Häzirki döwürde ylma daýanmazdan ýokary hili we netijäni gazanmak mümkin däl. Biz oňa hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynyň netijesinde nebitgaz toplumynda, geologiýa, himiýa, energetika, ulag we aragatnaşyk pudaklarynda amala aşyrylýan işlere, görkezijilere ser salanymyzda hem duýýarys. Ösüşiň depginindäki ilerlemeleri oba hojalyk toplumynda hem duýmak bolýar. Oba hojalygyna eýýäm 2007-nji ýyldan başlap täze tehnologiýalar we Türkmenistanyň howa şertlerine laýyk gelýän döwrebap tehnikalar ulanyşa girizildi. Munuň özi önümçiligiň hiline we önümiň mukdarynyň artmagyna oňaýly täsirini ýetirdi. Ylmy çemeleşmäniň eşretiň açarydygyndan ugur alnyp, хäзирки дöвüрде täze pikirler, täze iş usullary, önümçiliklere girizilýän üýtgeşiklikler barha çuň kök urýar. Ýurdumyzda täze ylmy edaralar, desgalar peýda bolýar. Ýakynda bu ugra degişli ýene-de bir şanly waka bolup geçdi. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň düzüminde täze desga – Tehnologiýalar merkezi ulanmaga berildi. Ýurdumyzda innowasion ykdysadyýet kemala gelýär. Bu merkez ykdysady we tehnologik howpsuzlygy üpjün etmek bilen, ylmy çözgütleri bir bitewi ulgama birleşdirer. Onda esasy ylmy-barlag işleri ýerine ýetiriler. Bu ugurlaryň hatarynda agrosenagat toplumynda innowasion tennologiýalar boýunça, ekologiýa we tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmakda, energetika we ýangyç serişdelerini tygşytlamakda geçiriljek ylmy barlaglary görkezmek bolar. Mundan başgada, himiki tehnologiýalar boýunça bäsleşige ukuply täze önümleri öndürmek, gurluşyk, binagärlik we seýsmologiýa babatda, lukmançylyk hem-de derman serişdelerini öndürmek bilen bagly ylmy maglumat, telekommunikasiýa tehnologiýalary, ykdysady, gumanitar ugurlarda hem ylmy barlaglar alnyp barlar. Düýpli gurluşygyň binagärlik sungatyndan, ylmyň soňky gazananlaryndan gurlan Tehnologiýalar merkezinde ylmy derňewleri alyp barmakda, ýerine ýetirilen işleri synagdan geçirmekde ähli şertler döredilipdir. Bu ýerde bölümleriň 3-si, barlaghanalaryň 10-sy alymlara hyzmat eder. Alymlar iş pusatlarynda Germaniýanyň, Beýik Britaniýanyň, Ýaponiýanyň iň kämil enjamlaryndan we häzirki zaman kompýuterlerinden peýdalanarlar. Islendik alymyň iş bilen çuň meşgullanmagy, derňewleri geçirmegi üçin maglumatlaryň, edebiýatlaryň, dünýä alymlaryň işleri bilen içgin tanyşmagy zerurdyr. Ol özbaşdak pikir ýöretmek bilen, öňki barlaglary seljerýär we belli bir netijä gelýänçä köp kitaplaryň gatyny açyp, basa oturyp işlemeli bolýar. Şonda oňa kömege kitaphana ýetişýär. Merkezdäki elektron kitaphana alymlary diňe zerur edebiýatlar bilen üpjün etmän, eýsem, maglumatlaryň täze, milli ulgamyny döretmekde hem uly ähmiýete eýedir. Merkeziň kompýuter enjamlary bilen doly üpjün edilen çaphanasy ylmy we okuw kitaplaryny ýokary hilli neşir etmeklige mümkinçilik berer. Türkmenistan ýokary depginde ösýän döwlet. Garaşsyz döwletimiziň kuwwatly ýurtlaryň hataryna goşuljakdygy jedelsizdir we oňa doly mümkinçilik bar. Türkmenistanyň geljegi dünýäniň ylmy giňişligine çalt goşulyp, netijeli işleri alyp barmak, şeýle hem ylym we tehnologiýalar ulgamlarynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek we pugtalandyrmak bilen berk baglydyr. Işe girizilen Tehnologiýalar merkezinde täze önümleriň sintezi boýunça işleri geçirmäge mümkinçilikler bolar. Barlaghanalarda organiki we organiki däl, polimer materiallaryň taýýar senagat önüminiň fiziki – himiki häsiýetlerini, saglygy goraýyşda, oba hojalyk, himiýa, nebithimiýa senagatynda, gurluşykda ýerli çig maly ulanmak arkaly ylmy barlaglary geçirmäge mümkinçilik bar. Bu barlaghananyň esasy wezipeleriniň biri Garagumuň çägesinden kremniý almagyň tehnologiýasyny işläp düzmek bilen baglydyr. Laboratoriýadaky täze enjam awtomatiki usulda düzülen ýörite düzülen kompýuter programmasy esasynda himiki reaksiýalary ýerine ýetirmäge hem-de reaksiýalaryň iň amatly görnüşini saýlap almaga mümkinçilik berýär. Bu tehnologiýa türkmen hünärmenleri tarapyndan ýapon alymlary bilen bilelikde taýýarlanyldy.