Tebigy bejerişi we kanagatlanarly daşky howa şertleri, bedene oňaýly täsir edýän faktorlary özünde jemleýän ýerlere şypajaýlar diýilýär. Şypajaýlarynyň wezipesiniň bir bölegi tebigy sagaldyjylyk güýjüni ulanyp, keseli duýdurmak we pessaýlamak bolup durýar. Şypajaýlarda dynç alýanlar esasy bejeriş faktorlarynyň täsirinden başgada adaty durmuş şertleriniň çalyşmagy, düzgünler, täze duýgular, daşky görnüş we başgalar dynç alýanlaryň saglygyna az täsir etmeýär. Bedeniň durmuş dowamlylygyna daşky howa şertleri uly täsir edýär. Beýik Sowet fiziology I. P. Pawlowyň ajaýyp taglymatynda, fiziologik ýagdaýda beden üçin daşky howa şertleriniň orny we wezipesi şöhlelenýär.Bedeniň durmuş dowamlylygy üçin daşky we içki dünýäň aýrylmaz baglanşygy Pawlowyň esasy işidir.Bedeniň daşky sreda uýgunlaşmasy refleksiýa mahsus bolan, şertli reflektor işiň döremegi bilen amala aşýar. Beden daşky faktorlary kelle beýniniň daşky gabygynyň üsti bilen üznüksiz ýagdaýda kabul etmegi bilen syzýar. I. P. Pawlowuň taglymaty lukmançylyk işleriniň materialistik esasyny açdy we geljekki ösüşiniň mümkinçiliklerini ilerletdi. Häzirki şypajaýlar daşky sredanyň adam bedeniniň durmuş dowamlylygy üçin uly wezipä eýedigini gözeňine tutup, zähmetkeşleriň saglygyny berkitmek üçin daşky ýaramly şertleri döretmekde bar bolan mümkinçilikleri ulanýar . Türkmenistan ymgyr gory bolan, bolneologik-şypajaýlaryna baý. Olaryň arasynda ajaýyp mineral çeşmeler, ýokary hilli palçyklar,oňat klimatiki stansiýalar we başga ýaramly faktorlar bar. Şypajaýlaryň ol ýa-da beýleki bejeriş faktorlarynyň agdyklygy ýa oňa mätäçligi boýunça şu aşakdakylar tapawutlandyrylýar: 1 Dürli görnüşli wannalary, içmeklige niýetlenilen esasy bejeriş faktory mineral suwy bolan –Bolneologik şypajaýlar. 2 Bejergi üçin torf ýa-da laý (gyrmançaly) palçyklary ulanýan- Palçykly kurortlar. 3 Bejergi faktory howa bolan –Klimatiki şypajaýlar. Aram belentlikdäki-deňiz derejesinden 400-den 1000 m belentlikde ; dag belentligindäki-deňiz derejesinden 1000-den 2500m belentlikdäki şypa jaýlardan deňiz derejesinden pes, deňiz derejesinde we deňiz derejesinden az belentlikde bolan, oý etraplarda ýerleşýän klimatik şypajaýlar tapawutlanýar. Ýokarda sanalanlar bilen bir hatarda garyşyk görnüşdäki, meselem: içmäge ýaramly we bolneologik, bolne-içmäge ýaramly, bolneo- klimatiki, klimo-bolneologik we başga şypajaýlar bar. Arassa klimatik şypajaýlarda esasy bejeriş faktor bolup, howa hyzmat edýär. Mineral suw, palçyk we başgalar esasy bejergi faktory bolan, garyşyk görnüşdäki şypajaýlaryň umumy bejeriş toplumynyň bejeriş faktorynyň esasy şerti-klimoterapiýadyr. Şol sebäpli hem syrkawy şypajaýa ýollananda analogik şypajaýlaryň hataryndan klimatik şerti şol syrkaw üçin has ýaramlysy saýlanýar.

Köneler, TDUgulya tarapyndan 10 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir