Zenan – bu söz maşgala durmuşynyň gözbaşyny, nesil dowamatyny, öýüň abadançylygyny özünde jemleýär. Türkmenlerde zenan öýüň namysy hasaplanýar. Şonuň üçin gelin-gyzlary, ene-mamalarymyzy hormatlamak, olary goramak öňem, häzirem dowam etdirilýär. Bu düzgün nesilden-nesle geçirilýär. Halkymyz maşgala mukaddes ojak hökmünde garaýar. Maşgala gatnaşyklarynda aýal maşgalanyň orny uly. Sebäbi öýi-öý edýän, onuň kemçiligini düzedip, ähli zady ýerbe-ýer edip oturan zenan maşgala bolýar. Asyrlar aşyp gelýän däp-dessurlarymyzdan görnüşi ýaly, türkmen halky özüniň zenan maşgalasyny başynyň täjine, öý-ojagynyň mertebesine deňäp gelýär. Olary ezizleýär. Ata-babalarymyzyň bu asylly däpleri bu günki günem dowam edýär. Döwletimiz tarapyndan gelin – gyzlar barasynda ençeme aladalar edilýär. Ýeňillikler döredilýär. Olaryň azatlyklary, hukuklary goralyp saklanýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda erkek adamlar bilen zenan maşgalalaryň hukuklarynyň deňligi bellenilýär. Zenanlar erkek adamalar bilen deň hatarda ýurdumyzyň islendik pudagynda zähmet çekip bilýär. Olaryň arasynda talyp, mugallym, lukman, alym, halyçy, hudožnik, daýhan... zenanlar hem bar. Zenanlaryň arasynda ýolbaşçy işgärler-de bar. Döwletimizde, ilki bilen, olaryň saglygy hakynda uly alada edilýär. Enelik we çagalyk goralyp saklanýar. Onuň üçin paýtagtymyz Aşgabatda, welaýatlarymyzda “Ene mähri” merkezleri hereket edýär. Köp çagaly, sekiz we ondan köp çagasy bolan maşgalalara ýörite Prezidentimiziň Karary bilen ähli amatlyklary göz öňünde tutulan ýaşaýyş jaýlary sowgat edilýär. Şol köp çagaly enelerimize “Ene mähri” atlaryny dakýarlar. Zähmeti bilen tapawutlanan, işeňňir zenanlarymyz bolsa, döwletimiz tarapyndan iki ýyl bäri “Ene kalby” ordeni bilen sylaglanýar. Şeýle mümkinçilikler bolsa, ýurdumyzda maşgalanyň ösüp-örňäp gitmegine, zenan mertebesiniň mundan buýana-da belende galmagyna itergi berýär. Türkmen zenany ene-mamalarymyzyň nusgalyk ýoly bilen ýöräp, elmydama gowulygyň, päkligiň nyşany bolup ýaşamalydyr. Ol nusgawy göreldäni nesillerden-nesillere geçirip, dowamat dowam etmek diňe seniň bilendir, mähriban Türkmen zenany!

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir