Tűrkmen halkynyň öňdengörűjilik , pähim-parasatlylyk, örän inçelik bilen işläp dűzen däp- dessurlary, özboluşly edep kadalary, adamzat ahlagynyň iň ajaýyp häsiýetlerini terbiýeläp ösdűrýän özboluşly ýaşaýyş durmuş ýörelgeleri bar. Оларыň манысыны тирип отурсаň, тűркменлериň рухуныň, дűшűнjесиниň, ынамыныň, durmuş эдим-гылымыныň nusgalyk bolanlygyna гöз йетирйäрсиň. Тűркменлердäки гелналыjы дессурыныň кадаларыныň ярпысына голайы ýagny “ гапы тутмак”, “сечги сечмек”, “ёл тутмак”, “докуз хакы”, “кеjебе хакы”, “ujaguýruk” ялы кадалар диňе ырым -ynanç, ýagşy niýet эсасында дорäпдир. Халкымызыň адаты,"дäп-дессурлары üммüлмез тиň умман, аjайып-медени мирасдыр. Оны долулыгына дикелтмек, билмек, башардыгыňдан берjай этмек хем-де гелjек несиллере-де гечирмек üчин яшлара öвретмек jуда зерурдыр. Halkymyz tarapyndan şu günler hem berjaý edilip gelinýän ujaguýruk dessury hakynda kelam agyz. Ujaguýruk esasan gelin toýlarynda iki gudanyň arasyndaky kada bolup, ol datly tagamlary alyşmak dessurlarynyň biridir. Adatça, toý başlananda toý bilen baglanyşykly soýulýan mallaryň döşi hem-de ujasy bilen guýruk ýagy gudalara goýberilipdir. Kä halatlarda ujaguýrugyň ornuna ýörite semiz goýunlar soýulyp, onuň derisi aýyrylyp, arassalanyp, böleklere bölűnmän şol durşuna tutuşlygyna iberilýän ýagdaýlary hem bolupdyr. Ujaguýruk dessury gudalar toýa özara ylalaşyp, duz dadyşmak dessury geçenden soňra iki tarapda hem bolýan dabaralarda birek-birege ugradylypdyr. Öýlenýän ýigit tarapda toýa çenli haýsydyr başga bir toý märeke ýa-da gurbanlyk sebäpli soýulan malyň ujasy, guýrugy hem-de döşi guda tarapa gadyrly gatnaşyk, ýagny guda paý, dadymlyk hormat hökműnde iberilipdir. Toýa çenli gyz berýän tarap guda tarapyň tutýan dabaralaryna gatnaşmandyr. Şonuň üçin hem ýigidiň enesi-atasy, has takygy öýlenýän ýigit tarapy, gyz tarapa geljekкi gelinliklerine hem-de gudalaryna paý hökmünde öz geçirýän dabaralarynda soýýan mallarynyň iň datly ýeri hökműnde döşűni hem-de ujasyny olara çig et göгнüşinde ugradypdyrlar. Toý dabaralary başlanandan soňra gudalaryň arasynda ujaguýruk dessury amala aşyrylýar. Ýigit tarapdan ujaguýruk kadalaray berjäý edilenden soňra, öz gezeginde gyz tarap hem toý üçin soýan malynyň döşűni, guýrugyny hem-de uja etini ýigit tarapa ugradýar. Gelin alma toýlarynda hem-de gyz çykýan toý dabaralarynda toýuň öňküsi güni ýa-da toý güni guda tarapdan gelen döş hem-de ujaguýruk uly gazanlarda bişirilýär. Bişirilen etler maýda-maýda , ownujak böleklere bölűnip toý űçin bişen çelpekden iki gabat çelpegiň arasyna salynyp, bir bölek eti çelpegiň arasyna dolap toý dabarasyna gatnaşýanlara guda tarapdan gelen ujaguýuk diýip, uly buýsanç bilen paýlamak dessury bolupdyr. Bu dessur geçen asyrda-da belli bir derejede dowam etdi. Ýöne, biziň günlerimizde toý dabaralarynyň has haşamly, dabaraly geçirilýänligi üçin ol belli bir derejede başga görnűşe eýe boldy. Şu gűnki toý dabaralarynda et dolanan çelpege derek, çelpegi hem-de eti aýry-aýrylykda, bölek tabaklarda myhmanlaryň öňűne goýup dadyrmak görnűşinde berjaý edilýär. Ujaguýruk dessury iki tarapyň, iki gudanyň ýigit hem-de gyz tarapyň täze gatnaşyklarynda datly tagamlar bilen gatnaşmak dessurynyň başy hökműnde alamatlanýar. Onuň birek-biregiň göwnüni almak, gadyrly gatnaşyklara ýol açmak diýen ýaly manylary bar. Ujaguýruk geçmişde biziň halkymyzyň öz milli däp-dessurlarynyň biri hökműnde döräpdir. Biziň zamanamyzda guda gatnaşyklary , indi diňe bir ujaguýruk, döş etleri bilen däl - de, täze döwrűň keşbinde, bagtyýar zamanamyza mahsus bolan, täzeçe röwüşde has datly nygmatlar, dűrli görnűşli süýjülikler, has datly tagamlar bilen giň many mazmunda dowam edýär. NextTM.com saytdan çap edildi