Тüркменистанда halkymyzyň köpasyrlyk milli medeni, edebi we taryhy mirasyny dikeltmekde, çeper sözüň üsti bilen halk döredijiliginiň dürdänelerini dünýä ýaýmakda milli edebiýatymyzyň taryhynda öçmejek yz goýan akyldar şahyrlarymyzyň hormaty belentde tutulýar. Юрдымызда бahasyna ýetip bolmajak nusgawy eserleri, edebi gymmatlyklary döreden akyldarlarymyzyň atlaryny şöhratlandyryp, olaryň tutuş ömri we döredijiligine bagyşlap, ýygy-ýygydan halkara maslahatlary geçirmek bilen, olarda türkmen alymlaryna we ylym bilen meşgullanýanlara daşary ýurt alymlary bilen ýakyndan pikir alyşmaga hem-de tejribelerini paýlaşmaga giň mümkinçilikler, oňaýly şertler döredýär. Şolaryň biri-de, dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren, türkmen çeper söz sungatyny baýlaşdyrmakda we ösdürmekde uly hyzmatlary bitiren, beýik söz ussady, filosofy Magtymguly Pyragydyr. «Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygyny belläp geçmek hakyndaky» karar diňe bir türkmen halky tarapyndan däl-de, eýsem şahyryň goşgularyny söýüp okaýan ähli halkyýetler tarapyndan, beýik söz ussadynyň ömri we döredijiligini düýpli öwrenýan, wagyz-nesihat edýan magtymgulyşynaslar tarapyndan hem gyzgyn garşylandy. Beslenip göwün paslyna, Jöwher pähmiňe seslene Buýsanyp beýik aslyna, Şanyňa toý tutýar halkyň. Akyl söze kalbyn çoýup, Şygyrlaryň jandan söýüp , Şahyryna hormat goýup, Şanyňa toý tutýar halkyň. Uzaklara nazar aýlap, Şygyrýetiň günün toýlap , Parasada sežde eýläp, Şanyňa toý tutýar halkyň. Dür sözlerden goşgy dokap, Sarpaňy belentde saklap , Arkadaga alkyş okap, Şanyňa toý tutýar halkyň. Magtymguly Pyragy türkmeniň sözlär tili. Şahyryň baý söz mülki bar. Ol mülk giňişliginde kalp gözelligi we birek-birege bolan hoşniýetlilik bar. Oňa düşünmek üçin gaty kän kitaplaryň gatyny açyp, aňasty pikir ýumagyny çöşlemeli bolýar. Magtymguly diňe bir öz döwrüniň gäl, ähli döwürleriň, ähli köňülleriň, göwünleriň ýürek owazy, kalp beýany. Şahyr: «Kelamda gördügin sözlär tilimiz» diýýär. Şahyryň bellemegine görä, Kelamyllada gören sözleri segsen müň sözden durýar. Bu pikiri: «Okatdylar, hak sözledim sözümi, segsen müň kelamy beýan diýdiler» - diýen setirler bilen ýene-de berkidýär. Aslynda şahyrlar ynsan kalbynyň çeper bezegçileri. Olar söz lybasyny hem biçýärler hem-de tikýärler. Bu işiň hötdesinden gelmek üçin, olar ilki bilen ähli köňüllere, ähli ýüreklere hoş geläýjek söz lybasynyň ýerligini saýlap alýarlar. Ölçäp, çeйnäp, ýene-de telim ýola garyşlap, artyk ýa-da kem ýeri bolsa kössüni goýman taraşlap, ondan soňra ony yhlas gaýçysynda biçip, akyl sapagynda pugtalap çykýarlar. Soňra gözellik duýgulary bilen bezegini ýetirýärler. Dürli reňkde öwşün atýan düzüm - düzüm söz monjugy bilen kalp nagyşyny çekýärler. Nepislik bilen keşdelenen nagyşlary birkemsiz jähekläp çykýarlar. Birbada ähli adamlara ylaýyk geläýjek söz lybasyny tikäýmek aňsat iş däl. Ol ägirt uly zähmeti, yhlasy ýiti zehini talap edýär. Halkyň göwün islegine gönükdirtilen kalp lybasy, kalby bezeýär. Onuň ýaraşygy, gözelligi özboluşly hem-de üýtgeşik bolýar. Beýle lybasyň muşdaklary-da, hyrydary-da gaty kän bolýar. Gönezligi pähim - paýhasdan , ýerligi gözel duýgulardan, ýiti zehine eýlenen keşdeleri halkyň ýürek urgusyndan birkemsiz sünnälenip bejerilen kalp lybasynyň owadanlygy islendik adamyň melul nazaryny özünde eglejekdigine şek-şübhe bolup bilmez. Adatça, gözel zatlarda ynsan nazary eglengiç bolýar. Şonuň üçin-de, kalbyny gözel duýgulardan dolduran adamlar bolsa, nirede bolsalara-da, olar ähli ýerde görkana, nurana, paýhasly mertebeli görünýärler. Akyldar şahyryň baldan-da süýji şygyrýet şalygy bar. Ony dadanlaryň akyldan berk saglygy bar. Paýhasdan ýükli baýlygy bar. Jemgyýetde özüňi alyp barmagyň adamzat ahlagynyň iň ajaýyp häsiýetlerini özünde jemleýän söz lybasy bar. Şol söz lybasyndan kalp eşigini edinmek, her kimiň mynasyplyk serpaýy, toý serpaýy bolsun!