Kagyz berkitmek üçin metaldan ýasalan gysgyjy köpimiz ulanýarys. Biler bolsaňyz, ol häzirki durkuna gelýänça, ep-esli öwrülişikleri başyndan geçiripdir. Kagyzlary biri-birine baglamak XIII asyrda ýüze çykypdyr. Munuň üçin adamlar her kagyzyň ýokarsynyň çep tarapyny dilip, ondan ýüpjagaz geçiripdirler. Şeýle usulda hem kagyzlary berkidipdirler. Sony bilen şol ýüpi mum bilen süpürmek ýoň bo¬lupdyr. Şeýle edilende, ýüp hem-ä berk bolupdyr, hemem gerekli kagyzy dakyp-aýyrmak amatly bolupdyr. 1835-nji ýylda nýu-ýorkly lukman Jon Aýrlend Houi iňňebagjyk öndürýän maşyn oýlap tapypdyr. Iňňebagjyk, elbetde, tikinçiler üçin döredilipdir. Tikinçiler mata bölegini biri-birine çatmazyndan öň, iňňebagjyk bilen berkidipdirler. Ýöne ol iňňebagjyklar kagyzlary berkit¬mek üçin-de giňden peýdalanylypdyr. Öwrümli sim arkaly ýa¬salan skrepkalar bilen kagyz ber-kitmek norwegiýaly oýlap tapyjy Ýohan Waleriň kellesine gelipdir. Ýöne ol skrepkalar biziň häzirki görýänimize meňzeş däl eken. Häzirki skrepkalary ilkinji bolup iňlisleriň «Gem Manufacturing Ltd» kompaniýasy öndürip başlapdyr.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 10 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir