Türkmenistanyň Prezidentiniň beýikliginiň delili onuň öz halkyna bolan çuňňur söýgüsi hormat-sarpasydyr. Beýikliginiň delili amala aşyrýan beýik işleriniň iş ýüzünde amal edilen beýanydyr. Tapawutly ýol-ýörelgeleri umumy adamzat bagtyýarlygydyr. Biziň döwletimiziň sagdynlygyň, abadanlygyň ýagşy arzuw hyýallaryň mekanydyr. Ösen döwrüň köňül küýsegine laýyklykda, täze-täze özgertmeler hem-de şanly gülläp ösüşler bilen barha şöhratlanýan Beýik Galkynyşlar eýýamynyň röwşen geljegini ynamly hem-de aýdyň nazarlap, öz halkyny ösüşiň täze, nurana belentliklerine tarap öňe alyp barýan mähriban Prezidentimize müň kerem alkyşlar, hem-de senalar bolsun! Milli liderimiziň halk bilen bir jan, bir tendigine, onuň öňe süren “Döwlet adam üçindir!” diýen şygary, aýdan aýdyň, günden ýiti ýol-ýörelgesi delildir. Öň boşap ýatan tarp ýerleri, örän gysga wagtyň içinde, ylla diýersiň: “Bir bar eken, bir ýok eken, pylan ýurtda, pylan diýen ýerde, gözellikde bir-birini gaýtalamaýan, älemde deňsiz-taýsyz köşgi-eýwanly, metjitleri dört-bäş minaraly, diňleri gözaraly, bagly-bakjaly şeýle bir ajaýyp ýurt bar eken” diýen waspy belentden - belent beýan edilen döwrebap, nusgalyk şäherleriň peýda bolmagy ýa-da köp ilatly etraplaryň şäherlere öwrülmegi, şonuň ýaly-da il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutumly işleriň durmuşa ornaşdyrylmagy halk bilen hormatly Prezidentimiziň arasyndaky mähribanlyk riştesi bolup, umumy halk goldawyny has-da pugtalandyrdy. Bu zatlaryň amala aşyrylmagynyň netijesinde mertebesi belent Prezidentimiziň egnine ýene-de alkyşa beslenen mertebe halady atylyp, mertebelik derejesini aşyrdy. Bu mazmuna Prezidentimize tä şu günki güne çenli öz halky hem-de dünýä ýurtlary tarapyndan gowşurylan döwlet sylaglary doly güwädir. Mähriban Prezidentimiz turuwbaşdan özüniň beýik Döwlet Maksatnamalaryny bütin ýurt gurşawynda amala aşyrmaklygy müwessa bildi. Munuň şeýledigini ýurt baştutanymyzyň halkara hyzmatdaşlyklar bilen eriş-argaç bolup, doganlyk-dostluk duýgularyna edil bal bilen ýag ýaly siňip giden haýyrly işleri doly tassyklaýar. Hawa, özleri hakynda edilýän aladalara monça bolan halkymyz galkynyp ýaşaýar. Olar :”Men esasan halkymyzy täze-täze zähmet ýeňişlerine we döredijilik üstünlüklerine ugrukdyrmak watanymyzyň abraýyny has-da ýokary galdyrmak boýunça siziň alyp barýan we geljekde bitirjek üstünlikli işiňize bil baglaýaryn.” - diýen mähriban Prezidentimiziň ynamyny ödemek üçin artdyrylan gaýrat, artdyrylan güýç bilen zähmet çekýärler. Ýurt baştutanymyz hem öz gezeginde bu işi amala aşyrmaga öz goşantlaryny goşan adamlaryň şol sanda gelin-gyzlarymyzyň hem çeken zähmetine mynasyp baha berip, sylag-serpaýlar bilen kemsiz ýüküni ýetirip, il-içinde olaryň hormatyny artdyrýar. Şeýle bolansoň işledigiňçe işläsiň gelýär. “Türkmenistanyň ähli ilatynyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin mundan beýlägem tagallamy gaýgyrmaryn.“ - diýen mähriban Prezidentimiz mertebelidir. “Meniň iň esasy we iň ygtybarly daýanjym halkym bolar.“ - diýen adam hakyndaky taglymy bilen beýikdir. Demokratiýa barada aýdylanda bolsa, bu näzik substansiýany taýýar daşary ýurt modellerini ulanyp, ornaşdyryp bolmaýar. Ony diňe parasatly milli tejribäni hem-de ozalky nesilleriň däplerini ulanyp, aýawly ýetişdirip bolýar.“ - diýip, geçmişe hormat gözi bilen garap, şu günüň aladasy bilen işläp, gelejegi nazarlap bilýänligi bilen döwletlidir. Uzak gelejegi aýgytly kesgitlemegiň hötdesinden gelýänligi üçin, öňe süren milli strategik meýilnamalary we beýik döwlet maksatnamalary ebedi dowamat dowamdyr. Milli liderimiz ulus-iline: ”Halk biz üçin däl-de, biziň hemmämiz halk üçin, onuň abadançylygynyň we bagtynyň hatyrasyna zähmet çekmelidiris!“ - diýip, tabşyrmak bilen adamlary birek - biregiň hoşniýetli goldawynda, ýagşy hemaýatda bolmagy ündedi. Her - bir çykyşynda mähriban hem-de eziz işleriň hyzmatynda bolmaklygy nesihat etdi. “Güýçli döwletde ylym esasy orny eýeleýär, diýmek, biz ylmyň iň täze gazananlary bilen aýakdaş gitmelidiris.” - diýip, öz halkynyň we ösüp gelýän ýaş nesliň ylymly-bilimli bolmagy üçin köp-köp yhlas siňdirdi. Netijede, okamak, öwrenmek, bilmek küýseginde bolan, ylma höwesek ýaşlaryň on müňlerçesi mähriban Prezidentimiziň döreden ähli döwlet mümkinçiliklerinden goldaw tapdylar. “Eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak - saglygy goraýşyň wajyp meseleleriň biri bolup durýar.” - diýip, ýurdumyzyň ilatynyň saglygyny goramagyň ygtybarly mümkinçiliklerini has öňe sürdi. Gözelligiň esasy sakasy, gözbaşy saglyk. Adamlar birek-birege ýagşy dilegler edende: ”Janyň sag bolsun!” - diýýär. Toý - tomaşada ilki bilen şirin janyň saglygy arzuw edilýär. Sebäbi, dünýädäki ähli derwaýyslyklaryň içinde iň zerur bolan derwaýyslyk ol-da bolsa, jan saglyk saýylýar. Durmuş, eziz janyň tut ýaly saglygynda gözeldir. Goý, türkmen halkynyň bagty üçin, mähriban Prezidentimiziň gutly rowaç gadamy mundan beýläk-de, mübäreklige beslensin. Annatuwak Kakaýewa, şahyrana