Häzirki döwürde dünýäniň dürli künjeklerinde surat çekmegiň dürli-dürli usullary peýda boldy. Surat çekmek bilen uly ýaşly adamlar hem, ýaşlardyr çagalar hem meşgullanýarlar. Soňky ýyllarda dünýäniň uly şäherleriniň köçelerinde, jaýlaryň diwarlarynda surat çekmek ýoň boldy. Bu dürli temadaky suratlar şäherleriň ýaşäýjylarynyň hem-de myhmanlarynyň ünsüni özüne çekýär. Golaýda Hytaý Halk Respublikasynyň Nankin şäheriniň kommunikasiýalar uniwersitetiniň öňündäki meýdançada hemmeleri haýran galdyran täsin surat peýda boldy. Şol ýerde dünýädäki iň uly köçe suraty çekildi. “Ŷaşlaryň owazy” diýlip atlandyrylan bu suratyň umumy uzynlygy 365 metre, tutýan meýdany bolsa 2737,5 inedördül metre barabardyr. Bu özboluşly eseri suratkeşleriň onlarçasy 20 günüň dowamynda döretdiler. Şeýlelikde, halk döredijiliginden peýda bolan bu surat Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 10 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir