Ne parhy bar meniň ýatan ýerimiň, Daşa çykyp bilmeseň, gezip bilmesem. Ne peýda bar islämde-de ölümi, Ajaly gujaklap ölüp bilmesem. Ne peýda bar uçup giden bürgütden, Penjesinde alyp gitmese meni. Nädeýin men gargalaryň şalygyn, Öwrenip bilmesem olaň dilini. Ne peýda bar maňa biwepa ýardan, Bir nadan oguldan, gadyrsyz gyzdan. Çat açan ýüregim ýeriň üstünde, Gitmek islän wagty ýaz bilen güýzden. Nädeýin men gök agaçlaň saýasyn, Uzaklardan maňa ýat Gün görünýär. Penjräň öňünde akja kebelek, Pelpelläpler, iki ýana urunýar. Bu jahanda ýalňyz syrdaşym meniň, Kebelejik, deň sen dünýä malyna. Sen-ä meň halyma dözmän urunýaň, Men bolsa aglaýan seniň halyňa.
Annasoltan Kekilowa "Akja kebelege ýüzlenme"
-
EdgarPo
10 years ago
- ***
Jebir gördüm bu diwardan aňyrda,
Zulum gördüm bu diwardan aňyrda.
Ölüm gördüm bu diwardan aňyrda,
Hapa boldum men bir suwa düşeýin.
***
Tapmasam men bu tokaýdan adalat,
Geregi ýok ol tokaýyň baýlygy.
Şahyryň üstünden häkimlik sürýär,
Maslyk sorýan gargalaryň şalygy.
***
...Diýmen Men ýeke.
Meň bilen söýgim.
Ölýär göz gyzdyrman
Dünýe malyna.
Rehimsiz ynsanlar,
Az ömrüňizde
Siz gözläp ölýäňiz, dünýe baýlygyn,
Baýlykdan ne peýda.
Rehim bolmasa?..
EdgarPo 10 years ago- ***
Jebir gördüm bu diwardan aňyrda,
Zulum gördüm bu diwardan aňyrda.
Ölüm gördüm bu diwardan aňyrda,
Hapa boldum men bir suwa düşeýin.
***
Tapmasam men bu tokaýdan adalat,
Geregi ýok ol tokaýyň baýlygy.
Şahyryň üstünden häkimlik sürýär,
Maslyk sorýan gargalaryň şalygy.
***
...Diýmen Men ýeke.
Meň bilen söýgim.
Ölýär göz gyzdyrman
Dünýe malyna.
Rehimsiz ynsanlar,
Az ömrüňizde
Siz gözläp ölýäňiz, dünýe baýlygyn,
Baýlykdan ne peýda.
Rehim bolmasa?..