Arşdan nur bolup ýagýan ap-ak garlary bilen zemine gözellik paýlap, ülkämize gyş pasly ýetip geldi. Güýzde ýapraklaryny döken baglar indi akja gary şahalaryna bürenjek edip ýapypdyr. Akja gar kalbyňda ýakymly duýgulary oýarýar. Ol göwünlere ganat, ýüreklere joşgun, kalblara ylham berýär. Ynsanyň ýüregi hem gar ýaly ak bolsa, bitmejek iş ýok. Akja garyň pelpelläp ýagyşyny synlanyňda heý, göwnüň al-asmana galman, gürsüldäp duran ýürekler joşman durup bilermi!? Gar ýaganda eziz Diýarymyza arşdan nur ýagýar. Halallyk, rysgal, bereket, kerem-keramat ýagýar. Gar ýaganda ak mermerli şäherimiz Aşgabady synlamagyň başgaça lezzeti bar. Ak mermerli şäher bilen ap-ak garyň sazlaşykda döreden gözelligine jadylanyp, ertekä düşen ýaly bolýarsyň. Garyň daş-töweregi ak lybasa bezäp, jümle-lahany aklyga , agraslyga büremegi, ömür hakda çynlakaý pikirlere atarýar. Akja gar ylhama, umyda, arzuwa atarýan çyn gudrat! Tebigat bilen ynsan kalbynyň sazlaşykda döredýän gudratyna durmuşymyzyň özi şaýat. Durmuşyň manysy-da şol gudratyň içine birje damja bolup goşulmak dälmi näme?! Gar ak bagt bolup, barlyk simfoniýasyny döredip, jadyly mukam ýaly saz çalýar. Şol jadyly mukamy Zemin höwes bilen diňleýär. Asman mama bulutlaryň aňyrsyndan dynman un eläňde, akja gar asmandan zemine tozgalap –tozgalap düşýär. Gar ýagan çagynda tebigat edebi-liriki görnüşe diýseň baý bolýar. Boýdan başa ak gar bilen örtülen agaçlar Zeminiň gözelligine gözellik goşýar. Çöldäki sazaklaryň şahalarynda doňup galan gar tozgajyklary gözel gyzyň sap kümüşden altyn suwy berlip ýasalan gupbasy deýin öwşün atyp, ýürekleri heýjana getirýär, gözleriňi jadyladýar. Gar togalap oýnaýan bigam çagajyklaryň şadyýan gülkisi ýüregine şygyr bolup siňýär. Özüňem biygtyýar çagalyk ýyllaryňa dolanýarsyň. Ak nur bolup ýagýan gar asyl sözleriň yşkyna düşen saz-söhbetli köňüllere gudratly kelamlaryň kerweni, bimöşber mähir deňzi bolup ýagýar. Gar ýagsyn!..Gar ýagsa ynsan kalbyna umyt we päk arzuwlar, süyji duýgular ornap, göwünlere sönmejek ýagtykyk inýär. Gar ýagsa duýgy şalygynyň gapysy açylýar. Şol duýgular bolsa bize ömürlik hemra bolýar. Ýagýan akja gar biziň dünýämize şatlyk goşýar. Çüňki akja gar päklikden, rysgal- bereketden nyşandyr.