Söz astynda dür ýatyr Halk döredijiligi söz sungatydyr. Türkmen halk döredijiliginiň nakyllardyr atalar sözleri, rowaýatlarydyr ertekileri, halk aýtgylary «Oguznama», «Gorkut ata», «Görogly» kysmy ajap eserleri – eposlary, dessanlary arkaly biz öz halkymyzyň köp asyrlar mundan ozalky pähim-paýhaslary, isleg-arzuwlary, ýaşaýyş durmuşlary bilen tanşyp bilýäris. Atalarymyzyň bize miras galdyran pähim-paýhaslarynyň agramly bölegi halk döredijiliginiň üsti bilen biziň günlerimize ýetip gelipdir. Halk döredijiliginiň iň giň ýaýrany nakyllar hem-de atalar sözüdir. Halkyň döreden nakyllarydyr atalar sözi ençeme nesliň başdan geçiren hadysalaryndan gelip çykýan dogry çözgütleri, asyrlaryň dowamynda halkyň toplan baý durmuş tejribesini, paýhasly türkmen ýaşaýşynyň özenini özüne siňdiripdir. Nakyllar we atalar sözi taryhy nukdaýnazar-dan gymmatly genji hazyna. Olar öz döredilen döwründäki taryhy ýagdaýlaryň, gatnaşyklaryň alamatlaryny özünde saklapdyrlar. Diýmek, taryhy nazardan-da nakyllaryň we atalar sözüniň ähmiýeti örän uly. II arasynda “ Bergiň müňe ýetse ýumurtga börek iý”diýen gürrüň bar. Munuň manysy bergiňden gutuljak bolsaň towuk sakla, ýedi hazynanyň biri diýmekdir. Bilşimiz ýaly, türkmeniň ýedi hazynasynyň biri guşçulyk ýagny towuk hasaplanylýar. Ir döwürlerde iki sany dogan bolupdyr. Olaryň ulusy bala-çagasy bilen mal-gara saklap, ekin ekip durmuşyny dolandyrar eken.Onuň eli uzadan ýerine ýetipdir. Durmuşda hiç hili mätäçlik çekmändir. «Halal işler edilen öýde hemişe agzybirlik, rysgal-döwlet höküm sürer» diýleni. Olar agzybirlikde ýaşaýan ekenler. Emma, kiçisiniň welin başlan işi şowuna bolubermändir. Bir ýyl jöwen ekipdir, şol ýyl bazarda jöweniň bahasy aşak düşüpdir. Ikinji ýyl künji ekipdir welin ýene şol ýagdaý gaýtalanypdyr. Garaz haýsy ekini ekse-de, ezenegi galybermändir. Bu ýagdaý bolsa, onuň hojalygyny has-da tozdurýar. „ Bu ýylky hasylym gowy bolar, elim uzadan ýerine ýeter şonda hökman sagbolsuny bilen yzyna gaýtararyn“ –diýip , goňşy-golamdan, dost-ýarlardan karz yzyna karz alýar. Şeýdip, halys bergä batýar. Inisiniň düşen ýagdaýyna agasy gyýylýar. Ol maşgalasynyň agzyndan kesip inisine bir gün, iki gün berer. Ýöne, Taňrynyň güni darydan köp. Bendesiniň bereni bir günlik, dirilik boljak. Allanyň bereni, öz daban azabyň, gara zähmetiň bilen gazananyň ömürlik boljak. Şu pikirleri oýundan geçiren agasy baryp towuk keteginiň agzyny açyp , ondan kürk basjak bolup çugutdyryp oturan mäkiýan towugy goltugyna alyp, ýanynyň ýumurtgalary bilen inisiniň öýüne getirip berýär. Mal-mülk bir nesipdir, bir köpelýär, bir azalýar, bir görseň gider, soň ýene gaýdyp geler.Aradan wagt geçýär. Häki towugyň daş-töweregini birenaýy jüýjeler gurşap alýar. Alty aýdan soňra towuk jüýjeleri ýumurtga berip ugraýar. Towuklary, onuň ýumurtgalaryny satyp bergilerini üzýär. Ine, şeýdip ýedi hazynanyň biri hasaplanýan towuklary köpeltmek bilen, olaryň hem maşgalasynyň gün-güzerany ýylsaýyn gowulaşyp gidýär. Olaryň iýýäni hem ýumurtga börek bolupdyr. Tebipleriň aýtmagyna görä, towuk ýumurtgasynyň adam saglygy üçin täsin hem gymmatly dermanlyk häsiýetleri bar. Ýöne hemme zatda bolşy ýaly, ony ýerlikli hem ýeterlik mukdarda ulanmak gerek. Ol beýni süňküniň gan emele getiriş ukyplylygyny güýçlendirýär . Ýumurtganyň onikibarmakiçegäniň hem aşgazan ýarasyny bejermekde hem nepi örän uly. Halk arasyndaky: “ Ýykylsaň ýere ýapyş“ diýilýän nakylyň aňyrsynda hem şeýle ýaşaýyş ýörelgesi bar. Daragtyň idegini ýetirdigiňçe onuň miwesi köp we datly bolar. Sebäbi, daýhançylykda şol bir ekini ýedi ýyllap ekseň, şol ýedi ýylyň haýsy-da bolsa bir ýylynda ýer seniň ähli yhlasyňy, eden azabyňy , siňdiren zähmetiňi artygy bilen esseläp gaýtararmyş. „ Çekseň zähmet-ýagar rähnet“, “Sakla samany, geler zamany' ýaly halk nakyllarynyň hem manysy uludyr. Annatuwak Kakaýewa

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir