1991-nji ýylyň 25-nji dekabrynda SSSR-iň kanunalaýyk esasda dargamagy bilen bu äpet uly ýurduň soýuz respublikalaryny biri-birine baglaýan ykdysatiňeti hem dargady. Ýetmiş ýyl gowrak dogan-dost atlandyrylan Soýuz respublikalaryň içinde Türkmenistan bu uly ýurda çig mal öndürýän formal taýdan Respublikady. Öň Soýuz respublikalar üçin öndürilýän pagtanyň, gök-bakja ekinleriniň we beýleki oba hojalyk hem çig mallaryň täze bazaryny tapmalydy, munuň üçin ýurduň syýasatyny, şol sanda ykdysatiýetini hem döwrebaplaşdyrmak zerurlygy orta geldi. Has dogrusy ýetmiş ýyl gowrak synpy sosialistik jemgyýetde ýaşan raýatlarymyzy ynjytmazdan, täze bazar ykdysatiýetine esaslanýan, dünýewi demokratik gurluşly jemgyýete uýgunlaşdyrmalydy. Dogrusy, her bir halkyň milli aýratynlygy gözöňünde tutulyp, dünýewi demokratik jemgyýeti gurmagyň anyk bir syýasy çözgüdi ýokdy. Şonuň üçin Garaşsyzlygymyzyň başky ýyllarynda syýasy we ykdysady taýdan goýberilen ýalýyşlyklar, hatda gödek ýalýyşlyklar döwlet tejribesizliginden dörän tebigy bir ýagdaýdyr. Ýöne Türkmenistan döwleti Garaşsyzlyk ýyllarymyzyň içinde Pribaltika respublikalaryndan soň öňki soýuz respublikalaryň arasynda SSSR-iň sosialistik ykdysatiýetinden çalt saplanan ýurtlaryň biridir. Türkmenistan garasyzlygynyň dördünji ýylynda dünýäde bitarap ýurt bolmak ideýasyny öňe sürdi. Türkmenistanyň bu başlangyjy 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-nyň şol wagtky ähli agza ýurtlary tarapyndan ykrar edildi. Bu bolsa Türkmenistanyň BMG- sy tarapyndan ykrar edilen ilkinji bitarap ýurt bolandygyny äleme jar etdi. Şol sebäpli Türkmenistan hiç bir harby bileleşiklere girmeýär. Hatda Türkmenistanyň üstünden harby maksatly ýükleri geçirmek hem gadagan. Türkmenistan hiç bir dawa-jenjele goşulmaýar. Biziň ýurdumyz islendik dawany parahatçylykly gepleşikleriň üsti bilen çözmegiň tarapynda çykyş edýär, her bir ýurduň içki işine goşulmazlyk ideýasyny öňe sürýär. Türkmenistan ykdysady gatnaşyklarda ýurtlaryň her birine bähbitli köptaraply ykdysady bilelişiklere oňyn garasa-da, esasan, ikiraplaýyn deňhukukly ykdysady gatnaşyklary etmegiň tarapynda çykyş edýär. Şol sebäpli Türkmenistan syýasy maksat tutmaýan iri ykdysady bileleşiklere hem goşulmagyň tarapynda däl. Şonuň üçin Turkmenistan GDA-nyň hem assisosiýon agzasydyr. Has dogrusy, Türkmenistan GDA döwletleri bilen diňe ýurdumyza has peýdaly ykdysady we medeni gatnaşyklar edýär. Türkmenistanyň her bir döwlet bilen ykdysady, syýasy we medeni gatnaşyklary, esasan, ikitaraplaýyn deňhukukly şertnamalar esasynda berkidilendir. Türkmenistan çig mala baý ýurtdur. Ýurdumyz gaz ätiýaçlygy boýunça dünýäde dördünji ýurtdur. Türkmenistan gazyny öz serhetinde satýar, türkmen gazy satyn alyjy ýurda barynça energiýanyň howpsuzlygyna tranzit ýurtlar jogap berýär. Türkmenistanyň bu tejribesi, birinjiden üstünden energiýa geçýän tranzit ýurtlara bähbitli, ikinjiden bolsa ol ýutrlaryň tranzit jogapkärçiligini artdyrýar. Häzir Orsýet Ýewropa “Günorta akym” boýunça gaz bermek meýilnamasyny ýatyryp, Gara deňziň üsti bilen gazyny Türkiýä hem ol ýerdenem Ýewropa ýurtlaryna satmagy meýilleşdirýär. Ukraina wakasy sebäpli Ýewropa bilen arasy ýaramazlaşan Orsýetiň bu gaz neýilnamasynyň näderejede amala aşjagyny wagt görkezer. Ýöne Orsýetiň Türkiýäň üsti bilen Ýewropa gaz satmak islegi amala aşsa, Orsýet gazyny serhedinde satmaklyga-da garşy däldigini aýdýar. Garaz Türkmenistanyň gazyny serhetde satmak ideýasyna uly döwletleriň hem üns berip başlamagy biziň ýurdumyzyň ykdysady syýasatynyň durmuşa ukyplydygyndan nyşandyr. Türkmenistan kynçylykdaky goňşy döwletlere hem doganlyk kömegini edýär. Ýurdumyzyň owgan halkyna edýän kömegi nusga alarlykdyr. Türkmenistan döwletiniň ýardamy bilen Owganystanda mekdepler we halka zerur desgalaryň birnäçesi guruldy. Türkmenistan geljekde hem Owganystana, ilkinji nobatda bu ýurduň türkmenler ýaşaýan ýerinde birnüçe zerur desgalar, mekdepleri gurmagy meýilleşdirýär. Türkmenistan owgan halkyna yzygider ynsanperwer kömek iberýär. Bu bolsa Türkmenistanyň kyn gündäki goňşularyna mümkin bolan kömegi berýänligine kepildir. Türkmenistan halkara derejesinde baglaşan ykdysady şertnamasyna hemişe wepaly bolmagynda galýar. Garaşsyzlygymyzyň ýigrimi üç ýylynyň içinde Türkmenistanyň halkara derejesinde baglaşylan ykdysady şertnamasyny bozandygy hakynda bir maglumat hem hasaba alynmady. Emma Týrkmenistan bilen halkara derejesinde baglaşylan ykdysady şertnamalary bozýan ýurtlaryň bardygyny aýtmak gerek. Orsýetiň “Gazprom” kompaniýasy 2003-nji ýylyň aprelinde Türkmenistandan her ýylda milliardlarça kub metr gaz satyn almak hakyndaky şertnama gol çekdi. Ýöne “Gazprom” kompaniýasy bu baglaşan şertnamasynyň yzynda durman, ýyl-ýyldan Türkmenistandan satyn alýan gazyny azaltdy, bu kompaniýa 2015-nji ýylda Türkmenistandan dört milliard kubmetr gaz satyn aljakdygyny aýdanda bolsa, Türkmenistan “Gazpromy”: “Gazprom ynamsyz partnýor” diýip atlandyryp, bu kompaniýa bilen geljekde iş salşanda gaty ätiýaçly boljakdygyny yglan etdi. SSSR darganda, Türkmenistanyň göni daşary ýurda gaz satar ýaly tranzit turbalar ýokdy. Şonuň ýçin Türkmenistan Orsýetiň tranzit gaz geçirijileriniň üsti bilen Ýewropa gaz satmalydy. Şol sebäpli Türkmenistan Garaşsyzlygymyzyň başky ýyllarynda diňe Orsýete gaz satmaga mežburdy. Türkmenistanyň diňe Orsýete gaz satmaga mežburlygyndan Orsýetiň käbir emeldarlary peýdalanyp, biziň ýurdumyzyň gazyny has arzan almak islegindediler. Emma Türkmenistan Orsýetiň käbir emeldarlarynyň döreden bu ykdysady basyşyna mynasyp derejede döz gelmegi başardy. 1998-nji ýylda Orsýetiň şol wagtky Hökümet ýolbaşçysy müň kub metr gazymyzy 34$-dan aljakdygyny aýtdy. Emma Türkmenistan gazymyzyň her müň kub metrini 38$ -dan aşak bermejekdigini aýtdy. Bu ylalaşmazlykdan soň, Orsýet türkmen gazyny almagy iki ýyl bes etdi. Bu döwürde türkmen ýolbaşçylary “Orsýete nämeüçin gaz satmaýaňyz” diýlen sowala “Biziň ýurdumyza ykdysady bähbit ýokdugy sebäpli Orsýete gazymy satamzok” diýip, özi bilen ylalaşmadyk ýurduň mertebesine degiji bir sözem aýtmandylar. Emma Orsýetiň “Gazprom” kompaniýasynyň şol wagtky ýolbaşçysy R. Wahyrow türkmen tarapynyň öz kompaniýasyna gaz satmazlygyny türkmen ýolbaşçylarynyň keçjallygy hökmünde görkezip, bu emeldar biziň halkymyzyň adyna hem käbir ýaman sözleri aýdypdy. Ňöne wagt türkmen tarapynyň dogrudygyny subut etdi. 2000-nji ýylyň başyna R. Wahyrow Türkmenistana aýdan tagaşyksyz sözleri üçin metbugat üsti bilen ötünç sorady. Türkmenler ýalňyşany bagyşlap bilýän halkdygyny ýene bir gezek subut etdi. R. Wahyrowyň bu iş sapary netijesinde ylalaşylan baha esasynda türkmen gazyny Orsýet gaýtadan satyn alyp başlady. Garaz, Türkmenistan özüni kanagatlandyrýan baha bolmasa, gazyny satmaýar, basyşlara hem sabyrlylyk bilen döz gelýär. Wagt bolsa Türkmenistanyň dogrudgyny tassyklaýar. Türkmenistan gazyny dürli tranzit ýollaryň üsti bilen satmagy gözöňünde tutýar. Edil häzir Türkmenistan gazyny Hytaýa, Orsýete, Eýrana satýar. Türkmen gazyny Owganystana, Hindistana satmak meýilnamasynyň hem ýakyn ýyllarda amala aşjagyna şübhelenmese bolar. Türkmenistan gazyny ýewropa eltmek tagallasyny soňky günlerde has hem güýçlendirdi. Türkmen gazyny Ýewropa eltmüge Türkiýe we Azerbaýjan doganlyk ýurtlarymyzyň has köp gyzyklanma bildirmegi ýurdumyzyň Ýewropa gaz satmak isleginiň has çalt amala aşjagyna umut döredýär. Mahlasy, Türkmenistan ýakyn ýyllarda gazyny Owganystana, Hindistana we Ýewropa ýurtlaryna hem elter. Türkmenistan bitrap daşary syýasat ýöredip, Ýewraziýany birleşdirýän ýurda öwrülip barýar. Geçen ýylyň dekabryň başynda Gazagystan, Türkmenistan, Eýran demir ýolynyň açylyşy boldy. Bu demir ýol doly güýjünde işläp başlanda, Ýewropa Aziýa ýurtlaryna ýa-da tersine Aziýa Ýewropa döwletlerine has ýakyn we arzan ýol bilen ýüküni eltip biler. Üç ýurduň Liderleri tarapyndan gol çekilip, gurulmagy gözöňünde tutulýan Türkmenistan, Owganystan we Täjigistan demir ýolynyň açylmagy bilen Owganystan hem Täjigistan döwletleriniň ýüki hem has ýakyn we arzan demir ýolunyň üsti bilen Ýewraziýa, hatda Ýewropa ýurtlaryna eltiler. Garaz, Türkmenistan Ýewraziýany birleşdirýän möhüm ýurt derejesini ýakyn ýyllarda doly dikelder. Ähli aýdanlarymyzy jemlesek, Türkmenistan döwletler bilen köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn deňhukukly syýasy hem ykdysady gatnaşyklary etmegiň tarapynda çykyş edýär. Türkmenistan halkara derejesinde baglaşan islendik şertnamasynda boýun alan borçlaryna wepaly bolmagynda galýar, bu bolsa Türkmenistanyň ynamdar partnýordygyny dünýä ýüzüne dýşýndirişsiz subut edýär. Döwletmyrat Ýazkulyýew.

Köneler, Publisist tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir