Mobil Android enjamlaryna bolan hüjümler geçen ýyla garanyňda 4 esse köpeldi. “Kaspersky laboratoriýasynyň” web portalynda ýerleşdirilen maglumatlara görä, 2013-nji ýylyň oktýabr aýyndan 2014-nji ýylyň noýabr aýy aralygynda bu kompaniýanyň önümleri Android operasion ulgamynda işleýän enjamlara bolan hüjümleriň 1 363 549 sanysyny bloklady. 2012-2013-nji ýyllar bilen deňeşdirilende Android enjamlaryna bolan hüjümler 4 esse köpeldi. Ýagny, şeýle enjamyň her 5-nji ulanyjysy mobil hüjümlere sezewar bolupdyr. Onuň 53% pul ogurlamak boýunça mobil troýanlarydyr. 12,3 % SMS troýanlaryny ulanmak arkaly hüjümler. Onuň bilen bilelikde mobil bank troýanlarynyň sany hem 9 esse köpeldi we olar 12 100 sanydyr. Hüjüm edilen döwletleriň sany hem köpeldi: mobil bank troýanlary 90 sany döwletde ýüze çykaryldy. Şeýle hüjümlere has köp zyýan çeken Russiýa Federasiýasy bolup durýar. Ulanyjylaryň kompýuterlerine bolan web-hüjümler boýunça 2014-nji ýylda olaryň sany 1 432 660 467 ýetýändir. Kaspersky laboratoriýasynyň gorag önümleri tarapyndan bank hasabatlaryny onlaýn arkaly pullary ogurlamaklyk üçin niýetlenen zäherli programmalaryň 16 552 498 sanysy hasaba alyndy. Has giň ýaýran bank troýanlarynyň biri ZeuS, ikinji ýerde Trojan-Banker.Win32.ChePro, üçünji ýerde Trojan-Banker.Win32.Lohmys. Beýleki maliýe howplaryna Bitcoin-gapjyklaryny talamaklyk (14%), Bitcoin-maýning (10%) degişli bolup durýar. Hünärmenler web-hüjümleri ýagny, spamlary ýaýratmakda döwletleriň arasyndaky liderleriň hasabatyny hem berdiler. Olar: ABŞ (27,25%), Germaniýa (16,62%) we Niderlandlar (13,41%).