Tikin tikmek 20 müň ýyl mundan öň ýüze çykypdyr diylip çaklanylýar. Şonda adamlar uçly tikenleri iňňe hökmünde ulanypdyrlar. Soňy bilen daşlary ýonup, iňňe ýasapdyrlar. Haýwanlaryň guradylan damarlary sapagyň ýerini tutupdyr. Şeýdip olar bedenlerini örtmek üçin geýim-gejim tikinipdirler. Daşdan ýonulyp ýasalan uçly iňňeler, şeýle-de haýwan süňklerinden edilen iň¬ňeler Günbatar Ýewropanyň we Merkezi Aziýanyň çäklerinde 17 müň ýyl mundan ozal döreýär. Afrikalylar bolsa iňňäniň deregine palma agajynyň ýapragyndaky ýogyn damary ulanypdyrlar. Şonda sapaklar hem ösümlikden alnypdyr. Ilkinji polat iňňeler biziň eýýamymyzdan öňki III müňýyllykda Hytaýda döräpdir. Ýöne iňňeler köpçülikleýin XIV asyrda Germaniýanyň Nýurnberg şäherinde, soňra bolsa Angliýada öndürilip başlapdyr. Mehaniki enjam arkaly ilkinji iňňe 1785-nji ýylda ýasalýar.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 10 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir