Berkarar döwletimiziň bedew badyna beslenen bagtyýarlyk döwri her günki ýetýän sepgitleri, gazanýan şan-şöhraty bilen ähli halkymyzyň ýüregine buýsanç bagyşlaýar. Tutuş ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen durmuşa geçirilýän ägirt uly taslamalar gözel diýarymyzyň görküne görk goşýar. Ähli il-ulsumyzyň köňül küýsegi, ýürek buýsanjy bolan ak mermere beslenýän paýtagtymyzyň şaýollarynyň ugrunda gurulýan belent ymaratlaryň, öňi serhowuzly köşkleriň, köp gatly, biri-birinden owadan, ýaşaýyş jaýlarynyň hatarlarynyň artyp barşy bolsa bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň iň gymmatly baýlygy bolan adamlar hakyndaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülendigini görkezýär. Dünýä ülňülerine gabat gelýän demir, deňiz, derýa ýollary we şaýollarymyz ýurdumyzyň çäginde dürli aralyklara uzamak bilen, ýurdumyzyň ulag infrastrukturasynyň barha ösmegine uly goşant bolup durýar. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has hem ýokarlanmagy netijesinde aýdyň we nurana ýollarymyzda hususy we döwlet eýeçiligine degişli bolan dürli kysymly ulaglaryň hereketi artýar. Ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmekde, ýurdumyzyň ýollarynda bolýan ulag hadysalarynyň öňüni almakda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda uly işler amala aşyrylýar. Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugyna dünýä ülňülerine laýyk gelýän awtoulaglaryň, motosikilleriň, tehnikalaryň alnyp berilmegi ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün edýär. Häzirki wagtda gözel paýtagtymyzyň şaýollarynda we köçelerinde wideogözegçilik enjamlarynyň ornaşdyrylmagy, ýol-ulag hadysalarynyň bolmazlygyna gözegçilik etmek işini tehniki taýdan has kämilleşdirmäge mümkinçilik berýär. Öýjükli, ýagny wagty görkezýän ýolyşyklaryň goýulmagy, sowma ýollaryň gurulmagy çatryklarda ýol-ulag hadysalarynyň döremeginiň öňüni almakda uly ähmiýete eýedir. Şoňky dört-bäş ýylyň dowamynda köçelerde we şaýollarda ýerasty geçeleleriň ençemesi guruldy. Bu geçelgeler ýolagçylaryň ýollardan howpsuz geçmegine giň mümkinçilikleri döretdi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmekde anyk wezipeleri öňde goýdy. Bu wezipelere laýyklykda hormatly Prezidentimiz 6-njy maýda geçiren göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatynda adamlaryň, aýratyn-da, çagalaryň we ýetginjekleriň arasynda ýol hereketiniň howpsuzlygy barada düşündiriş işlerini geçirmek, hereket howpsuzlygynyň düzgünlerine düşünjeli garaýşy terbiýelemek örän möhüm wezipe bolmagyna galýar diýip, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almaga gönükdirilen ähmiýetli çäreleri yzygiderli geçirip durmagyň möhümdigine ünsi çekip, döwlet Baştutanymyz şu maksatlar üçin sentýabr aýynda ýol hereketiniň howpsuzlygynyň biraýlygyny geçirmegi, onuň çäklerinde ýollarda howpsuz hereket boýunça okuw derslerini, beýleki öwreniş, öňüni alyş we wagyz-nesihat çärelerini guramagy, tele we radioýaýlymlarda ýörite gepleşikleri taýýarlamagy, metbugatda şu meselä degişli habarlary çap etmegi tabşyrdy. Hereket howpsuzlygyny üpjün etmäge we türkmenistanlylaryň saglygyny goramaga gönükdirilen bu çäreleriň hemmesi biziň döwletimiziň ýol hereketiniň howpsuzlygyny ýollarda howpsuz şertleri döretmegi hil taýdan täze derejä çykarmak boýunça BMG tarapyndan yglan edilen Onýyllygyň esasy maksatlaryny gazanmakda we ýol hereketini sazlaşykly guramakda möhüm ähmiýete eýe bolar. Köçe-ýol hereketine gatnaşyjylaryň hemmesiniň ünsli, seresaply bolmagy örän wajypdyr. Bu ýollarymyzyň ýaramaz hadysasyz bolmagyny üpjün edýän esasy şertleriň biridir. Şol sebäpli, raýatlaryň jan saglygyny goramak, awtoulaglaryň abatlygyny üpjün etmek bilen bagly meselelerde her bir sürüjini we herekete gatnaşyjyny hemişe ünsli we seresaply bolmaga çagyrýarys. Ýoluňyz ak bolsun!

Köneler, BegaLukman tarapyndan 10 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir