Öň ýahta diýlip gollandiýalylaryň deňiz galtamanlaryň yzyndan kowmak üçin ulanan ähli ýeňil, çalt ýöreýän gämilerine aýdylypdyr. Şonuň üçin hem käwagty olaryň watany diýip Niderlandiýa hasaplanylypdyr. Emma ýahtalaryň ikinji watany diýip Beýik Britaniýany hasap etmek dogry bolardy. Iňlis şasy Çarlz II (1630-1685) döwründe olardan syýahatçylyk maksatlarynda peýdalanyp başlapdyrlar. Agaçdan edilen ýahtalar heniz hem gurulýar, emma diňe aýry-aýry sargytlar boýunça. Bütin dünýä meşhur regatalara gatnaşýan ýokary tizlikli ýaryş ýahtalar üçin bolsa uglerodly süýüm ulanylýar. Häzirki zaman ýahtalarynda ýeliň akymyny gowy tutýan ýokarynetijeli ýelkenler bar. Ýahtanyň uzynlygy we ýelkenleriň meýdany gaýygyň tizligine täsir edýär. Bu ölçegler näçe uly bolsa, siziň ýahtaňyz hem öz maksadyna tarap şonça-da çalt uçar. Suwa sygyş göwrümi, tersine, tizlige erbet täsir edýär, emma gäminiň uly suwa sygyş göwrümi we suwa batyş derejesi onuň berkligini ýokarlandyrýar, ol has gowy dolandyrylýar. Ýahtalaryň kireýine berilmegi bize bu dünýä aralaşmaga we özüňi ýahtsmen ýaly duýmaga mümkinçilik berýär. Gämiler dynç almak üçin baryp gadymy döwürlerde-de ulanylypdyr. Köp gadymy şalaryň diňe wagty hoş geçirmek üçin niýetlenen öz şahsy gämileri bolupdyr. Çarlz II ýahta sportynyň ösmegine we olaryň “dynç almak üçin niýetlenen gämi” hökmünde ulanylmagyna itergi beripdir. Belkem, eýýäm şol wagtlarda ýahtalary kireýine almak mümkinkinçiligi bolandyr. Geçen asyryň 50-nji ýyllaryna çenli ähli ýahtalar, esasan, agaçdan edilipdir. Emma ösüş ondan hem uzaga gitdi. Ýahtalaryň gurluşygy üçin aýna süýümi, polat, alýuminiý we plastik massa ulanylýar. Edil şeýle materiallar katerleriň gurluşygynda hem ulanylýar. Motorly katerler şu gün ýahtalaryň iň meşhur we giň ýaýran görnüşidir. Olar ykjam we ýokary tizlikli bolup, ýelkenli katerlerden tizligi,oňaýlylygy we aňsat dolandyrylýanlygy bilen ep-esli tapawutlanýarlar. Kateriň kireýine alynmagy giňden ýaýrandyr. Köp ýagdaýlarda, gaýygyň satyn alynmagy ýa-da kireýine alynmagy barada gürrüň gidende, motorly ýahta göz öňünde tutulýar. Olaryň ölçegi, tizligi we bahasy boýunça tapawutlanýan görnüşleri bar. Standart vip kateriň bahasy 100 müň dollardan başlaýar. Uzynlygy 10 metra golaý, tizligini 17 uzela (30 km/sag.) çenli ulaldyp bilýän, Azimut, Princess ýa-da Feretti tipli ykjam katerleriň bahasy edil şeýledir. Ondan ýokary derejeli ýahtalar uly göwrüme we has ýokary tizlik görkezijilerine eýe – olaryň uzynlyklary 30 metre çenli, tizlikleri 20-25 uzela çenli ýetýär. Bu hili gaýyklaryň bahasy 500-700 müňe çenli ýetýär. Ondan bir dereje ýokarda premium-klas bar, olary megaýahtalar diýip atlandyrýarlar. Özleriniň 30 metrden geçýän uly ölçeglerine seretmezden, olar tizligini kreýseriňki ýaly 40 uzela çenli ulaldyp bilýärler. Bu derejä degişli ähli ýahtalarda dikuçar üçin meýdança, skuterler we gezelenç edilýän katerler, hatda kiçi suwasty gämileri bar. Hatda iň ýönekeýje ýahtalar hem ýokary derejeli myhmanhanalar ýaly rahatlyk üpjün edýärler. Kiçiräk ýahtalarda 2-3 kaýuta we giň bezegjaý bolýar. Adatça, interýeriň dizaýny eýeleriň görkezişleri boýunça ýerine ýetirilýär.