Türkmenistan watanymyz ykdysady garaşsyzlygyna eýe boldy diýmäge doly esas bar, çünki Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyna daşky ykdysady faktorlar belli bir derejede täsir edýänem bolsa, ýurdumyzyň ykdysadiýeti, esasan, özbaşdak içki ykdysady çelgilerimize esaslanýar. Mysal, gerekmi baş üstüne. Bilşimiz ýaly, häzir dünýä döwletleriniň ykdysatiýeti ykdysady krizis içinde. Bu ykdysady çökgünlilik Ýewropa döwletlerine, hatda ABŞ-a hem 2008-nji ýyldan bäri düýpli täsir edip gelýär. Dünýäniň ykdysady çökgünligi netijesinde, diňe soňky üç aýda nebitiň bahasy dünýü bazarynda tas iki essä golaý arzanlady, Dünýä bazarynda nebitiň bir barreliniň bahasy 110-115 amerikan dollary bolanlygyndan, ol 60 amerikan dollaryna çenli aşak düşdi, çünki dünýäniň ösen Ýewropa döwletleriniň, ABŞ-nyň, hatda her ýylda 10 göterimden az bolmadyk ösüşe eýe bolýan Hytaýyň hem şu ýylky ykdysady ösüşi belli bir derejede haýallapdyr. Şeýlelikde nebit import edýän uly döwletleriň ykdysady ösüşiniň haýallamagy netijesinde ol ýurtlaryň nebit önümine bolan isleginiň azalmagy bilen nebitiň bahasynyň arzanlaýandygy öz-özünden düşnüklidir. 2008-nji ýylda dünýä ykdysady krizisi başlaýan döwürlerinde Türkmenistan Hökümeti dünýäniň ykdysady krizisiniň ýurda ýetirip biljek täsirini öwrenmegi hem ol ugurlar boýunça anyk netije çykarmagy degişli ýolbaşçylara tabşyrdy. Şeýlelikde dünýä ykdysady krizisiniň mümkingadar derejede ýetirjek täsiriniň öňüni almak boýunça döwlet derejesinde görlen ykdysady çäreler özüniň oňyn netijesini berdi. Ýurdumyzda stabilision banky döredilip, ol bankda toplanan pullaryň bir bölegini ykdysady krizisiň öňüni almak üçin zerur bolsa peýdalanmak gözöňünde tutulypdyr. Soňky üç ýylda ýurdumyzyň döwlet býužeti 35,725 mllliard (2014-nji ýylyň döwlet býužeti 102 milliardanam gowrak türkmen manadydyr. 2012-nji ýylda ýerine ýetirilen döwlet býužetimiz hem şol möçberde we döwlet býužtiň girdejisi çykdajydan artyk ýerine ýetirilipdir.) amerikan dollaryna barabar bolup, ol döwlet býužetinde ykdysady krizisiň ýetirip biläýjek täsirleri doly hasaba alnypdyr. 2008-nji ýyldan bäri dünýä ykdysatiýetinde ykdysady krizis dowam edip, dünýäniň ösen döwletleriniň ykysatiýeti durgunlyga sezewar bolan bolsa, Türkmenistan ykdysady krizis döwründe hem ykdysady taýdan ösmegi başaryp, bu ýyllarda döwlet býužetimiziň girdejisi çykdajysyndan artyk boldy. Ýokarda mysal getiren ykdysady maglumatlarymyz Türkmenistanyň ykdysatiýetine daşarky faktorlar belli bir derejede täsirini ýetirýänem bolsa, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň içki ykdysady çelgilerimize baglydygyny ýene bir gezek subut edýär. Ýatladyp geçsek, 1998-nji ýylyň awgustynda Russiýa federasiýasynda rus rublynyň sanlyja günüň içinde üç-dört esse hümmetsizlenmegi netijesinde bu ýurtda dörän ykdysady krizis Türkmenistanyň ykdysatiýetine hem özüniň ýaramaz täsirini ýetirdi. Türkmenistanda daşary ýurt walýutalarynyň, esasanam, amerikan dollarynyň gara bazar kursy döräp, gara bazarda amerikan dollary resmi döwlet kursundan dört-bnäş esse ýokary bahadady. Has dogrusy, 1990-njy ýyllaryň ahyrlaryna Russiýa federasiýasynda dörän ykdysady krizis Türkmenistanyň ykdysatiýetine düýpli zyýanly täsir edipdi. Çünki ol zamanlar Türkmenistan gaz satmakda diňe Russiýa federasiýasyna baglydy. SSSR döwründe soýuz respublikalara girýän ýurtlaryň biri-birine baglanyşykly ykdysatiýeti dargap, täze ykdysatiýetimiz kemala gelip ýetişmändi. Has anygy mundan 24 ýyl ozal Türkmenistan syýasy taýdan garaşsyz bir ýurt bolanam bolsa, Garaşsyzlygymyzyň ilkinji on ýylynda ykdysady tarapdan Soýuz zamanynda emele gelen ykdysatiýetiň dargamagy hem täze ykdysadyýetimiziň kemala gelip ýetişmezligi netijesinde ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty daşarky ykdysady faktorlara, esasanam, şol döwürde Türkmenistanyň iň uly söwda partnýory, SSSR-iň mirasdüşeri bolan Russiýa federasiýasynyň ykdysatiýetine uly derejede täsiri astyndady. Ýöne XXI asyyň ilkinji