— Kaka, şu günki ýaryşda men ikinji orny eýeledim. — Üçünji orny kim eýeledi? — Hiç kim. Myrat bilen ikimiz ylgaşdyk. * * * — Kaka, maňa deprek alyp bersene. —Aý, ýok oglum. Sen meni işlemäge goýmarsyň. — Ýok kaka, men ony diňe sen ýatanyňda çalaryn. * * * — Myrat, hemmeler alty kerpiçden daşaýarlar. Sen bolsa üçden daşaýarsyň. Agyr bolýarmy? —Aý, ýok. Başgalar iki gezek gatnamaga ýaltanýandyrlar. Men olar ýaly ýaltalardan däl-ä... * * * Mamasynyň emeli dişlerini agzyndan çykarynyny gören agtyjagy: — Hany indi gözleriňem çykar-da — diýip, jykyr-jykyr gülüpdir. * * * — Kaka, men seniň bilen gepleşenimde sen telefon trubkasynyň içine nädip girip bildiň?