Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet ähmiýetli, halk bähbitli syýasatynda ynsan saglygyny berkitmekde we ýaş nesli beden taýdan kämilleşdirmekde bedenterbiýe we sport çärelerine aýratyn üns berilýär. Sagdyn durmuş ýörelgelerini has – da giňden wagyz etmek bilen sportyň ähmiýeti ýokarlandyrylýar. Milli Liderimiz halkyň saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini durmuşa ornaşdyrmak ugrunda ýurt ähmiýetli, halk bähbitli tutumly işleri durmuşa geçirilýär. Adam bedenine gujur – gaýrat bermekde, ony kuwwatlandyrmakda sportyň deňi – taýy ýokdur. Sport biziň şu günki barha ösýän durmuşymyzyň aýnasyna meňzeýär. Arkadag Prezidentimiziň özi sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarly bolmakda biziň her birimize belent göreldedir. Milletiň genofondyny goramak, ýaramaz endikleriň sowuk saýasynyň nurana topragymyza asla düşmezligini gazanmak maksady bilen başy tutulýan döwletli işler bu günki günde tutuş halkymyzda, dünýä jemgyýetçiliginde giň goldaw tapýar. Halkyň hatyrasyna geljek nesilleriň saglygy hem bagtly bolmagy üçin gurulýan belent başly binalaryň hataryny bezeýän sport desgalary, şol sanda sebitde iň iri sport toplumy bolan Olimpiýa şäherjigi häzirki wagtda gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary we tagallalary bilen ýurdumyzda her bir ýaş nesliň abadan maşgalada sagdyn ulalmagy, asylly terbiýe almagy, sowatly adam bolup ýetişmegi üçin ähli şertler döredilýär. Türkmenistanda bedenterbiýä we sporta köpçülikleýin çekmek maksady bilen ýurdumyzyň hemme welaýatlarynda iri sport desgalarynyň, stadionlaryň, sport mekdepleriniň we merkezleriniň onlarçasy gurlup, halkyň hyzmatynda berildi. 2017 – nji ýylda Aşgabatda geçirilmeli üsti ýapyk binalardaky V Aziýa oýunlaryna heniz eslije wagtyň bardygyna garamazdan, Türkmenistan bu abraýly ýaryşa hemmetaraplaýyn taýýarlykly barýar. Şol maksat bilen birlikde – de häzirki wagtda ýaşlary sagdyn durmuşa gönükdirmek maksady bilen Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz – nesihat etmek boýunça “Bagtyýarlyk göreldesi sagdyn durmuş ýörelgesi” atly bilelikde yglan edýän döredijilik plakat bäsleşigine Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ussat halypa mugallymlarydyr zehinli talyplarynyň aglaba bölegi gatnaşdylar. Talyplar döredijilik plakat işlerinde hormatly Prezidentimiziň jemgyýetiň howpsuzlygyny üpjün etmek ýaşlaryň zyýanly endiklerden daşda durmak barada geçirilýän öwüt – ündewlerden, nesihatlardan ugur alyp, ýaş nesliň Watana bolan söýgüsini, sporta, bedenterbiýä bolan höwesini artdyrmak babatda edilýän bimöçber tagallalardan ybaratdyr. Plakat sungaty – “plakat” diýen latyn sözünden gelip çykýar we bildiriş diýen manyny aňladýar. Plakat sungaty şekillendiriş sungatynyň grafika ulgamyna degişli bolup, ol örän köp dürli görnüşlere bölünýär , Meselem: wagyz etmeler, sergiler, teatrlar, konsertler, habar beriş bildirişler, okuw we bilim almaklyga niýetlenen dürli görkezme esbaplar, saglyk we arassaçylyk barada plakatlar bardyr. “Bagtyýarlyk göreldesi sagdyn durmuş ýörelgesi” atly yglan edilen döredijilik plakat bäsleşigine ylym – bilim we sungat ojagymyzyň mugallymlary bilen deň hatarda “Arhitektura” kafedrasynyň birnäçe zehinli talyplary hem gatnaşdylar. Olardan: Ýagmyrowa Baharyň “Biz sagdyn nesiller”, Handöwletow Süleýmanyň “Sport bilen meşgullan”, Hallyýew Röwşeniň “Berk bedenli sagdyn nesil” ady bilen döreden plakat taslamalarynda ýurdumyzda giň gerime eýe bolan bedenterbiýäni we sporty şeýle – de ynsan saglygynyň durmuşymyzyň berk binýadydygyny, ýaş nesliň ýaramaz endiklerden daşda durup, olar babatda bimöçber göreşiň has – da ýitileşdirilýändigini öz işlerinde wagyz edip halk köpçüligine ýetirmegi başardylar. Bu bäsleşikde birinji orna “Nakgaşçylyk we taslama” käfedrasynyň 3-nji ýul talyby Derýa Mämmetgulyýew, “Grafika” kafedrasynyň 2-nji ýyl talyby Güläýym Jumaýewa, 2-nji orna “Garfika” kafedrsynyň 2-nji ýyl talyby M.Çaryýewa, “Dizaýn” kafedrasynyň 4-nji ýyl talyby Enebaý Allaýarowa, 3-nji orna “Nakgaşçylyk we taslama” kafedrasynyň 2-nji ýyl talyby Myratmergen Kulyýew, “”Dizaýn” 2-nji ýyl talyby Güljemal Mämmäýewa, höweslendireiji “Amaly-haşam sungaty” kafedrasynyň 1-nji ýyl ýyl talyby Döwletgeldi Gurtmyradow, “Grafika” kafedrasynyň 4-nji ýyl talyby Guwançdurdy Durmuşow, “Heýkeltaraşlyk” kafedrasynyň 6-njy ýyl talyby A.Awdullaýew şeýle-de Ýörite çeperçilik mekdebiniň talyby Haýydow Rüstem mynasyp boldylar. Saglyk, bu uly baýlykdyr. Şahyr öz goşgusynda şeýle bellleýär: Adam bagty salamatlyk saglykdyr, Köňlüm owazlydyr sag bolsa janyň Bagtyýar illerim guwanýar saňa, Berkarar döwletim – Türkmenistanym! Aýna Orazgeldiýewa Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň 2-nji ýyl talyby