Aslyýetinde äýnegiň esasy bölegi hasaplanýan aýnanyň geçmiş taryhy b.e. öň III asyra degişlidir. Bu ugurda barlag geçiren alymlar gadym (antik) döwrüň adamlarynyň optika ylmyndan baş çykaryp, aýnanyň käbir görnüşleriniň närseleri ulaldyp görkezýändigini anyklandyklaryny öz makalalarynda belläp geçipdirler. Gresiýanyň Krit adasynda geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde b.e. öň II asyra degişli lupa görnüşindäki aýnalaryň tapylmagy hem muňa güwä geçýär. Äýnegi oýlap tapan adamyň kimdigi anyklanmadyk hem boisa, onuň XIII asyryň ikinji ýarymynda Wenesiýada ýaşandygy hakyndaky anyk maglumatlar bar. Çünki şol döwürierde Wenesiýa Italiýanyň aýna önümlerini öndürýän merkezi bolupdyr. lIkinji äýnekleriň lupaiary konweks, ýagny diňe ýakyn aralykdaky zatlary saýgaryp biimeýänler üçin niýetlenipdir. Uzak aralygy synlamakda kynçylyk çekýänlere niýetienen äýnekler şondan diňe bir asyra golaý wagtdan soň ýasalypdyr. Äýnegiň ulanylyp başlananyndan 350 ýyl töweregi wagt geçensoň, häzirki wagtda ulanylýan äýneklere meňzeş bolan görnüşleri öndürilip başlanypdyr. Beýik Britaniýaly aiym Edward Skarlet 1730njy ýylda Londonda ilkinjileriň biri bolup sapiy äýnegi ýasapdyr. Onuň bu görnüşdäki ýasan äýnek saplary ýüzüň ölçegine görä üýtgediimegi bilen tapawutlanypdyr. Ilkinji optiki (äýnek söwdasy bilen meşgullanýan) dükan 1783-nji ýylda Fiiadelfiýa ştatynda ABŞ-ly işewür Fransis Allister tarapyndan açylypdyr. Günden goraýan äýnekler bolsa, ilkinji gezek 1430-njy ýylda Hytaýda ýasalypdyr.Tüsse arkaly aýnasy garaidyian bu äýnekier gözi günden goramak üçin däl-de, eýsem, kazyýet işieri seijerilende, sorag edilýänleriň öz aralarynda gözleri bilen ümleşmekleriniň öňüni almak üçin ulanyiypdyr.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir