Dünýä Çempionatynyň gruppadaky oýunlary gutardy. Biz indi kimiň gidýänini we kimiň galýandygyny bilýäris, emma şu wagta çenli geçirilen iň owadan gollar haýsylardy?
5. Jermaine Jonesyň(ABŞ) Portugaliýanyň derwezesine salan goly.
Hiç kim ABŞ-nyň gruppadan çykyp biljekdigini pikir hem edip bilenokdy. Gaty köp adam şu wagt ABŞ-nyň milli ýygyndysynyň öýlerinde boljagyny pikir edýärdi, emma olar özlerinden garaşylmaýan oýuny görkezip Germaniýa, Portugaliýa we Ganaly gruppadan 2-nji bolup indiki tura çykmagy başardylar.
ABŞ-nyň şu wagta çenli çempionatdaky iň owadan golyny bolsa Jermaine Jones Portugaliýanyň derwezesine salmagy başardy. Portugaliýanyň derwezebany Bento bu urguny saklamak beýlede dursyn, diňe gözü bilen ugurlap göýberdi. Uzakdan salynan iň owadan gollaryň biri.
<iframe width=”420″ height=”315″ src=”//www.youtube.com/embed/dOBngCDPYhE?rel=0″ frameborder=”0″ allowfullscreen></iframe>
4. James Rodrigueziň Ýaponiýa salan goly
Kolumbiýa Dünýä Çempionatynda “Gara bedewleriň” biri hasap edilýärdi, we ýagdaýlara seredilse olar “Gara bedewlikden” – liderlige geçdiler.
James Rodriguez Ýaponiýa garşy 4-1 utan oýunlarynda özüniň näme üçin “Ýewropanyň iň gowy talantlarynyň biridigini” görkezdi.
<iframe width=”560″ height=”315″ src=”//www.youtube.com/embed/G6sslrVxowM?rel=0″ frameborder=”0″ allowfullscreen></iframe>
3. Lionel Messiniň Eýrana salan goly.
Ballon d’Or-y 4 gezek ýeňen adamdan üýtgeşik bir oýun garaşyldy, we häzirki wagtda ol özünden garaşylýan oýuny görkezýär. Onuň ilkinji 3 oýunda 4 gol salmasy Argentinanyň 3 sany ýeňiş bilen gruppadan 1-nji bolup çykmagyna uly itergi berdi. Onuň iň owadan goly bolsa Eýrana garşy salynan gol boldy.
We şular ýaly gol hem oýunçynyň nä derejede güýçlidigini görkezýär.
<iframe width=”560″ height=”315″ src=”//www.youtube.com/embed/QQaY6VXgBrE?rel=0″ frameborder=”0″ allowfullscreen></iframe>
2. Tim Cahilliň Gollandlara salan goly.
Elbetde, 1-nji we 2-nji ýeri saýlamak örän kyn boldy. Ýöne şonda hem Cahilliň salan goly şu wagta çenli Dünýä Çempionatyndaky geçirilen iň gowy gollaryň hataryna girmegi başardy.
Ewertonyň öňkü oýunçysynyň goly Gollandlaryň “Ýeňil ýeňiş” pikirlerini ýere gömüpdü. Australiýalylar gol salynmazyndan ozal 30 metrlik pasy berdiler, we bu pasyň addressi “Cahill” boldy.
<iframe width=”560″ height=”315″ src=”//www.youtube.com/embed/PPqc_Yn_r0o?rel=0″ frameborder=”0″ allowfullscreen></iframe>
1. Robin wan Persiniň Ispaniýa salan goly.
Ýene-de birnäçe ýyldan şu ýylyň Dünýä Çempionatynyň gollaryny görkezilende ilkinji bolup kimiň goly görkeziler öýdýäňiz? Robin wan Persiniňki. Bu gol Robin wan Persiniň mundan beýläk Dünýä Çempionatlarynyň iň gowy 100 goly diýiliň görkeziljek gollaryň arasynda adyny galdyrmagyna kömek etdi. Bu gol “Tiki-taka” erasynyň gutaryşy boldy.
Ispaniýanyň oýuny 1-0 bilen başlamagy Gollandlaryň bar planlaryny bozana meňzeýärdi, emma bir “Gudrat” bolup geçdi. Danny Blind öz ýarym meýdançasyndan çykan badyna başyňy aýlaýan urgy etdi, we bu urgy hem garşydaşyň derwezesine ylgap barýan wan Persini tapdy. Gollandlaryň hüjümçisi 2 sany Ispan goragçylaryň arasyndan saýlanyp, Tans-Balet oýnaýan şekilde kelle urgusy bilen Çempionatda şu güne çenli salynan iň owadan gola öz adyny ýazdyrdy.
Söz däl-de göz gerek bu goly görmek üçin.
<iframe width=”560″ height=”315″ src=”//www.youtube.com/embed/ePM4D3INmDI?rel=0″ frameborder=”0″ allowfullscreen></iframe>
Eger-de siziň pikiriňizçe başga gollar has owadan bolan bolsa, onda biz bilen teswir hökmünde paýlaşyp bilersiňiz.
The post Dünýä Çempionatynyň gruppadaky oýunlarynda geçirilen iň owadan gollar appeared first on Janköýer.
http://www.jankoyer.com/archives/2801