Tilkijik ejizje bolsa-da, ol ýaşaýyşda mekirligiň iň ýokary nusgasyny görkezip bilýän haýwan hökmünde meşhurdyr. Aýdaly, ynha, tilkijigi büre basypdyr. Büreler oňa parahat ýaşamaga-şatlanmaga asla pursat berenok. Şonda bu mekirje nädýandir öýdýärsiňiz? Tilkijik bir bölejik ýüň tokgasyny agzyna dişleýär-de, akar suwuň güzerinden içerik dähedem-dessemläp girip ugraýar. Suw çuňaldygyça, tilkijik tumşugyny ýokaryk tutup ýoluny dowam etdirýär. Şeýlelikde, mekirjäniň endamyndaky büreler hem suw degip ezilmedik gury ýere süýşüp başlaýarlar. Olar ahyrsoňy gelip-gelip hälki tokgaja ýüň bölegine ýerleşýärler. Tilkäde geregi şol. O1 şol bada ýüň tokgasyny agzyndan goýberýär-de, ony suwa akdyryrýar. Geň galsaň galyp oturmaly, tüýs mekiriň işi-dä! TÜRKMEN GÜNDOGARY
Biler bolsaňyz...
-
Ehsan
9 years ago
- gawmy yagdaylagiz???
-
Ehsan
9 years ago
- slm
-
Ehsan
9 years ago
- halio didm
-
Ehsan
9 years ago
- خخخخخخخخخخخ
-
Ehsan
9 years ago
- halio didm
Ehsan 9 years ago- slm