15 ýyl öň 8,8 million dollara satylan "Amerikanyň guşlary" (Birds of America) atly kitap Londonda auksiýona çykarylýar. BBC Focusyň habar bermegine görä, dünýäniň iň gymmat kitaby diýlip bilinýän Jon Jeýms Awdubonyň bu eseri XIX asyrda neşir edilip, kitabyň bary-ýogy 119 nusgasynyň bardygy aýdylýar. Bulardan 108 sanysy muzeýlerde we kitaphanalardadyr. Dekabr aýynda Sotjebiniň auksiýon zalynda satlyga çykaryljak bu kitap 1955-nji ýylda aradan çykan Lord Fredrih Fermor-Hesketiň kolleksiýasyna degişlidir. Kitapda 500 töweregi guşuň görnüşleri we 1000-den gowrak hakyky ululykdaky suraty berlendir. Asly fransuz bolan Amerikaly guş gözlegçisi hem-de suratçy Jon Jeýms Awdubon bu işini 12 ýylda gutardy. Ýazyjy Amerikanyň ähli künjeklerine aýlanyp, awlan guşlaryny ussahanasynda asyp, suratlaryny çekýärdi. Soňra Jon Jeýms Awdubon kitabyny neşir etdirip hem-de barly müşderiler tapmak üçin Angliýa gidýär. XIX asyrdan galan kitaplary ýygnamaga höwesli bolan Lord Fredrih Fermor-Hesketiň kolleksiýasynda Uilliam Şekspiriň oýunlarynyň ilkinji neşirleriniň seýrelc nusgalarynyň biri hem bardyr. Sotjebi şereketiniň "Iňlis edebiýatynyň iň möhüm eseri" diýen bu kitapdan 750 sany neşir edilendigi, 219 sanysynyň şu güne gelip ýetendigi çak edilýär. Satuwa hödürlenjek 1623 sahypaly bu kitabyň 3 sahypasy kem bolup, 2,2 million dollardan alyjysyna gowuşjagy habar berilýär.