Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz türkmen sportuny dünýä çykarmaga aýratyn üns berýär. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda, etraplaryň aglabasynda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin hemme şertleri bolan döwrebap sport desgalary gurlup ulanylmaga berilýär. Aşgabat şäheri bolsa gözümiziň alnynda iri sport merkezine öwrülip barýar. 2017-nji ýylda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna ýokary derejede taýýarlyk görmegiň çäklerinde şu günler Olimpiýa şäherçesiniň gurluşygy batly depginde dowam edýär. Türkmen türgenleri sportuň göreş ugry boýunça has-da ezberlik görkezýärler. Muny ýakynda paýtagtymyzda geçirilen guşakly göreş boýunça 12-nji dünýä çempionatynda we milli göreş boýunça birinji dünýä çempionatynda türkmen pälwanlarynyň medallaryň 45-sine (16 altyn, 14 kümüş, 15 bürünç) mynasyp bolmaklary-da subut edýär. Nesip bolsa, türkmen pälwanlary Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda-da milli göreşimiz boýunça öz ussatlyklaryny görkezerler. Çünki hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 28-nji noýabrynda paýtagtymyzdaky «Oguzkent» myhmanhanasynda Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň prezidenti Şeýh Ahmad Al-Fahad Al-Sabah, Okeaniýa döwletleriniň Milli olimpiýa komitetleriniň prezidenti Robin Mitçell, şeýle-de sport marketingi ugrunda işleýän «Lagardere unlimited» kompaniýalar toparynyň dolandyryjy direktory Týerri Funk-Brentano bilen duşuşygynda Aziada — 2017-ä türkmen milli göreşini hem-de atçylyk sportuny (konkur) goşmagy teklip etdi. Üç-dört günlükde bolsa Şeýh Ahmad Al-Fahad Al-Sabahdan türkmen Lideriniň bu teklibini Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň kabul edendigi baradaky hoş habar gelip gowuşdy. Şeýlelikde, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girýän 19 görnüşiň üstüne ýene-de 2 görnüş goşuldy. Ýeri gelende aýtsak, Aziada — 2017-ä gatnaşjak döwletleriň sany-da öňkülerden mese-mälim köp bolar, ýagny oňa Aziýanyň 45 ýurdunyň türgenleri bilen birlikde, ilkinji sapar Okeaniýa ýurtlarynyň hem 17-sinden türgenler gatnaşarlar. Nesip bolsa, biz öz türgenlerimiziň sportuň konkur görnüşi boýunça-da şowly çykyş etjekdigine ynanýarys. Sebäbi bu sport ilkinji gezek XIX asyryň ellinji ýyllarynda Fransiýada dörän-de bolsa, ahalteke atlarynyň hem bu ugurda öz başarjaňlygyny subut edendigini bellemek gerek. Meselem, meşhur Arabyň nesli Absentiň 1960-njy ýylda Rimde geçirilen Olimpiadada sportuň konkur ugry boýunça ýeňiji bolandygyny köpler bilýän bolsalar gerek. Häzirki döwürde bedewlere çäksiz sarpa goýýan milli Liderimiziň tagallasy bilen sportuň konkur görnüşi günsaýyn ösýär. Bu bolsa geljekde ahalteke bedewleriniň dürli päsgelçiliklerden geçmekde ýokary netijeleri görkezjekdigi baradaky ýakymly duýgulary kalbyňa guýýar. Bayram Muhammedow

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir