Halkymyzyň saglygy berkarar Watanymyzyň rowaçlyklarynyň we üstünlikleriniň gözbaşydyr. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny ylmy we hukuk esaslaryny pugtalandyrmak, ynsan saglygy baradaky aladany güýçlendirmek biziň döwlet syýasatymyzyň esasy aýratynlyklarydyr. Soňky ýyllarda hemmetaraplaýyn ösýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda mähriban halkymyzyň saglygyny berkitmek we goramak, ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, zyýanly endiklerden saklanmak döwletimiziň baş aladasyna öwrüldi. Sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak, zähmet bilen dynç alşy sazlaşykly utgaşdyrmak ýaly kämil ýörelgeler ösdürildi. Sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýän, abadan ýaşaýşyň hatyrasyna amala aşyrylýan giň gerimli we beýik işleri ýakyndan goldaýan sungat işgärlerinde ýurdumyzda yglan edilýän Döwlet çärelerine gatnaşmaklyk uly seslenme duýgularyny döredýär. Ine ýakynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Milli merkeziniň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz-nesihat etmek boýunça “ Bagtyýarlyk göreldesi – Sagdyn durmuş ýörelgesi ” atly bäsleşigi yglan edildi. Bu döwlet çäresi Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda suratkeşleriň, döredijilik işgärleriň, talyplaryň we beýleki adamlaryň plakat işini hödürlemegi esasynda gurnaldy. Plakat sergisi 2015-nji ýylyň fewral aýynyň 23-ne Sungat ojagy Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler zalynda dabaraly ýagdaýda açylar. Döwlet çäresiniň geçirilmeginiň maksady ähli halkymyzyň sagdyn ýaşamaklygyny esas edinmek, zyýanly endikler temmäki, neşe ýaly serişdelerden gaça durmaklyk, her bir raýatyň kalbynda sporta, zähmete, abadan durmuşa bolan buýsanç we guwanç duýgularyny döretmeklikden ybarat bolup durýar. Yglan edilen Plakat sergisinde çeperçilik eserlerinde her bir döredijilik adamsy şanly şekilleriň, reňkleriň üsti bilen öz oý-pikirlerini beýan edip bilerler. Ondan başga-da kompýuter grafikasynda işlenen işleriň hem görkezilmegine garaşylýar. Döwrebap işleriň arasyndan ýokary derejede ýerine ýetirilen manysy, täsiri taýdan çuňňur iň gowy işler saýlanylyp Döwlet derejesindäki taýýarlanan uly baýraklara mynasyp bolarlar. Saýlanan işler sungat eserleri hökmünde giň halk köpçüligine görkeziler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başda durmagynda şu günki günde durmuşa geçirilýän hem-de geçirilmegi göz öňünde tutulýan çäreler Türkmenistan döwletimizi sagdynlygyň mekanyna öwrülmegine uly kömek eder we her bir raýadyň sagdyn durmuşda ýaşap zyýanly endiklerden daşda hemmetaraplaýyn ösmegini we kämil ýokary derejä ýetmegini üpjin eder. “ Bagtyýarlyk göreldesi – Sagdyn durmuş ýörelgesi ” atly plakat sergisiniň şol babatda uly netijeler berjekdigine ynanýarys. Bu bäsleşikde birinji orna “Nakgaşçylyk we taslama” käfedrasynyň 3-nji ýul talyby Derýa Mämmetgulyýew, “Grafika” kafedrasynyň 2-nji ýyl talyby Güläýym Jumaýewa, 2-nji orna “Garfika” kafedrsynyň 2-nji ýyl talyby M.Çaryýewa, “Dizaýn” kafedrasynyň 4-nji ýyl talyby Enebaý Allaýarowa, 3-nji orna “Nakgaşçylyk we taslama” kafedrasynyň 2-nji ýyl talyby Myratmergen Kulyýew, “”Dizaýn” 2-nji ýyl talyby Güljemal Mämmäýewa, höweslendireiji “Amaly-haşam sungaty” kafedrasynyň 1-nji ýyl ýyl talyby Döwletgeldi Gurtmyradow, “Grafika” kafedrasynyň 4-nji ýyl talyby Guwançdurdy Durmuşow, “Heýkeltaraşlyk” kafedrasynyň 6-njy ýyl talyby A.Awdullaýew şeýle-de Ýörite çeperçilik mekdebiniň talyby Haýydow Rüstem mynasyp boldylar. Her bir gatnaşyja ýaryşda uly üstünlikler arzuw edýäris. Şu pursatdan peýdalanyp, halkynyň asuda, sagdyn durmuşda ýaşamagy ugrunda edýän tagallalary we döredýän mümkinçilikleri üçin Hormatly Prezidentimize talyp ýüregimizden taňyrýalkasyn aýdýarys. Rustamowa Dinara Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň 3-nji ýyl talyby