Abu Reýhanyň ylma berlenligi hakda rowaýatlar örän kän. Bir gezek ol agyr ýarawsyz ýatyrka dostlarynyň biri halyny soramaga gelipdir. Sähel mejaly bolan Biruny ondan bir mesele hakda sorapdyr. Ol adam: «Haly teň ýagdaýda ýatyrsyň, bu wagt ylym bilen meşgullanmak hökmanmy?» diýip sorapdyr. Bi-runy oňa «Men bu dünýäden şuny bilip gidenim bilmän gidenimden haýyrly dälmi näme?!» diýipdir. Soňra ikisi bu meseläniň üstünde dürli pikir alşypdyrlar. Ahyry Bi¬runy kanagatlanarly jogap tapypdyr. Ol adam çykyp gaýdýar we ýolda gelýärkä hem Biruniniň dünýäden ötendigi hakdaky habary eşidip galýar.