Günlerde bir gün Hoja Nasreddini— Ependini myhmançylyga çagyrypdyrlar. Myhmanyň öňüne saçak ýazyp, öý eýesi onuň hyzmatynda durupdyr. Saçaga erik kişdesinden gaýnadylyp taýýarlanylan bir tabak içgini getirip goýupdyr. Soňra ol Ependiniň eline kiçijik çaý çemçesini berip, özüne bolsa susak ýaly goçak çemçäni alyp, içip başlapdyr. Myhmana-da ýetişibildiginden hödür ediberipdir. Ýöne her näçe aldygyna haýdasa-da, Ependiniň içine düşen zat bolmandyr. Öý eýesi her gezek goçak çemçäni dolduryp gönderende, agzyny şapbyldadyp: «Waý: öldüm-eý, waý, öldüm» diýip Ependini gyjyndyrýarmyşyn. Bolmajagyny bilen Ependiniň ahyr sabyr-takady tükenipdir we öý eýesiniň elindäki goçak çemçäni kakyp alypdyr-da, oňa: «Besdir-le, şunça öleniň, indi menem bir ölüp göreýin» diýägede geçipdir tabagyň başyna. Soňam sähel salymda ony boşadyp goýupdyr.
Hoja Nasreddini-Ependi......
-
Gurbangeldi
9 years ago
- :-)ependi zordurlai
Hanogul 9 years ago- Hahaha