Aýp kylmaň, dostlar, yşk ähli mestandyr bu gün, Geldi Nowruz jümleýi-älem gülüstandyr bu gün. Baýram han Türkmen Ynha, yene Nowruz geldi! Bütin älem-jahana baharyň ýyly deminden nuranalyk, mähir ýaýrapdyr. Ýazyň öwüsýän mylaýym ýelleri agaçlarda pyntyk döredipdir. Türkmen sährasynyň gözelligine görk goşujy bu ýazlar şeýlebir ajaýyp, şeýlebir lezzetli. Zeminiň janlanyşy baharda, Nowruzda başlanýar. Gündogar halklary müňlerçe ýyllar bäri Nowruz baýramyny belleýärler. Täze günüň – täze ýylyň başlanmagy bilen saçaklar giňden ýazylyp, aýdym-saz edilip, toý-baýram dabarasy uludan tutulýar. Orta Aziýanyň gadymy halklarynda baýramçylyk birnäçe gün dowam edýär. Gadym wagtlardan bäri Gündogarda dünýä hut Nowruz güni ýaradylypdyr diýip hasaplap gelýärler. XI – XII asyryň beýik alymy Abureýhan Biruny “Öten nesilleriň ýadygärlikleri” diýen eserinde şeýle belleýär: “Horasanyň ilaty özleriniň ýylynyň dünýäniň ýaradylan mahalynda başlanandygyny, ony Ferwerdin aýynyň – ilkinji aýyň Hurmuz güni, haçan-da günüň älemiň deňagramlylyk nokadynda, asmanyň ortasynda ýerleşen mahalynda bolandygyny tassyklaýar”. Nowruzyň ähli baýramçylyklaryň gözbaşynda durandygyny batyrgaý aýdyp bolar. Çünki, ol baryp üç ýarym müň ýyldanam gowrak öňki awesta döwürlerinden bäri mälimdir. Onuň garşylanyşyna çynlakaý ähmiýet hem-de aýratyn üns berlipdir. Nowruza gabatlap täze geýimleri tikipdirler, ýörite tagamlar taýýarlapdyrlar. Esasy hödür-kerem hanlar üçinem, pukaralar üçinem semeni bolupdyr. Bugdaýyň ösüp çykan ilkinji maýsalaryndan taýýarlanýan bu tagam ýaşaýşyň şerbetini alamatlandyrypdyr. Şonuň üçin semeniden ilkinji gezek datmak mukaddes däp hasaplanypdyr. Şeýle hem, baýramçylygyň beýleki bir bezegi hiňňildik bolupdyr. Nowruz günleri ähli ýaşdaky adamlar hiňňildikde uçupdyrlar. Baharyň açyk howasynda hiňňildikler okdurylyp asmana galanda, adamlar öz bedeninde täzeleniş, ýeňillik duýupdyrlar. Hiňňildikde uçmak barada beýik alym Ibn Sina: “Ýaşalan günleriň ähli agyrlyklary taşlanylyp zyňyldy we indi sen ýene juwan bolduň” diýip ýazýar. Musulman hasaby boýunça täze ýyl garşylananda keramatly ot ýakmak däbi asyrlaryň jümmüşinden bize gelip ýetipdir. Türkmenleriň ata-babalary bolan oguzlaryň martyň ahyrynda uly ot ýakyp, onda demir bölegini gyzdyrandyklary hem-de ony çekiç bilen ýenjendiklerini Abulgazy öz ýazgylarynda beýan edipdir. Türkmen durmuşyna ýakyndan tanyş Garaşhan Ýomudskiý ýigriminji ýyllarda tämizleniş däbini ýazyp beýan edipdir. Nowruzdan öňki çarşenbede (ahyr çarşenbe, gara çarşenbe, agyr çarşenbe) ot ýakylypdyr, çagalar guýruklary otlanan batbörekleri uçurypdyrlar. Soňra otdan bökmek dessury berjaý edilmäge başlanypdyr. Ilki ýaş ýigitler we gyzlar, soňra elleri çagaly aýallar, soňundan bolsa çagalar böküpdirler. Şol bir wagtda agaçdan we kädiden ýasalan gap-gaçlary oda oklapdyrlar. Otdan towsup geçmek, gap-gaçlary ýakmak ýyl dowamynda ýygnalan günälerden saplaýar diýip hasaplapdyrlar. Abureýhan Biruniniň bellemegine görä, Nowruzyň öňündäki şeýle gün “agyr” hasaplanypdyr. Çünki uzak gyşdan soň tebigatyň janlanmagy birbada däl-de, kynlyk bilen bolup geçýär, şonuň üçin tamamlanyp barýan ýylyň soňky günleri agyr geçýär diýipdirler we ýakymly ýazyň gelmegini biribardan diläpdirler. Merkezi Aziýanyň halklarynda Nowruzyň garşylanyşynda meňzeşlikler köp, sebäbi Nowruz günleri ähli musulman halklarynda semeni taýýarlanylýar. Özbek halkynda semeni “sümelek” diýip atlandyrylýar hem-de nowruz ýarmasy we nowruz köjesi ýaly taýýarlanylýar. Şeýle hem, desterhana guradylan miweleri, gök önümleri, gök otlary goýupdyrlar. Olaryň ýany bilen kakadylan erigi gaýnadyp alynýan süýji içgini äberipdirler. Hiňňildikleri dikipdirler, milli oýunlary gurapdyrlar, milli saz gurallarynyň owazy astynda köpçülikleýin gezelençleri gurapdyrlar. Gazak hem-de gyrgyz halklary myhmanlary et, ýag, duz, sogan, guradylan süýt önümleri – gurt we irimşik goşulyp däneden taýýarlanylan “nauryz köjesi” bilen hezzetläpdirler. Mundan başga-da, täze etden we süýt önümlerinden taýýarlanan “uýky aşar” diýen tagamy taýýarlap, däbe görä, ony oglanlara hem-de öýlenjek ýigitlere hödür edipdirler. Baýramyň öň ýanyndaky gijede ähli gaplary süýtden, çaldan, tohumlyk däneden, suwdan dolduryp goýupdyrlar. Däbe görä, bu geljek täze ýylyň hasylly, önümli, ygally bolmagyny aňladypdyr. Nowruz güni bolsa günortanlyga öküz soýupdyrlar hem-de onuň etinden “belköterer” (“bilgöterer”) diýen tagamy taýýarlapdyrlar. Olar öküzi iň güýçli haýwan hasaplap, ynanjyna görä bu alamatlar tagamy iýen adamlara-da geçmeli diýip pikir edipdirler. Ähli musulman halklarynda Nowruz günleri milli oýunlar, göreş, at üstündäki oýunlar geçirildir. Oýunlar Günüň batmagy bilen bes edilipdir we hiňňildikleriň ýanynda ot ýakylypdyr. Adamlar ellerinde desse otlary tutaşdyrylan odunly ähli öýlere hem-de obanyň töwereklerine aýlanypdyrlar, şondan soň hiňňildikleriň ýanynda aýdym aýdyp, milli tanslary ýerine ýetiripdirler. Nowruzda Gündogar halklarynda türkmen milli tagamlarynyň dürli görnüşlerini taýýarlamak däbi bolupdyr. Ata-babalarymyz Nowruz gününde çekdirme, palоw, etli, gökli gutaplary, börek ýaly tagamlary, pişme, çelpek, gatlama bişiripdirler. Semenini bişirmeklik hem hökmany hasaplanypdyr. Semeni ýaňy gögerip ugran bugdaýyň maýsasyndan taýýarlanypdyr hem-de “Nowruzda semenini ýedi öýe dadyrsaň, rysgalyň ýetmiş bolup gaýdyp gelermiş” diýen yryma eýerilip, ýedi öýe paýlanypdyr.Bu bagtyýarlyk döwrümizde asuda, abadan durmuşymyz diňe bir türkmen halky üçin däl, eýsem, tutuş dünýä üçin ajaýyp döwranyň ýaňy bolup, aňlarda öz öwüşginini tapýar. Hawa, türkmeniň ýurduna Nowruz geldi. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýar döwründe gelen baky bahar külli türkmeniň köňlünde Gahryman Prezidentimize, Watanymyza, il – günümize bolan synmaz söýgini ýene bir gez arşa göterýär. Ylhamy gülläp açylan türkmen dana Arkadagynyň saýasynda belent mertebäniň eýesi bolýar, päk maksatlar myrat tapýar. Mährijemal ALLAMYRADOWA, Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir