Bu gezek 23-nji fewral senesi elimize galam almaga mežbur etdi. Bu senäniň näme many aňladýandygyny bilmeselerem birnäçe raýatlarymyzda bu sene erkekler güni hökmünde kabul edilýär. Hatda mekdep okuwçy gyzlaryň öz deň-duş oglanlaryna sowgat berýänlerem az däl. Gyzlaryä sowgady oglanlar tarapyndan 8-nji martda halkara aýal-gyzlar gününde gaýtarylýar. Aslynda 1918-nji ýylyň 23-nji fewralynda Leniniň ýolbaşçylygyndaky bolşewikler partiýasy Gyzyl goşuny döretmek hakynda Karar edýärler. Soňra her ýyl bu sene Gyzyl goşunyň dörän güni hökmünde SSSR zamanynda ählihalk baýramçylygy hökmünde bellendi. Şeýlelikde Gyzyl goşunyň dörän güni erkek raýatlaryň baýramçylygy hasaplanýardy. Ynha, 23-nji fewralyň erkekler güni hökmünde bellenmeginiň gysgaça taryhy şeýle. Eýsem häzirki döwürde bu sene SSSR zamanyndaky ýaly erkek raýatlarymyzyň güni hökmünde bellenmegine mynasypmy?!! Bu sowala anyk “Ýok” diýip jogap bermelidiris. Çünki Türkmenistan Garaşsyz bir döwlet. Garaşsyz ýurdumyzda halkymyzyň milli däp-dessurymyza ýugrulan ýörelgeleri dowam etmelidir. Iklki bilen SSSR döwründe Gyzyl goşunyä dörän güni bellenen senäniň ýurdumyzyň garaşsyz döwlet bolmagy üçin hiç bir ähmiýeti bolmady. Elbetde, men taryha diňe gara sürtmek pikirinden daşda. Emma şeýle hem bolsa Gyzyl goşunyň döremegi bilen synpy jemgyýeti guran Bolşewikler kem-kemden hökümeti doly ele alyp, baýlardan, umuman özlerine sähelçe närazylyk bildiren raýatlardan gazaply öç aldylar. Bolşewikleri goldamydyk raýatlaryň ýurtdan gaçyp ýetişmedigi ýok edildi, ýa-da uzak möhletleýin türmä oklandy. Bolşewikleriň 1917-nji ýylyň oktýabryndaky döwlet agdarylyşygy netijesinde döwlet başyna gelmegi bilen SSSR-iň hemme ýerinde bolşy ýaly biziň, ýurdumyzda hem 1917-1921-nji ýyllarda graždanlyk urşy bolup, halkymyz aklara-gyzyllara bölündi. Soňra 1920-nji ýyllaryň başyndan tä 1930-njy ýyllaryň başyna çenli Bolşewikleriň “Basmaçylara garşy göreş” şygary netijesinde halkymyzyň iň düşünjeli gatlagynyň uly bölegi ýok edildi. Bolşewikler müňlerçe raýatlarymyzy repressiýaň gurbany etdiler, olar döwleti bikanun eýeläp, soňra Gyzyl goşuny ulanyp, bu goşunyň uly gyrgynçylyk etmegi netijesinde Gyzyl goşun “Gyzyl terror” ady bilen dünýä ýüzünde tanalypdy. Şol sebäpli 23-nji fewraly asla baýramçylyk hökmünde ýatlamak taryhy bilmezlikden dörän düşünjedir. Dogry, SSSR zamanynda hupbatly kynçylyklaryň bolandygyna garamazdan, Türkmenistan Soýuzyň on bäş respublikasynyň biri boldy. Türkmenistanyň formal taýdan bolsa-da, Respublika bolmagy SSSR kanunalaýyk esasynda darganda, ýurdumyzyň garaşsyz döwlet bolmagyna esas berdi. Emma bu zatlara seretmezden, Garaşsyz döwletiň raýatlary bolan halkymyz milli aýratynlygyna esaslanýan öz baýramçylyklaryny bellemäge haklydyr. SSSR-iň dargamagy bilen bu uly döwletiň berkemegine getiren, türkmen döwletiniň ösmegine ýa bolmasa, halkymyzyň däbine dahyly bolmadyk ýörelgeler unudylmalydyr. SSSR döwrübdüki halkyň başyna agyr gün getiren seneleriň ýatdan çykmagy üçin döwlet derejesinde wagyz-nesihat işini güýçlendirmeli. Halkymyza taryh, onda-da SSSR zamanyndaky taryh dogry öwredilse, halkymyzyň hiç bir raýatam 23-nji fewraly erkekler güni hökmünde ýatlamaz. Şol sebäpli halkymyzyň geçmişini ýaşlara öwretmek hem nesillerimizi watançylyk ruhunda terbiýelemek üçin taryhymyz giňişleýin beýan edilmelidir. SSSR döwrüniň pajygaly wakalarynam, gowy taraplarynam ýaşlara gizlemän öwretmelidiris. Eger erkekler gününi bellemeli bolsak, garşsyz Türkmenistanyň Permany esasynda 1992-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda ýurdumyzyň Ýaragly güýçleri döredildi. Bu sene indi iki ýyl bäri Ýaragly güýçlerimiziň baýramçylygy hökmünde bellenär. Ýurdumyzyň Prezidenti Ýaragly güýçlerimizde gulluk edýänlere ýörite gutlag Ýüzlenmesini iberýär. Garaşsyz Türkmenistanyň Ýaragly güýçleriniň dörän güni 27-nji ýanwaryň ýurdumyzyň, esasanam erkek raýatlarymyzyň baýramçylygy diýmäge doly esas bar, çünki ähli erkek raýatlarymyz watan goramaga borçludyrlar. Erkek raýatlarymyzyň watan goramak borjy mertebedir, sebäbi watan iň mukaddes düşünjedir. Emma gynansagam, 27-nji ýanwaryň Ýaragly güýçlerimiziň dörän günüdigini bilýän raýatlarymyz gaty az. Munuň beýle bolmagynyň sebäbi bu mukaddes senäniň halkymyza, esasanam ýaş neslimize doly düşündirip, aýan edilmeýändigidir. Şonuň üçin ýaşlarymyza watan mukadessligi hakynda taryha goldanyp, wagyz etmeli. Belki, ýaşlarymyzyň watançylyk duýgusyny artdyrmagy gözöňünde tutup, 27-nji ýanwary Watan goragçylarynyň güni hökmünde dynç gününi berip, ählihalk baýramyna öwürmelidir, çünki Watan goragçylarynyň güni diňen baýramçylyk öňki Soýuz respublikalaryň birnäçesinde bar. Mysal Russiýa federasiýasynda 23-nji fewral Watan goragçylarynyň güni hökmünde bellenýär. Sözümizi jemläp aýdanymyzda, Watan mukaddesligi atanyň atalyk mertebesinden, enäniň ene süýdünden ýaş neslimiziň, çagalarymyzyň ganyna geçmelidir. Munuň üçin mebugaty, habar beriş serişdelerini doly peýdalanmaly. Çünki watanperwer ýaş neslimiz Watan mertebesini has beýgelderler. Döwletmyrat Ýazkulyýew.

Köneler, Publisist tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir