Türkmen nusgawy edebiýatynyň beýik halypasy akyldar-şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy öz döwründen bäri köp alymlaryň ünsüni özüne çekip gelýär. Onuň ajaýyp çeper we çuň manyly goşgulary uludan-kiçi hemmäniň kalbynda mynasyp orun alypdyr. Ylaýta-da häzirki zamanda, bütin dünýä türkmenleriň milli aň-düşünjesiniň oýanýan mahalynda onuň edebi mirasy has möhüm ähmiýete eýe bolýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe şahyryň mirasyna berilýän üns, onuň adyny ebedileşdirmek, eserlerini hemmetaraplaýyn öwrenmek we neşir etmek ugrunda geçirilýän dürli çäreler munuň açyk şaýadydyr. Magtymguly Pyragy türkmen edebiýatynyň şamçyragy bolup, döwürdeş we özünden soňra dörän nusgawy zehinlere ýörelmeli ýoly salgy beripdir. Ol ýol halkylygyň, milliligiň, watansöýüjiligiň, mertligiň ýoly. Magtymguly bütin ömürboýy iline-halkyna hyzmat edipdir, ähli ukybyny, başarnygyny, zehinini şoňa bagyşlapdyr. Şahyr hemişe Watan hakyndaky oý-pikirler bilen ýaşapdyr. Watansyz, il-günsüz ýaşaýyş onuň asla ýadyna-oýuna düşmändir.Muňa şahyryň «Gözel ilim,sen diýip sökerem ýollar», «Saba turup, watan , seni çaglar men». Watana bolan çäksiz söýgi, uly buýsanç Magtymgulynyň döredijiliginde belent owaz bolup ýaňlanýar. Ol şygyrlarynda il-ýurdunyň abadançylygyny, bagtly, gözel, durmuşda ýaşamagyny ýurt berkararlygyny, “ýaýlalarynyň reňbe-reň gül açyp, ýurt binasynyň gaýym gurulmagyny” arzuwlapdyr. «Hak sylamyş bardyr onuň saýasy, Çyrpynşar çölünde neri , maýasy, Reňbe-reň gül açar ýaşyl ýaýlasy, Gark bolmuş reýhana çöli türkmeniň». Şahyryň şygyrlary özünden soňky nesillere terbiýeçilik mekdebidir. Ol ýaşlary döwrebap terbiýelemekde ilkinji nobatda il-halkyň , Watanyň bähbidi göz öňünde tutulmalydyr, olar öz ýurduna, halkyna peýda getirmelidir diýip ündäpdir. «Goç ýigide toýdur-baýram , Her iş gelse il biläni» diýen dana sözlere uýup, Watany söýmegi, onuň gadyr-gymmatyny bilmegi, ony gözüň göreji ýaly goramagy şygyrlarynda beýan edipdir. Türkmende «Könesi bolmadygyň täzesi bolmaz» diýen nakyl bar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe geçmişde öçmejek yz galdyran şahsyýetlerimiziň sarpasy belentden tutulýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň milli we ruhy mirasyny ylmy esasda öwrenmekde we dünýä ýaýmakda tutumly işler edilýär. Alymlara, şahyrlara bagyşlanyp, halkara ylmy maslahatlar geçirilýär, olaryň eserleri dürli dillere terjime edilýär. Ýakynda dünýä edebiýatyna gymmatly edebi mirasy peşgeş beren akyldar Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllyk ýubileýi bellenip geçiler. Bu bolsa Şahyra goýulýan belent sarpadan nyşandyr.