Megerem, «hytaý diwary» diýilýan bina barasynda eşidensiňiz. Sözleýiş dilimizde onuň idioma hökmünde ulanylýandygyny hem bilýän bolmagyňyz ahtimal. Käte gatnaşyklaryň arasy kesilende: «Sen näme, aramyza hytaý diwaryny çekdiň goýaýdyň-la!» diýilmesi bardyr-a. Ýöne biziň bu çaklaňja ýazgymyz asla idioma hakynda däl. Hytaý diwarynyň geň hem gyzykly taryhy barasynda. Hawa, hytaýlylar uzak asyrlaryň dowamynda ýakyn goňşulary bolan türki halklaryň häli-şindi edýän çapawulçylyklaryndan ymykly goranmak maksady bilen demirgazyk-günbatar serhedine başy howalanyp duran belent diwar çekip goranmagy ýüreklerine düwüpdirler. Şeýlelik bilen olar baryp 1790 ýyl mundan ozal diwaryň gurluşygyna girişipdirler. Jülgeleriň, belent dag gerişleriniň üstünden geçýändigine seretmezden, janypkeş hytaýlylar uzynlygy 6250 kilometre barabar bolan diwary bina etmegi başarypdyrlar. Ýöne onuň gurluşygy 830 ýyl töweregi dowam edipdir. Gurluşykda bolsa dürli döwürlerde, takmynan, 1 milliona golaý adam işläpdir. TÜRKMEN GÜNDOGARY
turkmenniceboy 9 years ago- gyzykly maglumat. Sag bol dost yetirenine