Bir gezek iki dost dynç almak üçin tebigata çykýarlar. Ýolda bu ikisiniň sözi azaşyp, biri beýlekisine ýakymsyz sözler aýdýar. Dostundan şeýle sözleri eşidendigine gynansa-da, ýoldaşy oňa jogap hiç zat aýtmaýar. Diňe çägäň ýüzüne şeýle sözleri ýazýar: ¬¬–– Şu gün iň gowy dostum maňa ýaramaz sözler aýtdy. Ýollaryny dowam etdirip gelýärkäler bularyň öňünden bol suwly çeşme çykýar. Dostlar çeşmede suwa düşüp geçmegi karar edýärler. Suwa düşüp otyrkalar dostlaryň ýaramaz sözleri eşideni birdenkä gark bolup ugraýar. Beýleki dosty bolsa dessine ony halas edýär. Özüni dürsäp bolansoň, hälki gark boljak bolan dost daşyň ýüzüni köwüp şeýle ýazgy ýazýar: –– Şu gün iň gowy dostum janymy halas etdi. Ýaramaz söz aýdan hem-de halas eden dosty beýlekisinden soraýar: –– Haçan göwnüňe degenimde sen çägäň ýüzüne ýazdyň. Indi bolsa daşa ýazýarsyň. Munuň sebäbi näme? Dosty şeýle jogap berýär: –– Kimdir biri göwnümize degse, şemal öwsende bozular ýaly, ony biz çägä ýazmaly. Haçan kimdir biri bize nähilidir bir ýagşylyk etse, hiç hili şemal bozup bilmez ýaly, ony biz daşa köwläp ýazmaly.

Köneler, TDUmaksat tarapyndan 10 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir