1997-nji ýylda türkmen milli konserwatoriýasyny tamamlan Tirkiş Mätnazarow, şol wagtky Magtymguly adyndaky akademiki we balet teatrynda işe başlady. Halypasy Türkmenistanyň at gazanan artisti Nury Meredow oňa: “aýdymçy bolmak diňe bir seseiňe, sahna gelişip durşuňa bagly däldir, oňa sada we ylymly adam bolmaly. Ýöne okamaly, adamçylygyňy saklamaly. Ana şonda ýadaman, ýaltanman öz hünäriň aladasyny edip ýörseň, ilhalar artist bolarsyň. Bilenjäňi ile öwretseň, özüňden ökdelerden öwrenseň hä diýmän halypalyga-da ýetişersiň diýip sargapdy. Halypanyň sözi ýerde galmady. Tirkiş köp zähmet çekdi. Täze-täze keşpleri döretdi, il halar aýdymlary bilen orta çykdy. Ol şol döwürde Şaapbasyň, Jygalbegiň, Leýliniň kakasynyň ýatda galyjy keşiplerini tomaşaçylaryň göwnünden turar ýaly edip çykarmagy başardy. Türkmenistanyň magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň açylmagy bilen Tirkiş täze teatrynyň oýunlaryny işşeňir ýanaşdy, täze gözleglerde boldy. “Akpamyk – Hemradaky” Hurşutbeg oňa üstünlik getirdi. “Törebeghanymyň” sesi bilen göz görkezýän aşyk Raju artistiň öz göwnündenem turarsyň? “Bir Selbiniň yşkynda” oýnundaky traktorçy Kemal, “Baý gelindäki” aýdymçy Jeýhun artistiň üstünliginiň üstüni ýetirdi. “Talyp söýgüsindäki” geldiniň keşbi onuň adyny has şöhratlandyrdy. Üç dost, üç talyp biri-birine wepaly hem biri-birinden üzňe hereket edip bilenok. Olar hemişe bile, öwülselerem bile, döwülselerem. Talyp hany alan günleri dagy olaryň bolaýyşlaryny. Biri-biriniň hormatyny saklamak, dostuna wepaly bolmak, onuň üçin her dürli sypanaklara baş goşmak, dostuny bagtly etmek bu üç dostuň üçüsiniňem arzuwy. Geldi öz dostlaryny janyndan söýýär. Şonuň üçin gerek bolsa, gije bütin şäheri oýarmaga taýyn. Mätnazarow döwlet derejesinde geçirilýän dürli baýramçylyklaryň ähmiýetine gaty aşýar. Liriki aýdym bolsun, ýüregiňi elendirýän gamly aýdym bolsun, onuň üçin parhy ýok. Ol aýdymyň manysyna düşünjek, ony täsirli etjek bolup çalyşýar. Daýaw göwre, ýanyp duran gözler artiste bu wezipäniň hötdesinden gelmäge ýardam berýär. Tirkeş Mätnazarow köp-köp halklara orestiballara, bäsleşiklere, medeni çärelere gatnaşýar. Ol köp ýurtlarda üstünlikli çykyş edip, tomaşaçylaryň söýgüsini gazandy. Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýewi halypa tutunyp, onuň bilen bileje aýdym aýdyp, özi bilen bile goşulşyp aýdym aýdar ýaly Didar Sarykowy şägirtlige aldy. Ol indi halypa bolmagyň hormatly boluşy ýaly, gaty jogapkärli işdigine düşünip başlady. Düýnki Nury Merediň, Atageldi aganyň şägirdi, bu gün Didar Sarykow ýaly zehinli ýaşlara halypaçylyk edýär. Onuň Didar bilen bilen bile ýerine ýetirýän “Uzak ýaşa Arkadag” aýdymyny diňlänler halypa şägirt ýolunyň gadymyýetden gelişi ýaly, uzak ýollara rowana boljakdygyna düşünerler. Halypa bolmak hormatly bolsa, şägirt ýetişdirmek bagtly bolsa Tirkeş Mätnazarow guwanýar. Tirkeşiň teleýaýlymlarda, radio arkaly aýdaýan aýdymlary diňleýjilere ýaraýar. Ol ýygy-ýygydan çykyş edýär. “Ene elleri”, “Oba gyzlar”, “Tansa çyk, tansa”, “Halkyň howandary” ýaly şekilli aýdymlaryny siz häli şindi synlaýansyňyz. Baýly Allamyradowyň şahyr Hemra Şirowyň sözlerin döreden “Tansa çyk, tansa” aýdymyny Tirkeş şeýle bir şowhunly ýerine ýetirýär welin, otyran ýeriňden gozgananyňy, özüňem tansa hyýal ediberýändigiňi duýman galýarsyň. Rejep Gutlyýewiň ýazan “Oba gyzlary” aýdymynda bolsa, Tirkeş utanjaň, örän salyhatly, ynsanperwer, çekinjeňden başarjaň oba gyzlarynyň tarypyny ýetirýär. Olara söýgi bilen garaýar, olary sylaýar we ýürekden wasp edýär. Şu ýerde, Türkmenistanyň at gazanan artisti Tirkeş Mätnazarowyň birje syryny açmakçy. Ol ajaýyp aýdymçy bolşy ýaly, ussat çeper okaýjy hem. Tirkeş oeziýany söýýär, ony irmän okaýar. Ugruny tapyp bilseň, saňada okap berýär. Berdinazar Hudaýnazarow meniň iň söýgüli şahyrym. Kerim aganyň, Gurbannazaryň, Atamyrat Atabaýewi hem hezil edip okaýan, lezzet alýan. Her bir şahyrda öwrenere zat kän. Olaryň eserleri, duran bir dünýä. Okadygyňça okasyň gelýär. Ine, şujagaz setirleri diňläň: Eger ýürekler bolanda ýakyn, düşünişmek düşenogam beýle kyn. Kalplar biri-birine bolanda bendi, Arkaýyn düşünişer türk bilen hindi. Ýürekleriň urgusy çapraz bolanda, Düşünişäýmez öz dogany bilen. Yns-jyns goýjak bolsa biri-birege gadyr, Esasy zat ýürek ýakynlygydyr. Bu beýik Rumynyň setirleri. Men ol nusgawy şahyry gowy görýän, okadygymça okasym gelýär. Durmuşda şonuň nesihatlaryny ýerine ýetiren adam, hor bolmaz. Köpüň sylag hormatyna eýe bolar – diýip, Tirkeş Mätnazarow ýene bir goşguly kitaba elini uzadýar. Aýdanyň hasyl bolsun Tirkeş halypa! Goý, adalar bagşylardan, ozanlardan öwrensinler. “Ýurda döwlet geler bolsa, bagşy bilen ozan geler”. Goý, ýaşlarymyz olaryň manyly setirlerini ünsli okasynlar. H. Bäşimow Türkmenistanyň at gazanan Medeniýet işgäri.