XI asyrda "real-tennis" ýa-da "žýo-depom" esaslandyrylýar. 01 "eliň aýasynda oýnalýan oýun" manysyny beripdir. XIII-XIV asyrlarda Italiýada, Angliýada hem-de Fransiýada tennisiň dartylan ýüpüň üstünde topy elleriň kömegi bilen zyňylýan görnüşi oýnalypdyr. Diňe iki ýüz ýyldan soň, ýagny XVI asyrda tennisiň raketkasy peýda bolupdyr. Häzirki zaman tennis oýny 1873-nji ýylda Beýik Britaniýada ýaýbaňlanýar. Ony oýlap tapan britan goşunynyň serkerdesi Uolter Uingfilddir, ol tennisi öz myhmanlaryna güýmenje hökmünde ýasapdyr. Oýun birden iki ada "sferistika" hem-de "launtennis" adyna eýe bolýar. "Tennis" sözi fransuzça bolup "saklamak" manysyny, ýagny oýunçy öz garşydaşyna "Sakla!" diýip duýduryş bermekmanysyny aňladýandyr. "Raketka" sözi bolsa arapça sözi bolup, "aýa" manysyny aňladypdyr. Ýagny, Uolter Uingfild 1874-nji ýylda tennis oýnunyň düzgünini kesgitleýär. Ilkiler tennisi elde oýnapdyrlar, biraz soňra bolsa ony ellikde, taýakda oýnapdyrlar. Ilkinji tennis ýaryşy 1877-nji ýylda Angliýanyň Uimbldon şäherinde geçirilýär. 1913-nji ýylda Halkara tennis federasiýasynyň (ITF) düýbi tutulýar. 1998-nji ýylda oňa 190-a golaý milli federasiýa goşulyşýar. Tennis Olimpiýa oýunlarynyň arasyna 1896-njy ýylda goşulýar we şol ýylda erkekleriň arasynda, 1900-nji ýylda bolsa zenanlaryň arasynda ýaryş geçirilýär. Atlary rowaýata öwrülen tennisçilerden Bill Tilden, Elsuort Waýns, Fred Perri, Jek Kreýmer we Panço Gonsales dagy köplere bellidir.