Gynansak-da ata-babalarymyzyň “Süri agsaksyz bolmaz” diýip belläp geçişleri ýaly, şular ýaly eşretli durmuşyň hözürini görüp ýaşamaga derek käbir nogsanlyklary döredýän ildeşlerimiz hem bar. Käwagtlar jahyl oglanlarymyz şular ýaly uly baýramçylyklaryň biri hasaplanýan Täze ýyl baýramçylygyny ýatdan çykmajak, has täsin geçirmek maksady bilen zyýanly maddalardan durýan partlaýjy maddalary we uçgunlary we birnäçe şuňa meňzeş daş töwerege zyýan ediji maddalary atmak bilen, özlerinine hem-de daş-töweregene töwekgelli zyýan edýändiklerini hem käwagtlar ýatdan çykarýarlar. Ildeşlerimiz bular ýaly partlaýjy maddalary atmak bilen, birinjiden howany hapalasalar, ikinji tarapdan şol partlap atylýan maddalary gopgunly uly sesi bilen biziň ak sakgally gojalarymyzyň hem-de kümüş saçly enelerimiziň, ildeşlerimiziň saglygyna-da uly zyýan ýetirip bilýandigini hem ýatdan çykarýarlar. Ýaş nesillerimiz hem özlerinden ýaşy uly bolan jahyl oglanlardan, doganlaryndan we ýolda-yzda gören hereketlerini gaýtalamak isleýerler. Emma ýaş nesillerimiz şol hereketleriň ýarmazdygyna ýa-da peýdalydygyna akyl ýetirip bilmeýärler. Şonuň üçin hem biz ýaş nesillerimize görelde mekdebi bolmalydyrys. Durmuşda ogul atadan, okuwçy mugallymdan, esger serkerdeden umuman kiçiler ululardan görüm-görelde alýar. Adamda öýkünjeňlik duýgusy ösendir. Danalarymyzyň: - “Orta hal mugallym beýan edýar. Gowy mugallym düşündirýar. Ussat mugallym görkezýär. Beýik mugallym ruhlandyrýar” diýişleri ýaly biz hem ildeşlerimizi asuda, eşretli durmuşymyzda diňe gowy niýetlere ruhlandyrmalydyrys. Ýaş nesiller Şu günüň binýady, geljegimiziň bagty hem arzuw-umytlarymyzyň gözbaşy bolup durýar. Halkymyzyň ruhy ahlak terbiýesiniň ýaş nesillere görelde bolarlyk derejede nusgalyk ýoly bar. Goý, elmydama şol nusgalyk ýol hem geljekki nesillerimize hem miras galsyn. Bu gün Berkarar ýurdumyzyň çar künjegi halkymyza rysgal getiren baýlyk hazynanyň, rysgal-berekediň mesgeni, jenneti mekan hökmünde dünýäde tanalýar. Orta Aziýanyň merjeni, asudalygyň ajaýyp mekany ak şäherimiz Aşgabat Bedew ýylynda Bedew batly ösüş-özgerişler gazanyp, Täze ýyla iň gowy netijeler, belent üstünlikler bilen sazlaşykly gözelliklere beslenip barýar. Bu ajaýyp zamanda biziň her aý-günümiz taryhy wakalara, ykdysady ösüşlere, il-ýurt bähbitli kaşaň binalaryň, ajaýyp desgalaryň we birnäçe ýatdan çykmajak halkara çärelere beslenýär. Tamamlanyp barýan bedew ýylynda halkymyz, ylaýta-da ýaş nesiller ençeme şatlykly we taryhy wakalaryň şaýady boldular. Yokarda belläp gecişimiz ỳaly döwletimiziñ şeỳle eşretlerini gorap saklamak, olaryñ hözürini görüp ỳaşamaklyk üçin ỳurdumyzda hususanda paỳtagtymyzda jemgiỳetçilik tertip düzgünini üpjün etmek maksady bilen degişli gulluklar tarapyndan birnäçe işler amal eilỳär. Olara mysal hökmünde halk köpçüliginiñ üỳşỳän ỳerlerinde, köçelerde, dükanlarda, edara kärhanalada ỳokary hilli widỳo gözegçilik enjamlary ornaşdyrylan. Şol kämil enjamlar arkaly ỳazgy edilen wakalary, hereketleri bir ỳyl möhlet bilen ỳadynda saklamaklyga mümkinçiligi bar. Şeỳle kämil enjamlaryñ ornaşdyrylmagy bolsa ỳol berilen bikanun hereketleri, nogsanlyklary ỳüze çỳkarmaklykda amatly serişde bolup durỳar. Aỳdylanlara mysal hökmünde şu ỳỳlyñ sentỳabr aỳynda Aşgabat şäheriniñ Abadan etrabynda ỳerleşỳän Tükmenistanyñ demir ỳol ulaglary ministrligine degişli bolan kärhanada zähmet çekỳän raỳlaryñ, halal zähmet haklarynyñ dört sany ỳaş ỳetginjekler tarapyndan ogurlanmagy bilen baglanşykly olaryñ bikanun hereketleriniñ üstüniñ açylmagyny görkezmek bolar. Mundan başga-da mysal hökmünde ỳañỳ ỳakynda paỳtagtymyza gazanç etmek maksady bilen gelen raỳatyñ hususy awtoulagynda kireỳ edỳän döwründe awtoulagyna müşderi bolup münen paỳtagtymyzyñ dört sany ỳäş ỳetginjekleri oña ỳerliksiz azar berip, mertebesini kemsidiji sözleri ulanylmagy bilen baglanyşykly hereketleri hem aỳan edilip, olar özleriniñ eden etmişleri üçin temmi çäresini alaỳarlar.
Adiz 10 years ago- gowy tema awtor