Ynsanlary biri-birinden tapawutlandyrýan aýratynlyklaryň bolşy ýaly, milletleri hem biri-birinden tapawutlandyrýan aýratynlyklar bar. Bular, milletleriň uzak ýyllaryň dowamynda döreden, kemala getiren taryh, ahlak, däp-dessur we urp adatlaryndan emele gelen, ynsanlara milli şahsyýet gazandyran aýratynlyklardyr. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bolup geçen Türkmenistanyň nobatdan daşary XXI Halk Maslahatynyň mejlisinde täze redaksiýasy kabul edilen Konstitusiýamyzyň 27-nji maddasynda milli däp-dessurymyz hakynda şeýle diýilýär: «Ata-eneler ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlar çagalaryny terbiýelemäge, olaryň saglygy, ösüşi, okuwy barada alada etmäge, olary zähmete taýýarlamaga, kanunlara, milli we taryhy däp-dessurlara hormat goýmak medeniýetini olaryň aňyna ornaşdyrmaga hukuklydyrlar we borçludyrlar.» - diýlip örän jaýdar nygtalyp geçilýär. Görşümiz ýaly, biziň ýurdumyzda ruhy sagdynlyk, ahlak ýörelgeleri, halkymyzyň milli däp-dessurlary, urp-adatlary döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda goýulýar. Halkymyzyň bäş müň ýyllyk şöhratly taryhy ýoly bar. Şol bäş müň ýyllyk taryhymyzyň ýüze çykaran däp-dessurlary bu günki gün ajaýyp edep-ekram mekdebi, tertip-düzgün bolup kalplara siňip gitdi. Hat-da ösen döwletleriň kämil kanunçylyk binýatlaryna-da gaýra dur diýdirýän halkymyzyň tüýs türkmençilige has bolan milli däp-dessurlary bar. Ata-babalarymyz müňýylyklaryň dowamynda durmuş mekdebiniň özboluşly kada-kanunlaryny işläp, umumы adamzat ýol-ýörelgelerine, edim-gylymlaryna, medeniýetine saldamly goşant goşupdyrlar. Jemgyýetde özüňi alyp barmagyň, belent nusgasyny görkezipdirler. Biziň däp-dessurlarymyzda adamzat ahlagynyň iň gowy sypatlary jemlenendir. G.Berdimuhammedowyň 4-nji çagyrylyşynyň 1-nji maslahatynda eden çykyşynda däp-dessur hakyndaky pikirini has-da nygtap: «Medeniýetde - bu halkymyzyň medeni mirasyny gorap saklamakdyr hem-de ony geljekki nesillere galdyrmakdyr, milli ruhy-medeni gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy gaýtadan dikeltmekdir, ilatyň bilimini we umumy medeniýetini dünýä ülňülerine laýyk derejä galdyrmakdyr, ene dilimizi ösdürmekdir. Ahlak ulgamynda - bu ösen jemgyýetiň şahsyýetine mahsus bolan durmuşyň ahlak ýörelgelerini wagyz etmekdir, sagdyn durmuş ýörelgelerini döretmekdir, maşgalanyň mertebesini ýokarlandyrmakdyr, ýaşuly adamlara we halk mukaddesliklerine hormat goýmakdyr» - diýip, mejlisiň öňünde durýan wezipelere aýdyňlyk berdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Hatyra günki çykyşynda-da: «Milletiň kämilligi ynsana diňe bir dirikä hormat goýmakda däl, eýsem bakyýete gidensoň berjaý edilýän dessurlarda, adat-kadalarda hem aýdyň ýüze çykýar» - diýip, milli türkmen däp-dessurlarymyzyň durmuşdan üzňe däldigini ýene bir ýola nygtap geçdi. Milletiň däp-dessurlary, urp-adatlary olaryň oturup-turşunda, geýnişinde, toýdur ýasynda äşgär duýulýar. Biziň adatlarymyzdan däp döräpdir. Däplerimizden dessur döräpdir. Ogul öýermek, gyz çykarmak adat. Ogul öýerilende, gyz çykarylanda toý tutmak däp, Toý tutulanda birnäçe dessurlar berjaý edilýär. Ata-babalarymyzyň nika toýlarda, tam toýlarda, galpak toýda, ýaş toýda, göreş tutdurmak, bagşy aýtdyrmak, halat ýapmak dessurlary bar. Türkmeniň däp-dessurlaryndan urp-adatlaryndan halkymyzyň edep kadalary gelip çykypdyr we kämilleşipdir. Muňa salamlaşmak edebi, myhmançylyga barmak edebi, egin-eşik edebi, iýip-içmek edebi, gelin-gaýyn edepleri degişlidir. Şol edep kadalarynyň içinden perzendiň ene-atanyň öňündäki borjy, ata-enäniň perzendiň öňündäki borjy, doganyň-doganyň öňündäki borjy, raýatyň watan öňündäki borçlary syzylyp çykypdyr. Halkymyzyň milli däp-dessurlary we urp-adatlary türkmen halk döredijiliginiň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Türkmen halk döredijiligi özüniň mazmuny, formasy boýunça ertekiler, şorta sözler, rowaýatlar, eposlar, läleler, monjukatdylar, hüwdüler, agylar, toý aýdymlary ýar-ýar, dürli sanawaçlar, halk aýdymlary, nakyllardyr atalar sözleri, matallar, yrymlar, ýalňytmaçlar, ýomaklar, ýareýjan ýa-da, dönem ýaly ýörgünli eserlere bölünýär. Däp-dessur döredijiliginde hüwdi aýdymlary, sallançakda ýatan ýaş çagalara degişlidir, ene-atanyň çaga-perzende bolan mähirli söýgüsi, olaryň edepli ekramly döwrebap adam bolup ýetişmekleri, elleriniň hünärli bolmagy ýaly möhüm göwün islegleri bilen baglanyşykly bolupdyr. Halkymyz özüniň milli gymmatlyklaryny ýagny milli şaý-seplerini, egin-eşiklerini, päkize türkmen bedewlerini, nepis halylaryny, durmuş edim -gylymlaryny, urp-adatlaryny ýer ýüzünde bolup geçen ownukly irili uruşlaryň içinden, ot-ýalynyň içinden asyrlaryň jümmüşinden alyp çykyp agyzla gapdyrman, toýnakla depdirmän biziň şu günlerimize ýetiripdirler. Däp-dessurlar geçmişi şu güne, şu güni ertire eltjek gymmatlyklardyr. Şonuň üçin däp-dessurlarymyzy, urp-adatlarymyzy, edep kadalarymyzy biziň her birimiz içgin öwrenip, olary ene-mamalarymyzyň öwüt-ündewleriniň üsti bilen, sahna folklor, oýunlarynyň ýagny hüwdileriň, läleleriň, monjugatdylaryň üsti bilen ýaş nesliň aňyna ornaşdyrmak üçin terbiýeçilik usullarynyň ähli görnüşlerinden ýerlikli peýdalanmagymyz gerek. Halkymyz sözüňi diňläp aklyňa, geýmiňi synlap duýgyňa, işiňi görüp başarnygyňa, öýüňe seredip ömrüňe baha berýär. Jemgyýet maşgaladan başlanýar. Jemgyýeti sagdyn we arassa saklajak bolsaň, maşgalany arssa hem sagdyn saklamaly. Islendik milletiň ösüşiniň derejesi onuň medeniýetiniň kämilligi bilen kesgitlenýär. Medeniýet, umuman, baky, mizemez däldir, ol hemişe ösüş ýolundadyr. Adamzat elmydama ösüşde, bu tebigy kanunalaýyklyk.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 10 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir