it topulyp gelipdir-de, onuň aýagyndan ýarypdyr. Ependiniň gahary gelip, iti palta bilen çapypdyr. Itiň eýesi: —Sen iti paltanyň ýüzi bilen däl-de, çüwdesi bilen urmaly ekeniň. Şeýden bolsaň, meniň itim diri galardy—diýip igenipdir. —Düşüniň ahyryn, it meni ýiti dişleri bilen dişledi. Eger ol dişlemän depen bolsa, menem paltanyň çüwdesi bilen urardym—diýip, Ependi jogäp beripdir.