Aşgabat şäherimiziň çägini deň derejede we ýokary hilli ösdürmek, şeýle hem onuň çetleriniň paýtagtymyzyň nusgalyk derejesine laýyk gelýän has oňaýly, arassa, owadan bolmagyny üpjün etmek düýpli çäreleriň biri bolup, ýurdumyzyň baş şäherinde abadançylygyň, arassaçylygyň we ähli ugurlar boýunça nusgalyk derejede bolmagynyn üpjün edilmegi bilen bir hatarda şäherimiziň çetleriniň häzirki döwriň ruhuna laýyk gelmegi möhüm meseledir. Şoňa laýyklykda hem Çoganly şäherçesinde Daşoguz ýolunyň ugrunda we Şor Garadamakda bagbançylygy ösdürmek üçin bölünip berlen meýdançalaryň (daçalaryň) şäherimiziň häzirki zaman binagärlik durkuna laýyk gelmeýändigini we bu ýerlerde arassaçylyk, weterinar, ýangyna garşy kada-düzgünleriniň hem-de daşky gurşawy goramagyň meseleleriniň berjaý edilmeýändigini bellemek bolar. Aslynda hem bu ýerler Aşgabat şäher bagbanlar jemgyýetiniň agzalaryna goňşy meýdançalarda kadaly dynç alyşa zyýan bermezden, baglary ekmek, ideg etmek we bu ýeriň 20 göterim ýerinde bagbançylyk öýjagazlaryny gurmak üçin berlen ýerler bolup durýar. Emma, muňa garamazdan, Aşgabat şäher bagbanlar jemgyýetiniň tertibi bozulyp, häzirki wagtda raýatlarymyza boş wagtlarynda kadaly dynç almak, bagçylygy ösdürip ýetişdirmek üçin bölünip berlen bu meýdançalar (daçalar) Aşgabat şäherinde ýazgyda durmaýan raýatlara ýaşamak üçin özbaşdak berlýär we ýeri ulanyşyň, daşky gurşawy goramagyň talaplary bozulýar, netijede bu ýerler maksatlaýyn niýetlenilişine laýyklykda ulanylmaýar. Şonuň üçin hem gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherini abadanlaşdyrmaklygyň çäklerinde raýatlarymyza bölünip berlen bu ýer meýdançalarynda (daçalarda) tertip -düzgüniň berjaý edilmegine degişli şäher häkimlikleri tarapyndan gözegçilik işleri güýçlendirilse we bu ýerlerde abadanlaşdyryş işleri amala aşyrylsa maksada laýyk bolardy. Şeýle hem häzirki wagtda ýerleşýän ýeriniň bazar üçin darlygyny, arassaçylyk, ýangyna garşy kadalaryň ýerine ýetirilmeginde, awtoulaglaryň kadaly gatmaklarynda ýüze çykýan kynçylyklar göz öňünde tutulyp hem-de onuň töweregindäki şäher ýaşaýjylarynyň rahat, asuda ýaşamaklaryna amatly şertleri döretmek maksady bilen paýtagtymyzyň gaýrasynda (hitrowkada) ýerleşýän «Daýhan» bazaryny söwda işleri üçin täze gurlan we ähli amatlyklary bolan «Altyn Asyr» gündogar bazaryna hem-de «Garaşsyzlygyň 15-ýyllygy» bazaryna göçürmek işleri alnyp barylýar. Şonuň bilen birlikde hem häzirki wagtda sökülip aýrylýan «Daýhan» bazarynda söwda nokatlary bolan raýatlarymyz ýokarda agzalan bazarlardan söwda nokatlary bilen üpjün edilýär we olaryň söwda işlerini amala aşyrmaklary üçin amatly şertler döredilýär. Baş şäherimiz bolan gözel Aşgabat şäherimizi iň gözel, iň arassa we ähli taraplaýyn ösen, döwrebap şähere öwürmek alnyp barylýan ähli il-ýurt bähbitli işler eziz raýatlarymyzyň özleri barada edilýän aladalar bolup, ol raýatlarymyzyň dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesinde amatly şertlerde ýaşamaklaryna ajaýyp mümkinçilikleri döretmeklikden ybaratdyr.
Hanogul 9 years ago- Gaty gowy yazypsyn