Siziň dykgatyňyza Maşgala Saglygy atly gollanmany hödürleýäris. Bu gollanma maşgala üçindir. Ol Where There is No Doctor atly iňlis dilindäki asyl nusgadan terjime edilip, türkmen halky üçin uýgunlaşdyryldy. Where There is No Doctor kitaby, megerem, dünýäniň ähli künjeklerinde ilat tarapyndan iň köp ulanylýan gollanmalaryň biridir. Bu kitap 70-den göwrak dillere terjime edilip, onuň millionlarça sany çap edildi. Ol tutuş dünýäde saglyk babatda tapylgasyz çeşmedir. Kitabyň awtorlar topary giňden ýaýran keselleri anyklamak, bejermek we olaryň öňüni almak baradaky amaly maglumatlary saňa sada dilde düşündirýär. Iýmitlenme, ýokanç keseller, keselleriň öňüni almak meselelerine aýratyn üns berlendir. Şeýle-de keseliň öňüni almakda we bejermekde esasy usullar hökmünde anyklaýyş tärleriň ulanylmagyna hem üns berilýär. Kitap 23 bapdan ybaratdyr. Ol elektron görnüşinde baplara bölünendir. Siz onuň aýry-aýry baplaryny özüňiz üçin çap edip bilersiňiz. Hemme seslenmeleriňizi lukman@saglyk.info elektron poçtasyna iberip bilersiňiz. MAŞGALA SAGLYGY KITABY (DOLY) ÜNS BERIŇ ULULYGY - 25,5 MB Saglykda peýdalanyň!