Türkmenistanyñ Prezidentiniñ öňe süren syýasatyna laýyklykda, döwletimiziň ähli ulgamlary bilen bir hatarda, ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň aýratyn bir ugry bolan, kitap we kitaphana işi babatynda hem, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ägirt uly ilerlemeler, öňegitmeler, özgertmeler, ösüşler bolup geçdi. Prezidentimiziň egsilmez sahawaty bilen 2010-njy ýylda öňki bar bolan kitaphanalardan başga, bütin ýurt gurşawynda birugra 141 sany kitaphanalaryň täzeden açylmagy, oba kitaphanalarynyň işleriniň ýola goýulmagy, olaryň kompýuter toplumlary, täze kitaphana enjamlary bilen üpjün edilmegi, Prezidentimiziň gol çeken karary esasynda döredilen “Galkynyş” kitap merkezi tarapyndan uly ölçegdäki, göreniň aklyny dokundyrýan täze kitaplaryň her bir tapgyrlarynyň kitaphanalara yzygider gelip gowuşmagy, okamak islegindäki, öwrenmek, bilmek höwesindäki kitaphana okyjylarynyň göwün guşuny ganatladyrdy. Prezidentimiziň gol çeken karary esasynda Türkmenistanda medeniýet ulgamyny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin döwlet Maksatnamasy tassyklanyldy. Kitaphana işini ösdürmek meselesiniň Maksatnamada ilkinji orunda goýulmagy, biziň ýurdumyzda kitap we kitaphana işini ösdürmekde döwletli döwranyň dolanýanlygynyň aýdyň nyşanydyr. Türkmenistanyñ Prezidentiniñ Ylymlar akademiÿasynda 2012-nji ÿylyñ iýun aýynyň 12-nde eden çykyşynda: “Ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny awtomatlaçdyrmagy we kompýuterleçdirmegi kämilleşdirmek arkaly önümçiligi guramagyñ we dolandyrmagyñ innowasion-maglumat binýady döredilmelidir дийди. Munuñ üçin, ilkinji nobatda, dürli maksatly programma üpjünçiligini, elektron resminamalar dolanyşygyny we elektron hökümeti döretmek, onuň iшini sazlaşykly ýola goýmak, bu ulgamy netijeli peýdalanmak we dolandyrmak boýunça innowasia tehnologiýalaryny ornaçdyrmak zerurdyr” - diýip, nygtady. Şu nukdaý nazardan ugur alyp, kitaphanlaryň täze kompýuter toplumlary bilen üpjün edilmegi netijesinde, ýurdumyzyň kitaphanalarynyň işinde hem ep-esli özgerişler, işiň täzeçe usullary durmuşa ornaşdyryldy. Şu günler Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň 2012-nji ýylyň awgust aýynyň 14-i, № 246 g belgili buýrugynyň görkezmelerine laýyklykda, ýurdumyzyň jemagat kitaphanlarynyň kitap gaznalaryny tutuşlugyna halkara standartyna laýyk gelýän umumy onluk klassifikasiýasynyň tablisalarynyň indekslerine geçirmek işi üstünlikli tamamlandy. Bilşimiz ýaly kitaphanlaryň esasy baýlygy onuň kitap gymmatlyklaryndan ybarat bolup durýar. Şoňa görä-de, ilki bilen kitaphanda bar bolan dürli bilim pudaklaryna degişli kitap neşirleriniň ählisiniň sanawy kompýuterlere ýüklendi. Onuň yz ýanyndan gazet - žurnal makalalarynyň elektron kartotekasy ýola goýuldy. Häzirki wagtda bolsa, dürli ylym - bilim pudaklaryna degişli bolan kitaplaryň elipbiý hem-de pudaklaýyn kataloglaryny kompýutere ýüklemek ýagny olaryň elektron kataloglaryny döretmek boýunça alynyp barylýan işler giň gurşawa eýe boldy. Görşümiz ýaly, ösüş bir ýerde durmaýar. Täze tehnologiýalaryň durmuşa ornaşdyrylmagy işe täzeçe çemeleşmegi talap edýär. Kitaplaryň elektron kataloglary düzülýän pursatynda köneçe düzgünlerden daşlaşmak zerurlygy baradaky mesele ör boýuna galdy. Kitaphana kataloglary çap neşirleriniň we beýleki