Ýigidiň gelýänin gördi ol gözel. öňünden ylgaşlap çykmak isledi. Ýigit ýetip geldi gapyň agzyna. Gyz onuň boýnuna bökmek isledi. Ýigit «Salam!» diýip elin uzatdy. Gyz ony goýbermän gysmak isledi. Ýylgyryp stulda oturdy ýigit. Gyz derrew bagryna basmak isledi. Emma welin bu islegleň baryndan Gyzy halas etdi haýa diýlen zat. Ýaşa sen, ýaşa sen, ýaşa sen haýa! Sensiz niçik bordy dünýä diýlen zat? NextTM saytyndan
Gyzy halas etdi haýa diýlen zat.
-
messibet
10 years ago
- Gowy goşgy. K. Gurbannepesow bolmaly awtory. Akmuhammet Hanow (wiýýý, häkkeý, Hanow diýäýipdirin! Indi tamadalara käýýeşi ýaly maňa-da käýýär)
Ýalňyşypdyryn Akmuhammet Saparow aýdymyny hem aýdýady.
"Akmuhammet Kakadan Aşgabada geleli bäri Saparowdyr. 1400 aýdymym bar, hiçisinem fonogramma göýneremok, ýatdan aýdýan, ýatdan!" Akyş Saparowyň sözi.
messibet 10 years ago- Nähili boljagyny bilmek üçin şu wagt-a Ýewropa, Amerika taraplara seredäýmeli