Türkmenistan watanymyz ykdysady garaşsyzlygyna eýe boldy diýmäge doly esas bar, çünki Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyna daşky ykdysady faktorlar belli bir derejede täsir edýänem bolsa, ýurdumyzyň ykdysadiýeti, esasan, özbaşdak içki ykdysady çelgilerimize esaslanýar. Mysal, gerekmi baş üstüne. Bilşimiz ýaly, häzir dünýä döwletleriniň ykdysatiýeti ykdysady krizis içinde. Bu ykdysady çökgünlilik Ýewropa döwletlerine, hatda ABŞ-a hem 2008-nji ýyldan bäri düýpli täsir edip gelýär. Dünýäniň ykdysady çökgünligi netijesinde, diňe soňky üç aýda nebitiň bahasy dünýü bazarynda tas iki essä golaý arzanlady, Dünýä bazarynda nebitiň bir barreliniň bahasy 110-115 amerikan dollary bolanlygyndan, ol 50 amerikan dollaryndanam aşak düşip, häzir 55 amerikan dollary möçberindedir, çünki dünýäniň ösen ýurtlarynyň içinde ABŞ-dan beýleki Ýewropa döwletleriniň, hatda her ýylda 10 göterimden az bolmadyk ösüşe eýe bolýan Hytaýyň hem şu ýylky ykdysady ösüşi belli bir derejede haýallapdyr. Şeýlelikde nebit import edýän uly döwletleriň ykdysady ösüşiniň haýallamagy netijesinde ol ýurtlaryň nebit önümine bolan isleginiň azalmagy bilen nebitiň bahasynyň arzanlaýandygy öz-özünden düşnüklidir. 2008-nji ýylda dünýä ykdysady krizisi başlaýan döwürlerinde Türkmenistan Hökümeti dünýäniň ykdysady krizisiniň ýurda ýetirip biljek täsirini öwrenmegi hem ol ugurlar boýunça anyk netije çykarmagy degişli ýolbaşçylara tabşyrdy. Şeýlelikde dünýä ykdysady krizisiniň mümkingadar derejede ýetirjek täsiriniň öňüni almak boýunça döwlet derejesinde görlen ykdysady çäreler özüniň oňyn netijesini berdi. Ýurdumyzda stabilision banky döredilip, ol bankda toplanan pullaryň bir bölegini ykdysady krizisiň öňüni almak üçin zerur bolsa peýdalanmak gözöňünde tutulypdyr.Dünýä ýüzünde agyr ykdysady çökgünlik döwründe 2008-2009-njy ýyllarda Türkmenistan Hökümetiniň karary bilen amerikan dollarynyň, asla daşary ýurt walýutasynyň gara bazar kursy doly ortadan aýryldy, 2008-nji ýylyň ahyrlaryna täze pul hasabyndan gara bazarda bir amerikan dollary 4,20-4,40 man. möçberinde bolan bolsa, Hökümetiň ýöreden dogry ykdysady tagallasy bilen owalwaşda bir amerikan dollary 4 manat, 2009-njy ýylyň 27-nji aprelinden bolsa 2,85 man. möçberinde kesgitlendi. Ýatladyp geçsek, 1998-nji ýylyň awgustynda Russiýa federasiýasynda rus rublynyň sanlyja günüň içinde üç-dört esse hümmetsizlenmegi netijesinde bu ýurtda dörän ykdysady krizis Türkmenistanyň ykdysatiýetine hem özüniň ýaramaz täsirini ýetirdi. Türkmenistanda daşary ýurt walýutalarynyň, esasanam, amerikan dollarynyň gara bazar kursy döräp, gara bazarda amerikan dollary resmi döwlet kursundan dört-bnäş esse ýokary bahadady. Has dogrusy, 1990-njy ýyllaryň ahyrlaryna Russiýa federasiýasynda dörän ykdysady krizis Türkmenistanyň ykdysatiýetine düýpli zyýanly täsir edipdi. Çünki ol zamanlar Türkmenistan gaz satmakda diňe Russiýa federasiýasyna baglydy. SSSR döwründe soýuz respublikalara girýän ýurtlaryň biri-birine baglanyşykly ykdysatiýeti dargap, täze ykdysatiýetimiz kemala gelip ýetişmändi. Has anygy mundan 24 ýyl ozal Türkmenistan syýasy taýdan garaşsyz bir ýurt bolanam bolsa, Garaşsyzlygymyzyň ilkinji on ýylynda ykdysady tarapdan Soýuz zamanynda emele gelen ykdysatiýetiň dargamagy hem täze ykdysadyýetimiziň kemala gelip ýetişmezligi netijesinde ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty daşarky ykdysady faktorlara, esasanam, şol döwürde Türkmenistanyň iň uly söwda partnýory, SSSR-iň mirasdüşeri bolan Russiýa federasiýasynyň ykdysatiýetine uly derejede täsiri astyndady. Ähli aýdanlarymyzy jemläp aýtsak, ýurdumyzyň ykdysatiýetini bazar ykdysadyýetine laýyk gurnamakda edilmeli işler, çözülmeli problemalar köp, ýöne häzir Türkmenistan özbaşdak garaşsyz ykdysady syýasata eýe bolup, biziň ýurdumyz SSSR zamanyndaky soýuz respublikalaryň biri-birine garaşly ykdysatiýetiniň garaşlylygyndan doly saplandy. Bilşimiz ýaly, häzir Russiýa federasiýasyna Ukraiýinada dörän gapma-garşylyklar netijesinde ABŞ we Ýewrosoýuza girýän döwletler ykdysady sanksiýa girizdiler. Şeýlelikde sanksiýadan öň 32-33 rus rubly bir amerikan dollary bolan bolsa, ol häzir 65-70 rus rubly möçberinde saklanýar. Garaz RF-sy dünýä ykdysady krizisi we girizilen sanksiýalaryň täsiri netijesinde ykdysady çökgünliligi başdan geçirýär. Rus rubly daşary ýurt walýutasyna bolan gatnaşykda azyndan 75-85 göterim hümmetsizlendi. Emma Türkmenistanyň manadynyň daşary ýurt walýutasyna-amerikan dollaryna bolan gatnaşygy diňe şu ýylyň başyndan 2,85 man. bolanlygyndan 3,50 manat möçberinde kesgitlenip, 23% ýokary galdy. Türkmen pulunyň häzirki kesgitlenen amerikan dollaryna bolan gatnaşygy 2009-nji ýylan çenli döwrümizden has pesdir, çünki 2003-2008-nji ýyllarda 4-5 manat pulumyz gara bazarda bir amerikan doll;arydy. Häzir ýurdumyzda daşary ýurt walýatysynyň gara bazar kursy doly ortadan aýryldy. Türkmenistan daşary ýurt walýutalarynyň ýurtdan bikanun çykmagynyň öňüni almak üçin, belli bir çäklendirmeleri girizdi. Pasport ýa raýatyň şahsyny tassyklaýan dokument bilen her raýata ýaşaýan welaýaty boýunça her günde müň amerikan dollaryny bermek düzgüni girizildi. Kähalat „dollar galjakmyş“ diýen ýaly ýalan gürrüňler ilat arasyna ýaýrap, amerikan dollaryny almak üçin emeli nobatlar bolýar. Ýöne ol dowully gürrüňleriň ýalandygy 2-3 günüň içinde subut bolansoň, ýene-de banklardan erkin nobatsyz diýen ýaly amerikan dollaryny alyş-çalyş etmek mümkin. Emma häzirki girizilen ykdysady çäreler wagtlaýyn häsiýete eýe bolup, ýurdumyzyň içinden daşary ýurt walýutalarymyzyň bikanun ýagdaýda daşary çykmagynyň öňüni almagy maksat edinýär. Emma raýatlarymyz her gün daşary ýurt walýutasyny çalyşsa hem, olara azar berýän ýok. Garaz, Türkmenistanyň özbaşdak ykdysady syýasaty ýurdumyzyň ykdysatiýetine daşarky faktorlaryň mümkingadar az täsir etmegine şert döretdi. Şonuň üçinem ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty, esasan, içki ykdysady çelgimiz-ugrumyz boýunça ösüşe eýe bolýar. Türkmenistanyň ykdysatiýetine daşarky ykdysady faktorlar belli bir derejede täsirini ýetirýänem bolsa, ýurdumyzyň ykdysatiýeti daşary ýurt döwletleriniň hiç biriniň hem ykdysatiýetine bagly däl. Ynha, bu ykdysady üstünlige welin, guwanmazlyk mümkin däl. Döwletmyrat Ýazkulyýew Žurnalist.