Türkmenistanda ylma-bilime, sungata, medeniýete uly üns berýär. Berkarar döwletiniň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň gül açýan bagtyýar eşretli durmuşy ajaýyp güller bilen hasam gözelleşýär. Ajaýyplyklaryň nusgasy şatlygymyzyň şaýady gülleriň gözelligi ynsanyň bütin ömrüniň ýaşaýşynyň bezegi, ruhybelentliginiň şaýadydyr. Bahar paslynyň gelmegi bilen daş-töweregimizi al-elwan güller bilen bezelýär. Güller diňe bir tebigatymyzy bezemän, ruhy dünýämize hem özüniň ajaýyp täsirini ýetirýär. Adam gülüň bar ýerinde özüni has bagtly duýýar, gamgyn hallarynyň aýrylýandygy, onuň ýerine bolsa, olaryň şadyýanlygynyň we durmuşdan alýan lezzetiniň artýandygy duýulýar. Gülüň üsti bilen adamlar öz duýgularyny, ýagny söýgüsini, birek-birege bolan hormatyny beýan edýär. Güller gelin-gyzlaryň iň gowy görýän sowgady. 2015-nji ýylyň mart aýynyň 12-ne Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda Türkmenistanyň halk suratkeşi Annadurdy Almämmedowyň ýolbaşçylygynda şekillendiriş sungatynyň dürli ugurlarynda ýerine ýetirilen güller sergisi geçirildi. Bu sergä halypa mugallymlar we talyp ýaşlar öz işleri bilen gatnaşýarlar. Ýerine ýetirilen güller örän uly täsir edýär. Suratkeş öz döredijiliginde ýaz paslyny güllere bolan söýgüsini şekillendirýär, gülleri nakgaşçylykda, grafikada we amaly-haşam sungatynda ýerine ýetirilýär. Nakgaşlar kendire ajaýyp näzik gülleri ýerine ýetirse, dizaýnda bilim alýan ýaş talyplar aýnaň, kagyzyň ýüzüne dürli reňkli güljagazlary bilen bezeýärler. Şeýle hem güller bilen bezelen dürli gutujyklarny özboluşly bezeg bolup durýar. Şonuň bilen bilelikde gobelende ýerine ýetirilen gülleriň keşbi aýratyn orna mynasypdyr. Grafikaçylar hem kwiling we mozaýika meňzedilen gülleri ajaýyp ýerine ýetiripdirler, şeýle hem grafika usulynda gülleri gelin-gyzlar bilen baglanyşdyryp, taslama görnüşi bilen tapawutlanýar. Sungaty öwrenijiler güller bilen bezelen natýurmorty, şeýle hem mataň ýüzünde gülleriň şekillerini ýerine ýetirmek bilen gülleriň gözelligini wasp edýärler. Ilki gülleriň suraty Marguşyň sungatynda duş gelipdir, şeýle hem Müsürde ierogliflerde (belgini aňladýar) suratlandyrylýan Lotos güli diwarlarynda peýdalanypdyr. B.ö. III-VII asyrda Sasanylar döwletinde Meleheýrandaky ot ybadathanasynyň inedördül bezegli sekisinde zolaklaryň dört sany ujy üç ýaprakly ösümligi şekillendirýän düwüni emele getirýär. Esasy sekiniň gündogar böleginiň ýalpak oýlugynda, lotos ösümliginiň üç ýa-da dört sany gülüniň sudury görünýär. Müsürde Tuton Hamonyň sandygynyň ýüzündäki relýefinde aýalynyň bagyň içinde gül uzadýan şekilini görmek bolýar. Häzirki döwürde milli mirasymyza degişli Durdy Baýramowyň ,,Bägülli natýurmort”, Şamuhammet Akmuhammedowyň güller bilen bezelen ,,Üzümli natýurmort” atly işinde, Ýakup Annanurowyň ,,Bahar gülleri” we ,,Siren” atly işler gülüň gözelligini görkezýär. Gözel gülleriň waspyny ýetirmedik şahyr hem ýok bolsa gerek! Türkmen nusgawy şahyrlary Magtymguly Pyragynyň ,,Türkmeniň”, Mollanepesiň birnäçe şygyrlarynda hem güller we gözellikde olar bilen bäsleşýän gelin-gyzlar kän taryp edilýär. Aýhan Hajyýewiň “ Bahar” atly işinde hem gözel gyzy bahar pasly bilen baglanyşdyryp ýerine ýetiripdir. Şahyr Gurbannazar Ezizow “Bahar meýlisi” diýip, eserini ýöne ýerden atlandyran däl bolsa gerek. Bagtlydyr türkmeniň ýazyn görenler, Iň bolmanda, onuň ýaryn görenler Bahary egnine geýen gözelleň, hersi bir goç ýigide ýar bolup geler. Dogrudan hem, bahar meýlisine çykan gyz-gelinlerimiz neneň owadan, has dogrusy, ýaz olardan gözel, olar ýazdan hem gözel. Gelin-gyzlarymyz, enelerimiz biziň hemmämiziň guwanjymyz.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir