Türkmenistan Watanymyz gün-günden pajarlap ösýär. Ýurdumyzyň ähli pudaklary bilen bir hatarda ylymda, bilimde, ykdysadyýetde, syýasatda, saglygy goraýyş we sport ulgamynda şeýle hem medeniýetde uly ösüşlere eýe bolýar. Munuň aýdyň mysallary hökmünde Diýarymyzda alnyp barylýan il-ýurt bähbitli işler hem-de döwlet ähmiýetli çäreler Watanymyzyň gülläp ösýändiginden hem-de bedew bady bilen öňe barýandygyndan habar berýär. Şu ähmiýetli işleriň sakasynda bolsa Hormatly Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçly işleri biz ýaşlar üçin görelde mekdebi bolup durýar. Şeýle-de, Watanymyzda has-da ýokary depginlerde ösýän pudaklaryň biri bolan bilim ulgamy dünýäniň iň täze gazananlary bilen aýakdaş gidýär. Munuň aýdyň mysaly hökmünde biziň hem ylym-bilim we döredijilik ojagymyz bolan Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda geçirilýän döredijilik çäreleri mysal bolup durýar. Ýagny, biziň ýokary okuw mekdebimizde sungatyň ähli görnüşlerinden nakgaşçylyk, heýkeltaraşlyk, grafika, arhitektura, dizaýn, amaly-haşam we sungaty öwreniji ýaly dürli ugurlardan bilim alýan zehinli talyplar ýurdumyzda geçirilýän her bir çärelere özleriniň döredijilik sowgatlary bilen işjeň gatnaşýarlar. Şeýle-de, ýokary okuw jaýymyzda däp bolup gelýän şahsy we toparlaýyn sergiler soňky döwürlerde özüniň ýerlikli netijesini berýär. Aýratyn hem, temalaýyn sergiler suratkeşleriň döredijilik aýratynlyklaryny aýdyň açyp görkezýär. Okuw mekdebimizde geçirilýän her bir serginiň talyp ýaşlar üçin uly ähmiýetli bolup, olaryň döredijilikli işlemegini has-da kämilleşdirýär we gözýetimleriniň giňemegine uly itergi berýär. Şonuň ýaly ajaýyp sergileriň biri hem plakat sergisidir. Biziň ýokary okuw mekdebimiziň talyplary öz halypalary bilen hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatyny goldap, 2015-nji ýylyň fewral aýynyň 23-ne açylýan “Bagtyýarlyk göreldesi – sagdyn durmuş ýörelgesi” atly sergi bäsleşigine öz çeper eserleri bilen gatnaşýarlar. Bu sergide kompýuter grafikasy we nusgawy grafika usulynda ýerine ýetirilen işleri synlaýarys. Sergide görkezilýän eserler öz beýan edýan keşpleriniň üsti bilen sagdyn durmuşyň geljegini wagyz edýär. Ýaşlary sport çärelerine çekmek bilen ýurdumyzyň sagdyn durmuş ýörelgesine eýermäge çagyrýarlar. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda geçirilýän bu sergä şekillendiriş sungatynyň ähli ugurlarynda okaýan talyplar gatnaşýarlar. Olaryň içinde Dizaýn kafedrasynyň talyplary hem öz sungat eserleri bilen gatnaşýarlar. Olar eserleriniň şygary edip, zyýanly endikleri ýok etmäge çagyrýarlar. Häzirki sagdyn ýoly bilen geçmegi, çeper serişdeleriň üsti bilen wagyz edýärler. Bu bäsleşikde birinji orna “Nakgaşçylyk we taslama” käfedrasynyň 3-nji ýul talyby Derýa Mämmetgulyýew, “Grafika” kafedrasynyň 2-nji ýyl talyby Güläýym Jumaýewa, 2-nji orna “Garfika” kafedrsynyň 2-nji ýyl talyby M.Çaryýewa, “Dizaýn” kafedrasynyň 4-nji ýyl talyby Enebaý Allaýarowa, 3-nji orna “Nakgaşçylyk we taslama” kafedrasynyň 2-nji ýyl talyby Myratmergen Kulyýew, “”Dizaýn” 2-nji ýyl talyby Güljemal Mämmäýewa, höweslendireiji “Amaly-haşam sungaty” kafedrasynyň 1-nji ýyl ýyl talyby Döwletgeldi Gurtmyradow, “Grafika” kafedrasynyň 4-nji ýyl talyby Guwançdurdy Durmuşow, “Heýkeltaraşlyk” kafedrasynyň 6-njy ýyl talyby A.Awdullaýew şeýle-de Ýörite çeperçilik mekdebiniň talyby Haýydow Rüstem mynasyp boldylar. Grafika sungatynyň plakat ugry ynsan jemgyýetiniň syýasy gatnaşyklaryny aýdyň şöhlelendirýär. Sebäbi plakat eseri ýörite bir ugurda ýitileşdirilen keşpleriň esasynda ýerine ýetirilen eser bolup durýar. Plakat görnüşli eserler jemgyýetdäki syýasy ugurlary ýaýbaňlandyryjy we wagyz ediji özboluşly gural bolup gulluk edýär. Häzirki günde tehnalogiýanyň ösmegi bilen, şekillendiriş sungatynyň täze görnüşleri hem emele gelýär. Dizaýn kafedrasynyň ýerine ýetirýän işleri kompýuter serişdeleriniň üsti bilen çözülýär. Şekillendiriş sungatynyň görnüşleriniň her bir ugry barada aýratynlykda agzap geçilen ýagdaýynda hem olaryň özara baglanşygy babatda ýatdan çykarmaly däldir, sebäbi olaryň hemmesinde ýokardaky bellenilip geçilen düşünjeleriň we ýerine ýetiriliş usullaryň ählisi ulanylýar. Serginiň esasy maksady ýaş talyplaryň döredijilik ukyplaryny ýüze çykaryp olaryň dünýä garaýşynyň giň gerimli bolmagyna ýardam bermekden ybaratdyr. Hormatly Prezidentimiziň sungat ulgamynyň ösmegine uly üns bermegi bilen ýaş suratkeşleriň döredijilik ylhamyny joşdurýar. Okamaga, öwrenmäge sungat bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimize talyp ýüregimizden köp-köp sag bolsun aýdýarys. Goý, onuň jany sag, ömri uzak, il – ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutýan tutumly işleri elmydama rowaç alsyn. Bahar Ýusupowa Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň 2-nji ýyl talyby