on ýyllygynyň ahyrlaryna çenli Türkmenistanyň ykdysady kuwwaty berkedi. Hytaýa gaz akdyrylyp başlandy. Ýakyn ýylda Türkmenistan Hytaýa her ýylda 60 milliard kub metr gaz iberer. Eýrana iberilýän gaz turbasynyň ikinji tapgyry açyldy. Türkmenistanyň Eýrana hem her ýylda 20 milliard kub metr gaz ibermäge mümkinçiligi bar. Türkmenistan Owganystan, Pakistan, Hindistan gaz geçirijisini gurup başlamak barada bu ýurtlar bilen oňyn gepleşikler alnyp barylýar. Türkmenistanyň gazyny Ýewropa ýurtlaryna ibermek boýunça hem belli bir işler edilýär. Garaz, Türkmenistanyň geljek bäş-on ýylyň içinde gaz satmak boýunça azyndan ady agzalan iki ugur boýunça üstünlik gazanjakdygyna şübhelenmese bolar. Türkmenistan soňky ýyllarda diňe bir çig maldan gelýän girdejilere bagly bolmazlyk üçin uly tagalla edýär. Öndürýän pagtamyzyň 60 göterimi ýurdumyzyň zawod-fabriklerinde işlenilýär eken. SSSR zamanynda pagtamyzyň bary-ýogy iki göterimi ýurdumyzyň içinde gaýtadan işlenipdir, has dogrusy, pagta süýümimizi salyp beýleki soýuz respublikalaryna ibermek üçin bi:z mata öndürilipdir. Bi:z matamyzdan halta tikilip, ol haltalara taýýar edilen pagta süýümimiz salnyp, beýleki soýuz respublikalaryna iberilipdir. Hatda şol bi:zden halta matalary pagta öndürýän halkymyz isledigiçe alybam bilmändir.Ýurdumyzyň içinde bi:z mata diňe merhumlary soňky ýoluna ugradylanda gerek bolupdyr. Mahlasy, ýurdumyzda öndürýän pagtamyzdan ilatymyz diňe haltanyň hem kepenlik bi:z matanyň önýändigini bilipdir. Bu günki gün bolsa özümizde öndürilýän pagtamyzdan dünýä bazarynda gerekli hasaplanýan egin-eşikler, jinsi matalar öndürilýär. Ýurdumyzyň tekstil pudagynyň hem belli bir ösüşlere eýe bolandygyny aýtmak gerek. Bu günki gün türkmen halylarynyň, ýurdumyzda öndürilýän tekstil önümleriniň hyrydary dünýä bazarynda hem az däl. Mahlasy, häzir oba hojalygynda öndürýän pagtamyzy, gök önümlerimizi gaýtadan işläp, ilata we dünýä bazaryna çykarmak üçin döwlet derejesinde uly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda öndürilýän nebit önümini gaýtadan işläp, dürli senagat önümlerini almak, ýokary hilli ýag, benzin zawodlaryny gurmak meýilleşdirilýär. Ýakyn wagtda Aşgabadyň etegindäki Owadandepede iň ýokary hilli A-98 benzini öndürýän zawodyň işläp başlajakdygy biziň aýdanlarymyzyň anyk subutnamasydyr. Şeýlelikde Türkmenistan çig malyň girdejisine bolan baglylygyny ýyl-ýyldan azaldýar. Türkmenistan dünýäniň dürli ýurtlary bilen birek-birege peýdaly gatnaşyk etmek üçin uly tagallalar edýär. Uly depgin bilen demir ýol, gara ýol gurluşygyny amal edýär. Has takygy, häzir Türkmenistan gara hem demir ýollaryň gurluşyk mekany boldy diýmäge doly esas bar. Diňe Türkmenistanyň içinden 700,5 kilometre uzap gidýän Özen (Gazagystan), Gyzylgaýa–Bereket–Etrek, Gürgen (Eýran) demir ýolunyň açylmagy bilen ýudymyzda bar bolan 3670 kilometr demir ýolumyzyň uzynlygy 4371 kilometre barabar boldy.. Demir ýol menzilimiz barha uzalýar. Ol uzaldygyça hem Türkmenistanyň Ýewraziýada transport hyzmatdaşlygy boýunça ähmiýeti barha artýar. Türkmenistan geljekki gözöňünde tutýan ykdysady ösüşinde dünýä ýurtlary bilen deňhukly gatnaşygy edip, dünýä çykmak, ähli halklar bilen açyk, aýdyň gatnaşyk etmegi maksat edinýär. Ähli aýdanlarymyzy jemläp aýtsak, ýurdumyzyň ykdysatiýetini bazar ykdysadyýetine laýyk gurnamakda edilmeli işler, çözülmeli problemalar köp, ýöne häzir Türkmenistan özbaşdak garaşsyz ykdysady syýasata eýe bolup, biziň ýurdumyz SSSR zamanyndaky soýuz respublikalaryň biri-birine garaşly ykdysatiýetiniň garaşlylygyndan doly saplandy. Garaz, Türkmenistanyň özbaşdak ykdysady syýasaty ýurdumyzyň ykdysatiýetine daşarky faktorlaryň mümkingadar az täsir etmegine şert döretdi. Şonuň üçinem ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty, esasan, içki ykdysady çelgimiz-ugrumyz boýunça ösüşe eýe bolýar. Ynha, bu ykdysady üstünlige welin, guwanmazlyk mümkin däl. Döwletmyrat Ýazkulyýew. Türkmenistanyň Milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri