Entek hat ýazuwyň ýok mahalynda habarlary hem-de wakalary şekilleriň üsti bilen mälim edilýän gadymy döwürde hem ýigit bilen gyzyň arasynda söýgi haty bolupdyr. Alymlar Kolyma raýonynda ýaşaýan ownuk taýpa - ýukagirleriň durmuşyna has bolan, rewolýusiýadan öň bolup geçen üýtgeşik idegrafik ýazuw sistemasynyň üstünden baryp, onuň syrly beýanyny açypdyrlar. ... Köp ýyl mundan öň goýun göz, uzyn gara saçly ýaşajyk ýukagir gyzy söýýän ýigidine hat ýazýar. Ol üns bilen howlukman çyzyk yzyna çyzyk çekip, kä «Ah» urup oturşyna öz edýän işinden özi lezzet alypdyr. Elbetde, bu ýadigärlik ýazuwynyň bir gün alymlaryň eline düşüp, iň bir gymmatly zada öwrüler öýdüp, ol hat-da hyýalyna-da getirmedik bolsa gerek. Pyçak bilen oýulyp, nähilidir bir hili düşünip bolmaýan oklar, çyzyklar, kwadratlar şekillendirilen deri bölegi aradan ençeme ýyllar geçse-de gowy saklanyp galypdyr. Oňa ýüzleý sereden adamlaryň, ýöne bikärlikden çekilen nagyşdyr öýdüp pikir etmekleri-de ähtimaldan daşda däl. Emma, onuň özüne mahsus bolan nämälim bir manyny aňladýan hatdygy baradaky guman alymlaryň ünsüni özüne çekýär. Sibirde ýaşaýanlaryň, ylaýta-da gyzlaryň arasynda şeýle hat ýazmak ýörgünli bolupdyr. Ata - babalarymyzyň urp - adatlaryna görä, gyz maşgala öz söýgüsini ýigide äşgär etmek aýp hasap edilipdir. Şoňa görä-de, bu mümkinçilikden diňe ýigitler peýdalanypdyrlar. Şonuň üçin gyzlar öz duýgularyny äşgär etmegiň gizlin ýollaryny agtarmaga mejbur bolupdyrlar. Gyzlar deri böleklerine dürli şekilleriň kömegi bilen hat ýazyp, wagtal - wagtal geçýän tans agşamalaryna intizarlyk bilen garaşypdyrlar we baýram çagy şeýle hatlary öz söýýän ýigidine gowşurypdyrlar. Ine, biziň öňümizde şeýle täsin hatyň nusgasy dur. Bu haty alan ýigit hem gyzy söýüp, oňa uly hormat goýýan bolsa gerek. Sebäbi, ýigit bu haty gaty aýawly saklapdyr. Hat tä taryhçy - etnografyň eline düşýänçä, ol çagalar, agtyk - çowluk ýaşan öýde uzak wagtlap saklanypdyr. Hatyň syrly jogabyny çöşlemek üçin, ilki bilen ol ýerde ýaşan halkyň urp - adatlaryny, däp - dessurlaryny, durmuş edim - gylymlaryny içgin öwrenip çykmaly bolupdyrlar. «Sen meni taşlap, gidip barýaň. Sen biziň aramyzda böwet bolup duran rus gyzyny söýýäň. Yzly - yzyna perzentleriňiz bolar. Sen olara guwanarsyň. Men bolsa gaýgy - hasrat içinde galaryn. Meni söýýän ýigit bolsa-da, men seni elmydama oýlaryn..» Alym bu hatyň manysyna niçik düşünmegi başardyka? Ondaky her bir belgi, her bir çyzyk neneňsi manyny aňladýarka? Hatyň ýokary bölegindäki egin şekilli iki ýol öýüň belgisidir. Haty ýazanyň öýi beýleki öýden çyzyklaryň aýdyňlygy we çylşyrymlylygy hem-de özüne has bolan nagyşlary bilen tapawutlanýar. Beýleki öýüň gapdal taraplary kem - käsleýin çyzylypdyr. Öý içinde teswiri berilen kişiniň bu öýden gidip galanlygyny aňladýar. Erkek kişi ok ýaýa çalymdaş belgi bilen sypatlandyrylypdyr. Aýal maşgala-da edil şolar ýaly belgi bilen teswirlenipdir. Emma, oňa biraz inliräk görnüş berilipdir. Sebäbi, zenan maşgalalaryň bilinden aşagy ýogynyrak bolýar. Rus gyzy ( юbkada) kelte köýnekde sypatlandyrylypdyr. Onuň çep ýanyndaky iki «Naýzajyk» çagalarynyň teswiridir. Gyz gama batypdyr. Şertli belginiň ýokarky böleginde bir - birini kesip geçen ýollar şony aňladýar. Gyzyň şekili bilen ýigidiň şekilini parallel utgaşdyrýan çyzyklar gyzyň kimiň yşk odunda ýanýanlygyny görkezýär. Rus gyzynyň depesinden uzap gaýdýan içinde iki sany diagonali bolan dogry burçy kesip geçýän çyzyk ýigit bilen gyzyň arasyndaky böwedi aňladýar. Gyzy teswirleýän şekiliň ýokarsyndaky bulut görnüşdäki tolkunlar onuň bütin oý - hyýalynyň ýigitdeliginden habar berýär. Suratyň sag tarapynda ýene bir erkek kişiniň şekili tenha dur. Bu şekiliň ujundan hem gyza tarap gönükdirilen edil ýokarky ýaly tolkunlar bar bolsa-da, emma gyzyň oňa göwni ýok. Peýdalanylan edebiýat: Wiktor Semýonowiç Draçuk, Dorogami tysýaçiletiý.-M.: Mol. Gwardiýa, 1976.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 10 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir