Günleriň birinde iki sany agaç çapýançy ussa özara jedel edýär. Jedel boýunça bular ertirden öýläne çenli haýsy biriniň köp agaç çapýandygyny anyklamak isleýärler. Ertir ir bilen bular öz ýerlerine barýarlar. Ilkibada bular birmeňzeş terzde işläp başlaýarlar. Emma bir sagat çemesi wagtdan soňra birinji ussa beýlekisiniň agaç çapmagy bes edendigini eşidýär. Öňe geçmäge mümkinçilik alandygyna begenen ýaňky ussa iki esse artyk yhlas bilen işlemäge başlaýar. On minutdan soň ol ýoldaşynyň ýene-de agaç çapmaga başlandygyny eşidýär. Bular ýene-de birmeňzeş terzde işläp başlaýarlar. Biraz salymdan ýaňky ussa garşydaşynyň ýene-de saklanandygyny eşidýär. Ýaňky ussa bu gezegem begenip, yhlasyny has hem artdyrýar. Şeýdip uzynly gün dowam edýär. Her bir sagatdan soňra ussalaryň biri on minutlyk saklanýar, ikinjisi bolsa saklanman işlemegini dowam edýär. Wagt tamamlanandan soňra hiç saklanman işlän ussa ýeňşiň özünkidigine birjik-de şübhelenmän, göwnühoş halda beýleki ussanyň ýanyna gelýär. Emma ol ýalňyşandygyny tiz aňýar. –– Bu nähili beýle bolýar? Her bir sagatdan on minutlyk işlemegiňi bes edýändigiňi, hut, öz gulaklarym bilen eşidýärdim ahyry. Nädip sen menden köp agaç çapyp bildiň? Bu bolup biljek zat däl! ¬¬–– diýip, ýoldaşy janygypdyr. –– Aslynda bu ýerde çylşyrymly zat ýok. Her bir sagatdan men on minutlyk saklanýardym. Şol wagtyň dowamynda-da paltamy ýiteldýärdim –– diýip ol jogap beripdir.
stevejobs 10 years ago- Dost gowja hekayalay goyyan, berekella!