Dünýäniň iň meşhur "Food And Travel" žurnalynyň okyjylarynyň pikirine görä, Türkiýäniň gür ilatly şäheri bolan Stambul 2012-nji ýylda syýahatçy¬lyk babatda iň köp isleg bildirilýän ugur hasaplandy. Bosforyň kenaryndaky şäher bu ugurda syýahatçylygyň öňdebaryjylary hasaplanýan Pariž, Singapur we Gonkong bilen bäsleşdi. Žurnalyň okyjylarynyň arasynda geçirilen ses berişligiň netijesinde Stambul ýokarda agzalan şäherlerden öňe saýlanmagy başardy. Hakykata seredeniňde-de, Stambul Türkiýäniň iň köp syýahatçy çekýän şäheridir. Iki yklymy birleşdirýän şähere her ýyl on millionlarça syýahatçy gelýär. Stambul iň köp syýahat¬çy çekýän döwletleriň sanawynda öňdäki orunlary eýeleýär. Şeýle hem, golaýda bu şäher başga bir neşir tarapyndan geçirilen pikir soraşmanyň netijesinde syýahatçylyk babatda dördünji orna mynasyp bolupdy.
Stambul....
-
amrak
9 years ago
- Türkiýa'nıñ iñ gözel we meşhur şehyrlerynden biri bolgan bul şehyr 1453 ýylynda Fatih Sultan Mehmet tarapyndan feth bolındı.
-
derindeepoo
9 years ago
- Stambul gowy şehyr.
Hökman gitmeli
Zidan 9 years ago- Stambul şäheri gadymy şäher.Wizantiýa,Osman imperiyasynyň merkezi paytagty bolan.Stambulyň öňki ady Konstantinopal şaheri bolupdyr.Soňra Konstantinopaly Osman döwleti 1453 nji yylyn mayynda eyeleyar.Şol yyl Konstantinopol şäherine Stambul ady berilýär.Stambul adynyn aňladyan manysyna şeýleräk düşünýän menä.Ýagny "yslam dinini kabul et,musulman,yslam bol"diyen manyny berýär.Konstantinopal Wizantiýa imperiyasynyn paytagty bolan.