maglumatlaryň ulgamlaşdyrylan ýygyndysynyň düzümini we mazmunyny açyp görkezýän maglumatlar binýady bolup hyzmat edýär. Her bir katalogyň ady onda teswirleriň toparlanyş usulyna katalogyň maksadyna we beýleki elementlere baglydyr. Her bir kitap birnäçe meselelere degişli maglumatlary öz içine alýar. Emma, kitap tekjede bir ýerde durýar. Beýle ýagdaýda okyjylar gaznanyň umumy mazmunyndan üzňe galýar. Kitaplaryň agalaba köp böleginiň okyjylaryň ellerinde bolýandygyny göz öňünde tutsaň, onda kitap gaznanyň mazmunynyň okyjylara ýetiş derejesi garaşylýan netijäni bermeýär. Emma, kataloglarda welin birbada dürli meseleleri özünde şöhlelendirýän ýekeje kitap goşmaça ýazylan ýagny kömekçi kataloglara laýyklykda mazmuny boýunça doly açylyp görkezilýär. Bir söz bilen aýdylanda, bilimiň islendik pudaklarynda görkezmäge mümkinçilik berýär. Diýmek, kitaphana kataloglary kitap hazynasynyň mazmunyny doly açyp görkezýär. Kitaplary wagyz etmekde hem-de okyjylaryň islän kitabyny kataloglara salgylanmak esasynda berjaý etmek mümkin. Käbir kitaplar iki, üç ýa-da toparlaýyn awtorlar tarapyndan ýazylýar. Okyjynyň bolsa haýsy awtoryň ady bilen ýa-da kitabyň ady bilen ýüzlenjegi belli däl. Şeýle bolansoň, öňler birinji, ikinji, üçünji awtoryň (kitabyň ýazarmanlarynyň ) adyna kömekçi kataloglar ýazylardy. Emma, indi kompýuterleriň kitaphana durmuşyna ornaşdyrylmagynyň netijesinde şol zerurlygy aradan aýyrmagyň wagty geldi. Sebäbi, indi kompýuteriň “Gözleg” düwmesiniň üsti bilen okyjy haýsy awtoryň adyny tutup gelse-de ýa-da kitabyň ady bilen ýüzlenen ýagdaýynda-da bu işi amala aşyrmak mümkin. Mysal üçin: 52.8 Berdimuhamedow Gurbanguly 49 Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri , III / Türkmen dilinde.-A.: TDNG, 2012.- 271 sah. Daş.: 37.85 Kitabyň esasy maksady,dermanlyk ösümlikler barada öz bilimleriniň üstüni ýetirmek,olaryň daşky gurluşy,öşüş şertleri,himiki düzümi,lukmançylyk amalyýetinde peýdalanylyşy,saklamaklygyň düzgünleri baradaky maglumat- lardan ybaratdyr. 52.8 84Tür7 Baýram Han B37 Eserler ýygyndysy.-A.: TDNG, 2012.-166 sah. Daş.: 6.22 Türkmenleriň taryhynyň gadymy we baý bolşy ýaly,onuň ýaýrawy hem giňdir.Bu kitap,ХУI asyrda ýaşap geçen,beýik serkerde we şahyr Baýram han Türkmeniň ömür beýanyny hem-de onuň galdyran edebi mirasynyň nusgalaryny öz içine alýar 84Tür7 Katalog guramak işi metbugat eserine, onuň belli bir bölegine, ýa-da eserleriň toparyna bibliografik teswir düzmekden başlanýar. Bibliografik ýazgylary teswirlemegiň tärleri boýunça kataloglar esasy üç görnüşe bölünýär. Birinji elipbiý katalogy onda çap neşirleri ýazarmanlaryň ady we atlaryň berk elipbiý tertibinde görkezilýär. Ikinji pudaklaýyn katalogy adyndan mälim bolşy ýaly çap neşirleri dürli bilim pudaklarynyň tertibinde ýerleşdirilýär. Üçünji predmet katalogy - onda teswirler kitabyň mazmunyny emele getirýän predmetleriň we düşünjeleriň umumy elipbiý tertibinde ýerleşdirilýär. Elipbiý katalogy üçin teswirler kitaphanada kitaplaryň mazmuny göz öňünde tutulmaýar. Şonuň üçin hem dürli temalara degişli kitaplar bir ýere toplanmaýar. Eseriň ady we ýazarmany okyja mälim bolanda, elipbiý katalogy boýunça kitaphanada belli bir, anyk kitabyň bardygyny, kitaphanada şol ýa başaga bir ýazarmanyň haýsy kitaplarynyň bardygyny anyklamak mümkin. Pudaklaýyn katalogynda teswirler ilki bilen eserleriň mazmunyna laýyklykda bilim pudaklary boýunça, onuň her biriniň içinde bolsa, teswirler logiki yzygiderlilikde umumy düşünjeleriň tabynlyk tertibinde ýerleşdirilýär. Meselem: 51 MATEMATIKA 51-7 Barlaglaryň matematik usullaryny bilimiň beýleki pudaklarynda peýdalanmak 510 Matematikanyň umumy we düýpli meseleleri. Matematikanyň esasy, matematik logika we başg. Köplükler teoriýasy. Konstruktiw matematika. Algoritmler teoriýasy. Matematik logika 511 Sanlaryň teoriýasy. Arifmetika. Elementar, algebraik sanlaryň teoriýasy 512 Algebra Topar teoriýasy. Halkalar we modullar. Li topary 514 Geometriýa. Algebraik geometriýa. Differensial geometriýa 514.18 Çyzykly geometriýa 514.18(075.8) Çyzykly geometriýa boýunça ýokary okuw jaýlary üçin okuw kitaby 514.7 Differensial geometriýa 515.1 Topologiýa 517 Analiz Differensial we integral hasaplama. Operasion hasaplama. Funksiýalaryň teoriýasy. Wariasion hasaplama. Differensial we integral deňleme. Funksional deňleme. Amatly dolandyrmagyň matematik teoriýasy. Operatorlar teoriýasy 519.1 Kombinator analizi. Graflar teoriýasy 519.2 Ähtimallyk teoriýasy we matematik statistika → 311 Statistikanyň nazaryýeti. Statistik metodlar 519.6 Hasaplama matematikasy, san analizi Algebranyň san usullary. Interpolirlemek we Ekstrapolirlemek. Splaýn – usuly. Matematika tablisalary. Nomografiýa 519.7 Matematik kibernetika Matematik kibernetika. Dolandyryjy ulgamyň teoreiýasy. Awtomatlaryň teoriýasy. Habarlaryň matematik teoriýasy. Kodlaryň teoriýasy. Semiotikanyň matematik meseleleri Kibernetikanyň umumy meseleleri → 007 Kibernetikanyň elektroaragatnaşyk meseleleri → 621.391 Semiotika tutuşlygyna → 003 519.8 Operasiýalary barlamak. Karara gelmek teoriýasy. Oýunlaryň teoriýasy. Matematik Programmirlemek. Köpçülikleýin hyzmat etmegiň teoriýasy. Uly ulgamlaryň teoriýasy. Ykdysady – matematik teoriýanyň modeli. Matematiki modellirlemek → 330.4 Matematiki ykdysadyýet Pudaklaýyn kataloglaryň teswiri doly we aýdyň düzülende, kitaphanada bilimiň şol ýa başga bir pudagy, mesele, tema, sorag boýunça nähili kitaplar bar diýen soraglara doly jogap berýär. Predmet katalogy pudaklaýyn katalogy ýaly teswirler kitaplaryň mazmuny boýunça toparlanýar. Ýöne, predmet katalogynda maglumatlar, ownuk soraglar, (predmetler) boýunça olaryň haýsy nukdaý nazardan beýan edilýändigine garamazdan toparlanýar. Meselem, geografiýa degişli kitaplar pudaklaýyn katalogyň birnäçe bölünmesinde görkezilýär: geografiýa, zoоlogiýa, botanika, oba hojalygy we ş.m. Predmet katalogynda bolsa şol meselelere degişli çap neşiri “Geografiýa” diýen predmet rubriginiň astynda toplanýar. Bu katalogda teswirler predmetleriň elipbiý tertibinde ýerleşdirilýär. Maglumatlary doly beýan edilen we bibliografik ýazgylary dogry ýazylan hem-de gowy guralan kataloglaryň üsti bilen kitaphananyň sorag - jogap habar beriş işlerini alyp barmak bolýar. Kitaphananyň kitap gaznasyny baýlaşdyrmakda, kitaplary saýlap almakda, bar bolan kitaplary okyjylara elýeterli etmekde kitaphana kataloglarynyň ähmiýeti örän ulydyr. Юrdumyzyň kitap we kitaphana hyzmatynyň bu günki ösüşlerini, hyzmatynyň hilini, meşhurlygyny hiç bir döwür bilen deňeşdirmek mümkin däl. Günki, maglumatlar asyryny nazarlaýan ýurdumyzyň ähli görnüşdäki kitaphanalaryna şöhratly geljek gujagyny giňden açýar.