Ýewropaly meşhur etnograf P.Lipton täze ýazuwy ýüze çykararyn öýdüp hyýalyna-da getirmändir. Ony Afrika halklarynyň durmuşy we urp-adatlary gyzyklandyrýardy. Onuň asyryň başynda bütin Demirgazyk Amerika boýlap syýahata çykmakdan esasy maksady hem şondan ybaratdy. Emma, garaşylmadyk waka ýüze çykýar. P.Lipton bisitinleriň(basutalaryň) obasynda ýaşýar. Bisitinleriň reňbe-reň bezelen ýaşaýyş jaýlary ýewropalylarda uly täsir galdyrýar. Bu ýerdäki öýler zuluslaryň çybyk-hadalardan we otlardan gurulan tegelegiräk külbelerine-de, burlaryň görkli, owadan öýlerine-de meňzemezdi. Bisitinleriň öýleriniň diwarlary, reňbe - reň owadan nahyşlar bilen bezelipdir. Öý bikeleriniň diwarlardaky nagyşlary ýaltanman syryp - süpürip tämiz saklaýşy syýahatçylary geň galdyrypdyr. Şonuň üçin diwaryň ýekeje ýerinde reňkiň öçen ýa-da gopup gaçan ýerine gözüň düşjek gumanyň ýokdy. Ýene bir bellemeli zat, ol-da bolsa bisitin nagyşlary biri - birine asla meňzemezdi. Her öýüň özüne mahsus bolan nagyş - bezegleri bardy. Emma, P. Liptony başga ýagdaý ýagny olaryň daýy - daýzalaryny, ýegenlerini nähili atlandyryşlary we kowumdaky garyndaşlyk gatnaşyklary, bu ýerdäki nika toýlarynyň kadalary hem-de şolar ýaly meseleler gyzyklandyrypdyr. Ol şu maksatda, ol külbeden bu külbä ylgap adamalar bilen uzak wagtlap söhbetleşse-de kän bir netije bermezdi. Ak tenlileriň olaryň garyndaşlyk gatnaşyklary bilen gyzyklanmagy ýerli ilatynda müňkürlik döredýärdi. Dogrusy, maşgala başçysy hem kän gürlemegi halamaýan, turbany tütedip oturardy. Emma onuň başdaş aýaly sada, dilewar, göwniaçyk zenan eken.Ol alyma anyk düşünje berdi. Söhbet wagtynda hojaýynyň beýleki kiçi aýallary hem jem bolup, olaryň gürrüňlerini üns berip diňleýärdiler. Uly aýal oturan aýallaryň kä ol birini, kä beýlekisini görkezip: - Ine bu aýalyň ogly ol aýalyň oglundan dört gün öň doguldy. Şonuň üçin ol özünden soň doglan çaga “skoli” diýip, ol bolsa özünden uly çaga (agasyna) ”kswana” diýip ýüzlenýär - diýenden kiçi aýal: - Nädogry, gaýtam meniň oglum uly bolmaly - diýdi. Olaryň arasyndaky jedel gyzyşdy. Olaryň jedeline geplemezek hojaýyn hem goşuldy.Ol hiç zat diýmezden ähli aýallaryny howla alyp çykdy we barmagy bilen diwaryň ýüzündäki nagyşlary boýlap, kä säginip aýtjak sözüne aýgytlylyk berip uly aýalyna bir zatlary düşündirdi. Ahyry, maşgala başlygy epilen nagyşlaryň biriniň epilen ýerini barmagy bilen dürtüp, ynam bilen, jedeli ilki başlan aýalyny görkezip: - Hawa, onuňky uly - diýdi. Etnograf gaty geň galdy. Onuň gabat garşysyndaky diwarda bisitinleriň özülerine has ýazuwy duran eken. Şonuň üçin-de öý bikeleri onuň üstüni owadan nagyşlar ýagny «täzelikler» bilen ýetirip, diwarlardaky nagyşlary gözleriniň göreji ýaly gorap saklaýan ekenler. Her bir öýüň diwarlaryndaky nagyşlaryň biri - birine meňzemeýänligiň asyl sebäbi, diwar maşgala arhiwi eken. P.Lipton haýyş edip nagyşlardan nusga göçürdigiçe ondan hiruç aldy... Öý eýeleri ilki bilen ak tenlä bu zatlaryň näme üçin gerekligine düşünmediler. Soňra özleri üçin aňsat düşnükli bolan bu “sada” ýazuwa alymyň bilmeýänligine geň galdylar. Şondan soňra hojaýyn ýazuwlary düşündirip başlady. Nagyşlaryň her bir detaly mälim mana eýe bolup, bütin bir jümle hasaplanýar eken. “Ogul doguldy” -ondan soň gün, aý, ýyl, bellige alynypdyr. “Mal satyn aldym” - haçan, kimden we näçä satyn alynanlygy görkezilipdir. “Oba ak tenli geldi”, “Ýangyn döredi...”, “Agamyň uly gyzy wepat boldy”, ” Orda başlygy gaýta saýlandy”... Hojaýyn olary okap berýärkä bisitin obasynyň ýaşaýyş - durmuşy alymyň göz öňünde janlanyp başlady. P.Lipton dilçi däldi. Onuň şoňa garamazdan ylmy žurnallaryň birinde bisitinleriň ajaýyp ýazuw ýadigärligi baradaky makalasy çap edildi. Beýle etmek bilen etnograf bu ýazuw ýadigärligini haýal etmän öwrenmegiň zerurlygyna dilçi alymlaryň ünsüni çekdi. Gynansak-da dilçiler P.Liptonyň makalasyna aýny wagtda üns bermediler. Aradan onlarça ýyllar geçensoň, bu makala üns berip başladylar. Hünärmenler P.Liptonyň birmahallar agzap geçen Demirgazyk Amerika ýurtlaryna gitdiler. Emma olara, ol ýerde alymlaryň ähli umytlaryny puç edýän hakykat garaşýardy. Bisitinleriň öýleri öňküler deýin owadan nagyşlar bilen bezelen bolsa-da, ol nagyşlar her öýde her hili däl-de ähli jaýlarda birmeňzeş şekilde bezelendi. Çünki, asyrymyzyň başynda bolsa gerek P.Liptonyň demirgazyk Amerika eden syýahatyndan soňra , aradan köp wagt geçmän bisitinler harply ýazuwyny - sisuto (latyn elipbiýi esasynda) döredipdirler. Mekdepler açylyp, olarda täze ýazuw we iňlis dili öwrenilip başlapdyr. Demirgazyk Amerikada bisitin halky iň bir sowatly halk saýylýar. Nagyşlardan ybarat bolan ilkibaşky harplar bolsa gereksiz hasaplanyp unudylypdyr. Iňlis we sisuta dilini öwrenen ýetmiş ýaşly garrylar hem bu babatda kömek edip bilmeýärler. Täze jaý guran bisitinliler onuň diwarlaryny maşgala arhiwiniň aňladýan mansyna düşünmän ata - babalaryň nagyşlarynyň üstüni ýene-de owadan nagyşlar bilen ýetiripdirler. Şeýlelikde, nagyşlardan ybarat bolan köne ýazuw ýadigärligi ýok bolup ýitip gidýär. Halkyň durmuşyndan tutuş bir döwür gaýyp bolýar. Bütin älem ýoga çykýar. Bisitinleriň nagyşlaryň mazmunyny okap düşünýän, ony ”dikeldip biljek”, häzirlikçe bize syryny açmaýan bu ajaýyp nagyşlary” dillendirip” biljek adam tapylarmyka? Yşkybazlaryň tapylmagy mümkin. Halka onuň taryhyny, ötmüşini, terjimehalyny gaýtarmak üçin şolar ýaly adamalaryň tapylmagy zerur. Bisitin nagyşlaryndan ybarat ýazuwsyz jahan medeniýeti nähilidir bir garyp, göýä diýersiň owadan gül ýetmezçilik edýän güldessesine çalymdaş bolup görünmegi ikuçsyz. Ynsan taryhy jogapsyz tapmaça (ylaýtada ýakyn ötmüşdäki tapmaça) ýaly ejiz bolup görünýär. Bisitin ýazuwlarynyň syryny äşgär etmak bilen biz başga-da syrly ýazuwlary, belgileri we nagyşlary okamak mümkinçiligine eýe boljaklygymyz gürrüňsiz.